Türkmen paýtagtynda bolýan BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň syýasat meseleleri boýunça uly işgäri jenap Tomas Lançeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde we Oba hojalyk ministrliginde kabul edildi.
Duşuşygyň barşynda myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli milli maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, dünýäniň ähli döwletleri we esasy halkara guramalary, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG we onuň esasy edaralary bilen däbe öwrülen netijeli hyzmatdaşlygyň ýagdaýy hem-de ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol edaralar bilen bilelikde dürli ugurlarda möhüm taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gepleşikleri giňeltmäge bolan özara gyzyklanmanyň esasynda ösýändigini kanagatlanmak bilen nygtap, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Pikir alyşmagyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygy dowam etmäge islegiň bardygy beýan edildi we geljekki gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň /FAO/ wekilleriniň saparynyň maksatnamasynda Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, Tebigaty goramak ministrliginde, Suw hojalyk ministrliginde, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.