Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” atly on günlük okuw maksatnamasy öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara ummanlar instituty (IOI) bilen bilelikde guraldy. Okuw maslahatyna Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň, beýleki tebigaty goraýyş düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, şeýle hem daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatçylar we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
Okuw maslahatynyň maksatnamasy dünýä ykdysadyýetiniň täze nusgasyny döretmek ýaly halkara gün tertibiniň möhüm ugruna degişli meseleleri öz içine alýar. Ol döwletleriň durnukly ykdysady ösüşini adamlaryň rowaçlygynyň we abadançylygynyň durmuş we ekologik ugurlary bilen kadalaşdyrar. Bu meseläniň möhümligi, şol sanda Hazarýaka ýurtlary üçin wajyplygy häzir tutuş dünýäde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ählumumy maksatlary we dünýä ösüşiniň wezipelerini kesgitlejek Milli geňeşmeleriň geçirilýändigi bilen şertlendirilendir. Meýletin ýurtlaryň hatarynda häzir dünýä döwletleriniň 60-dan gowragy bolup, olaryň hataryna Türkmenistan hem girýär.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi häzir dünýä halklarynyň “Ýer – biziň umumy öýümiz, biz ony adamzadyň geljeginiň bähbidine täze nesiller üçin aýawly saklamalydyrys” diýen düşünjesi netijesinde aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Iň iri içerki, dünýä ummanyndan aýrybaşga, dürli ösümlik we haýwanat dünýäsine eýe bolan täsin tebigy toplum hasaplanýan Hazar deňzi aýratyn üns berilmegini talap edýär.
Ýewraziýa yklymy boýunça geçýän deňiz, howa, awtomobil ýollarynyň, halkara ulag geçelgeleriniň çatrygynda amatly ýerde ýerleşmegi, baý nebitgaz, balyk we beýleki tebigy serişdeleri, jana şypaly howa şertleri Hazar sebitini çalt depginler bilen ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürdi. Oňa dünýä ykdysadyýetinde möhüm orun berilýär. Şonuň bilen birlikde, senagatlaşdyrmak işi adamyň hojalyk işleri bilen bagly bolan we serhetüsti häsiýetine eýe bolan tehnogen ekologik meselelerini döredýär. Bu tebigy ýagdaýlar Hazar deňziniň we onuň kenarýaka çäkleriniň ekologik ulgamyna örän ýaramaz täsir edýär.
Şundan ugur almak bilen, daşky gurşawy goramak we tebigatdan netijeli peýdalanmak meselelerine Hazarýaka döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň özeni hökmünde garalýar. Sebitiň ýurtlarynda giň gerimli döwlet ekologik maksatnamalary amala aşyrylýar, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji guramalaryň işleri utgaşdyrylýar, degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygy alnyp barylýar.
Dünýä bileleşigini tolgundyrýan möhüm wezipeleriň we meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda Türkmenistan uly orun eýeleýär. Dünýäniň beýleki döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklar meselelerine täzeçil we jogapkärli çemeleşmek bilen, biziň ýurdumyz ählumumy durnukly ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek işine önjeýli goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde, geçen ýylyň iýun aýynda Rio-de Žaneýroda (Braziliýa Federatiw Respublikasy) geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitlerinde, beýleki iri forumlarda beýan eden başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Gürrüň, hususan-da, türkmen Lideriniň Hazar ekologik forumyna hemişelik hereket edýän halkara guramasynyň derejesini bermek ýaly dünýä bileleşiginiň oňyn seslenmesine eýe bolan netijeli teklipleri hakynda barýar. Bu gurama Hazar sebitinde daşky gurşawy goramak meselelerine garamak hem-de degişli teklipleri we maslahatlary işläp taýýarlamak, şeýle hem BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmek, Araly halas etmegiň ýörite maksatnamasyny iläp düzmek üçin binýat bolar.
Hazary ekologik taýdan goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmek Türkmenistanyň tebigaty goramak boýunça strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara topary döredildi. Onuň düzümine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Tebigaty goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, Balyk hojalygy döwlet komitetiniň, Döwlet serhet gullugynyň, käbir pudaklaýyn ylmy-barlag institutlaryň we beýlekileriň wekilleri girýär.
Pudagara toparyň ygtyýaryna Hazar sebitinde amala aşyrylýan ähli hojalyk işlerini utgaşdyrmak, bu ýerde amala aşyrylýan durmuş-ykdysady taslamalara bilermenler bahasyny bermek, tebigy serişdeleri özleşdirmek, gämi gatnawlary, daşky gurşawy goramak, gidrometeorologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda halkara ylalaşyklarynyň taslamalaryny işläp düzmek hem-de Hazara degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri we maslahatlary taýýarlamak işleri girýär.
Türkmenistanyň Hazar boýunça işleriniň täze Milli meýilanamasynyň taslamasy biziň ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyna we durnukly ösüşe ygrarlylygyny aýdyň tassyklaýar. Bu resminamada senagat desgalary tarapyndan daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga, Hazaryň biologik köpdürlüligini saklamaga, onuň biologik serişdelerini netijeli peýdalanmaga hem-de artdyrmaga gönükdirilen esasy wezipeler we anyk çäreler takyk kesgitlendi. Türkmenistanyň Hazar boýunça işleriniň täze Milli meýilanamasynda kenarýaka zolagyny durnukly ösdürmegi strategik taýdan meýilleşdirmäge, goraghana çäklerini goramaga, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmaga we ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmaga möhüm orun berilýär.
Ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak ekologiýa abadançylygyny saklamaga hemmetaraplaýyn ýardam berýär. “Türkmenistanyň Nebitgaz toplumyny, himiýa senagatyny we balyk hojalygyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasy” munuň bir mysalydyr. Ol soňky ýyllarda açylan täze nebitgaz ýataklaryny, şol sanda Hazaryň deňiz känlerini senagat taýdan özleşdirmek bilen bir hatarda, ýangyç-energetika toplumynyň ähli ugurlarynda daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almaga ýardam berýän häzirki zaman tehnologiýalaryň, innowasion inženerçilik-tehniki çözgütleriň giňden ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegi we abraýly halkara bilermenleriniň netijenamalary boýunça Hazar deňziniň türkmen bölegi ekologiýa taýdan has arassa hasaplanylýar, munuň özi bu babatda yzygiderli hem-de maksada gönükdirilip geçirilýän iş bilen düşündirilýär. Hazaryň kenarýakasynda sebitiň dikeldiş mümkinçiliklerini ulanjak, ony hakyky “Şypahana dürdänesine”, iri halkara syýahatçylyk merkezine öwürjek "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan uly möçberli taslamasy munuň aýdyň beýanydyr. Deňiz ýakasynda gurulýan ähli desgalaryň daşky gurşaw üçin howpsuzlyk talaplaryna hökman laýyk gelmegi onuň esasy düzgünleriniň biridir. Deňiz şypahanasyny bagy bossanlyga öwürmäge, bu ýerde seýilgähleri döretmäge ilkinji derejeli ähmiýet berilýär. Awazany ösdürmegiň geljegi uly meýilnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli syýahatçylyk zolagynda ýokary tehnologiýalaryň esasynda işleýän monitoring ulgamlary oturdylar. Olaryň kömegi bilen howanyň arassalygyna gözegçilik anyk wagt düzgüninde amala aşyrylar.
Häzirki wagtda ähli ýurtlar we halklar tarapyndan uzakmöhletli ösüş maksatlarynyň umumylygyna we olary bileleşip amala aşyrmagy gazanmaga taýýarlyk giň möçberli ykdysady ulgamyň durnuklylygynyň aýgytly şertleri bolup durýar, Halkara ummanlar institutynyň Prezidenti doktor Awni Behnam tarapyndan seminara gatnaşyjylara hödürlenilen “Adamzadyň umumy mirasynyň konsepsiýasy we durnukly ösüş esasynda bolan alternatiw dünýä ykdysadyýetiniň döredilmegi” atly çykyşyň esasy manysy şundan ybaratdyr.
Şunda ykdysady ösüşe, durmuş abadançylygyna we daşky gurşawy goramaga biri-birinden aýra bolmadyk döwlet derejesinde hem, sebitleýin we giň möçberli derejelerde hem üç sany ýagdaý hökmünde garalmalydyr. Munuň özi dünýä bileleşiginiň tagallalaryny syýasy-diplomatiki, maliýe-ykdysady, guramaçylyk hem-de tehniki serişdeleri häzirki döwrüň möhüm meselelerini üstünlikli çözmäge, şol sanda “ýaşyl ykdysadyýete” geçmäge gönükdirilen anyk çözgütleri talap edýär.
Duşuşygyň birinji gününiň barşynda kenarýakasyndaky döwletleriň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirjek we netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin hukuk esasyny döretjek binýatlyk resminama hökmünde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamaga degişli meseleler boýunça gyzyklanylyp pikir alşyldy.
Türkmenistan Hazar sebitinde parahatçylygy, ylalaşygy we durnuklylygy saklamagyň yzygiderli tarapdary bolmak bilen, geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmekde hem-de Hazar meseleleriniň ählisi boýunça goňşy ýurtlaryň öňünde durýan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmekde ähli taraplaryň milli bähbitlerini nazara almagyň hem-de umumy tagallalary birleşdirmegiň esasynda oňyn gatnaşyklar ugrunda çykyş edýär diýlip bellenildi. Hoşniýetli erk-isleg, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we sagdyn pikir halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerinde türkmen döwletiniň garaýşyny kesgitleýän esasy ýörelgelerdir.
Bu ýere ýygnananlar 2002-nji ýylda Aşgabatda, 2007-nji ýylda Tähranda, 2010-njy ýylda Bakuda bolan Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ähli duşuşyklarynyň möhümdigi hakynda söz açyp, olaryň her biriniň Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmegi maksat edinen bilelikdäki tagallalary mundan beýläk-de dowam etdirmekde ähmiýetli tapgyr bolandygyny bellediler.
Gazanylan ylalaşyklaryň netijesinde Hazarýaka ýurtlaryň Prezidentleri tarapyndan resminamalar kabul edildi, şolarda ugurlaryň giň topary boýunça ýakyndan gatnaşyk etmäge degişli esasy ýörelgeler hem-de çemeleşmeler öz beýanyny tapdy. Munuň özi Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparynyň işini işjeňleşdirmegi köp babatda kesgitledi, şol toparyň düzümine Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri girýär.
Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň, şeýle hem 2010-njy ýylyň noýabrynda gol çekilen Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň kabul edilmegi Hazar meselesiniň dürli taraplary boýunça ylalaşylan çözgütleri işläp taýýarlamagyň ýolunda täsirli çäre boldy, şol konwensiýanyň binýadynda häzirki wagtda Hazarda tebigaty goraýyş işi amala aşyrylýar.
Şol resminamalarda beýan edilen halkara-hukuk esasy nebit bilen hapalanmaga getiren ýagdaýlar ýüze çykan halatynda sebitleýin taýýarlyk, netije çykarmak we hyzmatdaşlyk etmek hakynda 2011-nji ýylyň awgustynda gol çekilen teswirnamada ösdürildi. Şeýle hem Tähran konwensiýasynyň taraplarynyň 2012-nji ýylyň dekabrynda Moskwada bolan IV maslahatynda ähli Hazarýaka döwletler tarapyndan Hazar deňzini ýerüsti çeşmelerden we gury ýerde amala aşyrylýan iş netijesinde hapalanmakdan goramak boýunça Teswirnama makullanyldy.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan täze döwletara resminamalaryň taslamalary işlenilip taýýarlanyldy. Mysal üçin, 2012-nji ýylda Aşgabatda bu möhüm ulgamda Hazarýaka ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň netijeli usulyny kemala getirjek Hazar deňziniň biologiki serişdelerini gorap saklamak we netijeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanylan iki sany sebitleýin maslahat boldy. Mundan başga hem Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň zyýanly netijelerini ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasy taýýarlandy. Bu mesele boýunça nobatdaky bäştaraplaýyn gepleşikleri şu ýyl türkmen paýtagtynda geçirmek göz öňünde tutulýar.
2012-nji ýylyň noýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Hazar ekologiýa maslahatynyň ähmiýeti hem nygtalyp geçildi, oňa Hazarýaka ýurtlaryň, şeýle hem BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝNEP), BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň wekiliýetleri gatnaşdylar.
Hususan-da, bu maslahatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň we Halkara ummanlar institutynyň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi, onuň esasy maksady ylmy barlaglary, daşky gurşawy goramak, Hazaryň ekologiýasy babatda bilim we okuw maksatnamalaryny taýýarlamak babatda ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmakdyr.
Şu seminar hem şol Ähtnama laýyklykda geçirilýär, onuň barşynda IOI bilermenleri Hazar deňziniň mysalynda nebitgaz serişdelerini agtarmak hem-de ulanmak, deňiz gurşawyny goramak, gämi gatnawyny düzgünleşdirmek, deňiz söwdasyny ösdürmek, ulaglar, portlar, gämileri bellige almak, balyk tutmak babatda halkara hukuk kadalary bilen tanyşdyryp çykyş edýärler.
Seminaryň maksatnamasyna “Ummanlary dolandyrmak syýasatynyň konsepsiýasy”, “Durnukly ösüşiň ýörelgeleri”, “Kenarýakasyndaky zolagy dolandyrmak”, “Howanyň üýtgemegi”, “Deňziň ykdysadyýeti”, “BILKO we GIS ýöriteleşdirilen programmalaýyn üpjünçiligiň kömegi bilen Hazar we beýleki deňizleriň mysalynda dürli ýagdaýlary bellemek”, “Deňiz giňişliklerini meýilnamalaşdyrmak” we başga meseleler goşuldy. Ýurdumyzyň bilermenleri Türkmenistanyň durmuşa geçirýän milli we halkara maksatnamalaryna hem-de taslamalaryna synlar bilen çykyş ederler.
Seminar 20-nji martda tamamlanar.