Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

view-icon 739
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon söhbetdeşliginiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berip, köp ýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýratyn netijeli häsiýetini hem-de bilelikdäki täze taslamalar üçin mümkinçilikleri döredýän ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar soňky döwürde ykdysady hyzmatdaşlygyň berkeýändigini aýratyn kanagatlanmak bilen bellediler. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ep-esli artmagy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini aýratyn bellediler. Bu topar däbe öwrülen türkmen-russiýa gatnaşyklaryna häzirki günüň talaplaryna gabat gelýän ýokary, durnukly depgini berýär.

Söhbetdeşler dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, olaryň hatarynda ýangyç-energetika toplumyny, söwda-ykdysady ulgamyny, ulaglary, şäher gurluşygyny, obasenagat toplumyny we beýleki ençeme ugurlary görkezdiler. Şol ugurlarda tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli bolup durýar. Ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylymda, medeniýetde we bilimde, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Olaryň ösdürilmegine taraplar häzir örän uly üns berýärler.

Söhbetdeşligiň çäklerinde taraplar özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit syýasatyna degişli meseleleriň birnäçesini gozgadylar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça nukdaýnazarlaryň ýakynlygy ýa-da meňzeşligi, halkara giňişliginde netijeli syýasy gatnaşyklar we birek-birege goldaw bermek Türkmenistana hem-de Russiýa Federasiýasyna diňe ikitaraplaýyn däl-de, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen iri abraýly guramalaryň we düzümleriň, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde işjeň we netijeli gatnaşmaga mümkinçilik döredýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kärdeşi Wladimir Putini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin hoşlaşanlarynda iki dostlukly döwletiň halklaryna parahatçylyk, durnuklylyk we rowaçlyk arzuw edip, uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan deňhukukly hyzmatdaşlygyň has-da berkidiljekdigine we giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşlik Russiýa tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.