Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde UNISEF-iň Aziýa, Gündogar Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit direktory hanym Mari-Pýer Puarýe bilen duşuşyk geçirildi.
Hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalaryny, hususan-da, Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda 2010-2015-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. Duşuşygyň barşynda geljek üçin meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan adam hukuklary baradaky esasy konwensiýalara gatnaşmak bilen öz üstüne alan halkara borçnamalaryny, şol sanda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek we bähbitlerini goramak boýunça borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bagtly durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegine ýardam edýär. Olaryň saglygy we abadançylygy baradaky alada döwlet derejesindäki möhüm wezipe hasaplanýar.
Soňky ýyllarda türkmen döwleti UNISEF-iň işjeň hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň UNISEF bilen hyzmatdaşlygynyň derejesine oňyn baha bermek bilen, duşuşyga gatnaşyjylar türkmenistanlylaryň ösüp gelýän nesliniň abadançylygyny we mynasyp durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine BMG-niň Çagalar gaznasy bilen, şeýle hem beýleki düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
UNISEF-iň Aziýa, Gündogar Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit direktory hanym Mari-Pýer Puarýeniň Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda 2010-2015-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna orta möhletleýin syn bermek boýunça ertir geçiriljek maslahata gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.