Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 641
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen doganlarça salamlaşyp häzirki döwürde täze ýokary göteriminiň ýoluna düşen türkmen we täjik halklaryny baglanyşdyrýan gadymy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanuguly Berdimuhamedow we Emomaly Rahmon taraplaryň ähli ugurlar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna we giňeldilmegine bolan meýillerini tassyklap, türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu jähetden syýasy ulgamdaky döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň we Täjigistanyň geografiki ýerleşişini, üstaşyr-ulag kuwwatyny nazara almak bilen, energetika pudagyndaky we ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

-gumanitar ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, iki döwletiň baştutanlary umumy köpasyrlyk däpleri, şol sanda nurana bahar baýramy bolan Nowruz dessurlary baglanyşydyrýan iki halkyň medeni-ruhy gatnaşyklarynyň netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini şertlendirýändigini nygtadylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomaly Rahmon söhbetdeşligi dowam etmek bilen, halkara derejesine eýe bolan we parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de döredijilik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryny alamatlandyrýan Nowruzyň uly ähmiýete eýedegini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlary Nowruz baýramçylygy mynasybetli Aşgabatda guraljak dabaralarda duşuşjakdyklaryna ynam bildirdiler.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, täjik Lideri döwlet baştutanymyzyň ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen netijeli halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny mälim etdi.

Taraplar goňşy Owganystana kömek-goldaw bermek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we türkmen hem-de täjik halklarynyň owgan halkynyň parahatçylykly hem-de abadan durmuşa bolan meýilleri bilen raýdaşdyklaryny bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýişi ýaly, Türkmenistan Owganystanyň üsti bilen iki ýurduň demir ýollaryny gecirmek we baglanşydyrmak hakyndaky täjik tarapynyň başlangyjyna uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu taslamanyň amala aşyrylmagy Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmeginiň, ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini üpjün etmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüler diýip belledi. Mundan başga-da, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň we Täjigistanyň ulag geçelgeleriniň köp ugurlylygyny, ulag gatnaşyklary babatda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini, şol sanda sebitara gatnaşyklary ösdürmek, Orta Aziýa, Hazar we Gara deňiz sebitleriniň ulag – aragatnaşyk ulgamlarynyň kuwwatyndan peýdalanmak boýunça türkmen tarapynyň başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyny şertlendirer.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda iki ýurduň Liderleri mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygyna daýanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen üsti ýetirilip , mundan beýläk-de işjeň ösdüriljekdigine ynam bildiridiler.

Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri hoşlaşanlarynda birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, bagt we abadançylyk arzuw etdiler.