Ï Türkmenistan – ÝUNISEF: bagtly çagalyk ugrundaky hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – ÝUNISEF: bagtly çagalyk ugrundaky hyzmatdaşlyk

view-icon 895
Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda 2010-2015-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna ota möhletleýin syn berildi we ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata ÝUNISEF-iň işgärleri bilen birlikde, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Adalat ministrliginiň we Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

halkara bilermenleri - ÝUNISEF-iň Aziýa, Gündogar Ýewropa, GDA ýurtlary boýunça sebit direktory hanym Mari- Pýer Puarýe we Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili hanym Oýunsaýhan Dendewnorow çykyş etdiler.

Ýygnananlar ÝUNISEF bilen bilelikde amala aşyrylýan maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada pikir alşyp, ýurt boýunça hereket etmegiň meýlnamasynyň berjaý edilmegini göz öňünde tutmak arkaly, gazanylan üstünlikler barada gürrüň berdiler. Şonda ýurdumyzyň köp sanly abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, çagalar üçin örän oňaýly durmuş şertleriniň döredilmegini üpjün etmek babatdaky meselelere juda jogapkärli çemeleşýändigini dünýä ýüzüne äşgär edýändigi hem-de çagalaryň abadançylygynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde ykrar edilendigi bellenildi.

Türkmenistan şu ugurdaky binýatlaýyn halkara – hukuk resminamalaryna, Çagalaryň durmuşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Gaaganyň degişli Konwensiýasyna goşuldy. “Çagalaryň hukuklaryny kepillendirmek hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny, “Durmuş üpjünçiligi hakyndaky” Kodeks, kanunçylyga girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar esasynda ýurdumyzda çaga doglan mahalynda, oňa seredilende berilýän kömek pullarynyň, maýyplyk boýunça , şol sanda çagalygyndan maýyplara berilýän kömek pullarynyň we beýlekileriň möçberleri birnäçe esse artdyryldy.

Hut şunuň bilen baglylykda, diňe çagalar bilen iş salyşýan iri halkara guramasy hasaplanýan ÝNISEF türkmen tarapynyň işjeň hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. 2010-2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Hususan-da, tutuş ýurdumyz boýunça ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, ýaşlaryň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna, terbiýeçilik we bilim boýunça täze usullaryň ornaşdyrylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine bagyşlanan okuw maslahatlary, duşuşyklary geçirilýär.

ÝUNISEF-iň Aziýa, Gündogar Ýewropa, GDA ýurtlary boýunça sebit direktory hanym Mari-Pýer Puarýe öz çykyşynda türkmen tarapynyň çagalaryň we ýaşlaryň durmuş hem-de sazlaşykly ösüşi üçin has oňaýly şertleriň döredilmeginiň üpjün edilmegine degişli meseleleriň çözülmegine örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşýändigini belledi. Bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen we dünýä bileleşigi tarapyndan giňden oňlanan oňyn özgertmelere esaslanýan syýasatyň esasy ugurlary bolup durýar we şunda enäniň we çaganyň saglygynyň goralmagyna aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda şu jähetleriň ählisi döwletiň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirildi, munuň özi BMG-niň Müňýyllygyň Ösüş maksatlary bilen içgin baglanyşyklydyr.

ÝNISEF-iň wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we baştutanlygynda durmuşa geçirilýän hem-de ýaş nesliň bagtyýar çagalygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn we uly möçberli özgertmeleriň batly depgin bilen alnyp barylýandygyna tüýs ýürekden haýran galýandyklaryny belläp, şu ugurda gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändiklerini aýtdylar.

Maslahatyň işiniň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Adalat ministrliginiň we Medeniýet ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň ýolbaşçylary çykyş edip, bitirilen işleriň ýyllyk netijeleri we 2013-nji ýyl üçin meýilnamalar bilen tanyşdyrdylar.

Çykyşlarda Türkmenistanda eneligi we çagalygy goramak ulgamynda çäreleriň toplumlaýyn durmuşa geçirilýändigi, şol sanda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we ösdürmek, milli maksatnamalary durmuşa geçirmek, döwrebap okuw mekdeplerini, lukmançylyk we sagaldyş merkezlerini, sport desgalaryny gurmak, döredijilik mekdeplerini açmak we beýlekiler boýunça anyk çäreleriň yzygiderli amala aşyrylýandygy nygataldy.

döwleti çagalaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berip, ýaş nesliň mekdepden öň terbiýelenmegine we okadylmagyna uly üns berýär. Muňa “2011-2015-nji ýyllarda çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak” boýunça Milli maksatnama aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem Çagalara mähirli garaýan mekdepler, şol sanda sagdyn ýagdaý hem-de mekdeplerde tälim bermegiň we terbiýelemegiň hili boýunça ülňüleri we usullary işlenip taýýarlanyldy we synagdan geçirildi.

Çykyş edenler saglygy goraýyş boýunça milli ulgamyň mümkinçiliklerini ösdürmek bilen bagly mesele barada durup geçip, ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak ulgamynda döwlet tarapyndan uly kömek berilýändigini bellediler. Paýtagtymyzda we welaýatlarla gurlan Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “Ene mähri” merkezleri muňa aýdyň subutnama bolup biler. Çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak we ganazlyk keseline garşy göreşmek boýunça milli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň çaga dogrulýan öýleriniň ählisine diýen ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri tarapyndan tassyklanan “Çagalara mähirli garaýyş hassahanasy” diýen dereje berildi.

, gökbogma, poliomit, inçekesel ýaly kesellerden goramak üçin hökmany sanjymyň geçirilmegini göz öňünde tutýan “Immunoprofilaktika” atly milli maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde ýokanç keseller bilen kesellemek ep-esli azaldy.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we Ýod ýetmezçiligi keseline gözegçilik etmek boýunça halkara geňeşiniň halkara güwänamasy Türkmenistanyň ýoduň ýetmezçiligini aradan aýyrmakda üstünliklere eýe bolandygyny görkezýär hem-de GDA-da birinji we dünýäde dördünji bolup duzuň ählumumy halkara standartlaryna laýyklykda hemmetaraplaýyn ýodlaşdyrylmagyny üpjün edendigini tassyklaýar.

Maslahatyň ahyrynda ýygnananlar Türkmenistanyň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygynyň ýetilen derejesine ýokary baha berip, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň abadançylygy we mundan beýläk-de bagtyýar durmuşy ugrunda ýurdumyzyň Çagalar gaznasy, şeýle hem BMG-niň beýleki düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

* * *

ÝUNISEF-iň Aziýa, Gündogar Ýewropa, GDA ýurtlary boýunça sebit direktory hanym Mari- Pýer Puarýe ýurdumyzda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisinde kabul ediler.