Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 629
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenk onyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň baştutanlary mähirli salamlaşyp, mäkäm dostluga we deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-belarus gatnaşyklarynyň okgunly ösüş depginini kanagatlanmak bilen bellediler.

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri söhbetdeşligiň dowamynda turuwbaşdan uzakmöhletli esasda guralan hem-de ägirt uly mümkinçilige, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda mümkinçilige eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Söhbetdeşler gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna üns berip, birnäçe möhüm bilelikdäki taslamalar bilen berkidilen köpýyllyk türkmen-belarus gatnaşyklarynyň netijeleriniň derejesine ýokary baha berdiler, şol taslamalaryň hatarynda Garlyk kaliý duzlarynyň ýatagynyň esasynda iri senagat desgasynyň-Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan-baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy bar.

toprak-howa şertlerinde özüniň oňat tarapyny görkezen häzirki zaman oba hojalyk tehnikasyny ibermek babatda öňden gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeli hyzmatdaşlyk üstünlikli gatnaşyklaryň mysaly bolup durýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin örän amatly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek barada aýtdylar.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň Liderleri döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde gumanitar ugurda gatnaşyk saklamak meselelerine hem aýratyn üns berdiler. Bu babatda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko taraplaryň bilim we ylym ugry boýunça gazanylan netijeli gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, hünärli işgärleri taýýarlamak babatda türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen nygtadylar. Şunda söhbetdeşler medeniýet babatda däp bolan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini bellediler, şol gatnaşyklar söňky ýyllarda täze itergi aldy hem-de öz mazmunyny ep-esli baýlaşdyrdy.

Taraplar söhbetdeşligiň çäklerinde özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Türkmen döwletiniň Baştutany Belarus Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko iki döwletiň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň geljekde-de umumy bähbidiň hatyrasyna üstünlikli ösjekdigine ynam bildirip, türkmen we belarus halklarynyň adyna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.