Ï Germaniýada “Eguitana 2013” sergisi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Germaniýada “Eguitana 2013” sergisi açyldy

view-icon 825
Şu gün, 16-njy martda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Essen şäherinde “Eguitana 2013” Bütindünýä atçylyk sportunyň ýarmarkasy açyldy. Dünýäniň atçylyk ulgamynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri çärä gatnaşmak üçin, hormatly Prezidentimiziň buýrugy esasynda biziň ýurdumyzyň wekiliýeti gulluk iş sapary bilen ugradyldy. Wekiliýetiň düzümine ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň, atçylyk sporty toplumynyň ýolbaşçylary, şeýle hem weterinariýa ulgamynyň öňdebaryjy hünärmenleri, atşynaslar, seýsler we beýlekiler girdi.

Biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň şeýle abraýly çärä gatnaşmagynyň baş maksady degişli pudaklarda tejribe alyşmakdan, ulgamda bar bolan täzelikleri we ýetilen sepgitleri öwrenmekden, Türkmenistanyň atçylyk ulgamynyň üstünligini giň halkara köpçüligine ýetirmekden, biziň ýurdumyzda atçylyk sporty we atly syýahatçylygy ösdürmegiň geljegi bilen tanyşdyrmakdan hem-de bu ugur boýunça täze işewür gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr.

özi şu ýylyň başyndan bäri Ýewropa ýurtlarynda geçirilýän iri atşynaslyk sergisiniň üçünjisidir. Pudaga sergi işiniň şeýle netijeli ýagdaýda ornaşdyrylmagy milli atşynaslyk toplumynyň dünýäniň atçylyk ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň, şeýle hem ajaýyp ahal-teke bedewleriniň taryhy mekany bolan ýurdumyzyň gezelenç syýahatçylyk mümkinçilikleriniň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

“Eguitana” ýarmarkasy dünýäniň atçylyk sportunyň iň bir ähmiýetli sergisi hasaplanylýar. Ol ilkinji gezek 1972-nji ýylda guraldy. Serginiň guramaçylarynyň tagallasy netijesinde ol Ýewropada bar bolan köp sanly ugurdaş çäre bolanlygyndan atçylygy we atçylyk sporty ulgamyny ösdürmegiň häzirki zaman konsepsiýasyny öňe sürýän halkara forumyna öwrüldi.

Umumy meýdany 100 müň inedördül metre golaý bolan Esseniň sergi toplumynda 17 bölüm bolup, olarda 9 günüň dowamynda duşuşyklara, tejribe we pikir alyşmalara, gepleşiklere hem-de şertnama baglaşmalara beslenen dabaralar bolar. Birnäçe bölümlerde guralýan çäreleriň wagtlary anyk görkezilipdir. Serginiň agşamynda ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda täsirli çykyşlar görkeziler.

Bu gezekki ýarmarkada dünýäniň onlarça ýurdundan 850-ä golaý wekiliýet gatnaşyp, atçylyga degişli enjamlary, sport gurallaryny, çapyksuwarlaryň lybaslaryny, atlar üçin niýetlenen enjamlary, weterinariýa serişdelerini, ýörite ulaglary, bedewlere ideg etmäge niýetlenen dürli görnüşli harytlary we ulgama degişli bolan beýleki önümleri öndürijileriň sergileri ýaýbaňlandyryldy.

sportunyň muşdaklary üçin dürli edebiýatlaryň köp sanlysy, şeýle hem hünärmenlere niýetlenen ylmy hem-de ýöriteleşdirilen neşirler goýlan maglumat bölümi has-da özüne çekiji boldy. Şeýle hem sergi pudaga degişli önümleriň iri söwda meýdançasyna öwrüldi. “Eguitana” ýarmarkasynyň binýatlaýyn wezipesi bu iki ugry birleşdirmekden atlaryň muşdaklarynyň we at üstünde gezelenç etmegi hem-de atçylyk sportuny söýýänleriň hereketiniň ösüşiniň ägirt uly mümkinçiliklerini, ugurlaryny äşgär etmekden ybarat boldy.

başga-da, “Eguitana” ýarmarkasy atlary köpeltmek we saklamak, olary seýslemek, aýlaw işlerini hem-de bäsleşikleri guramak bilen baglanyşykly meseleleri özünde jemleýär. Atçylyk ulgamynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan syýahatçylyk pudagy ýarmarkada özbaşdak bölüm hökmünde görkezilýär. Bu barada aýdylanda bolsa, biziň ýurdumyzda ajaýyp ahalteke atlarynyň gözelligine gadyr goýýanlar we at çapyşyklarynyň muşdaklary üçin täsin dünýä açylýar. Şu ýylyň fewral, mart aýlarynda geçirilen halkara atçylyk we syýahatçylyk sergilerine biziň ýurdumyzyň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy bolsa, Türkmenistanyň Ýewropa yklymyna işjeň ornaşyp, ajaýyp ahal-teke bedewlerini dünýä beren jomart we myhmansöýer ýurdumyz hakda giňişleýin düşünje berendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu çäräniň şeýle giň möçberliligi we onuň wakalara baý bolmagy ahalteke bedewlerini, türkmen seýsleriniň gazanan üstünliklerini we halkymyzyň çapyksuwarlyk ussatlygyny giňden wagyz etmegiň netijeli guralyny üpjün etdi. 24-nji marta çenli dowam etjek serginiň işleriniň çäklerinde türkmen hünärmenleri daşary ýurtlaryň atçylyk ulgamynyň wekilleri bilen ahalteke atçylygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, at çapyşyklaryny we at üstündäki gezelençleri guramagyň ugurlaryny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alnyp maslahatlaşmaga bagyşlanan birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirerler.