Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky diplomatiýa: taryhdan geljege” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Premýer- ministriniň ýanyndaky Hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak baradaky türk agentligi (TIKA) bilen bilelikde guralan maslahata ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň , Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky türkmen milli institutynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalaryň, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklaryň institutynyň döredilmeginiň bäş ýyllygyna gabatlanyp geçirilen şu duşuşyga ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasyndan we ýokary okuw mekdeplerinden bolan kärdeşleri bilen birlikde daşary ýurtlaryň iri ylym-bilim we barlag merkezleriniň, şol sanda Beýik Britaniýanyň , Hytaýyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýanynyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy merkezleriniň alymlary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
Ýygnanalar hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň ylmy taýdan hem, iş ýüzünde-de möhüm ähmiýete eýedigini belleýär.
“Beýik Ýüpek ýoly ägirt uly taryhy miras bolmak bilen, halklaryň we döwletleriň özara ýakynlaşmaklaryna güýçli itergi bermäge, olaryň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwerlik aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam bermäge, özara düşünişmäge we hyzmatdaşlyga, ýurtlaryň, sebitleriň we tutuş yklymlaryň arasynda arkalaşykly gatnaşyklaryň berk esaslarynyň emele gelmegine hyzmat edýär” diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýoly adamzadyň ösmegine bimöçber we oňyn täsir etdi. Bu ýol Gündogar we Günbatar siwilizasiýalarynyň arasyndaky aragatnaşakylaryň başlangyç nokady boldy, dürli sebitlerdäki bilimleri alyşmakda ägirt uly mümkinçilikleri açdy. Häzirki döwürde bu bahasyna ýetip bolmajak tejribe gaýtadan dikeldilýär we ol şu günki günüň talaplaryna laýyklykda döredejilikli pikir eleginden geçirilýär. Şu günki şertlerde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy mirasy Ýewraziýa giňişliginde halkara zyhmatdaşlygyň täze usullaryny emele getirmegiň, geosyýasatyň, geoykdysadyýetiň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň esasy ugurlaryny emele getirmegiň binýadyna öwrülýär.
Häzirki wagtda adamzat bileleşigini ösdürmegiň iň gadymy ýakynlaşmak nusgalarynyň biri, medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň gatnaşyklarynyň, netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşany hökmünde çykyş edýän Beýik Ýüpek ýolyny dikeltmekde diplomatiýanyň orny bilen baglanyşykly mesele Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlaryň maslahatyň umumy mejlisinde eden çykyşlarynyň esasy mowzugy boldy.
Olaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň wekili Wladimir Gorýaýew, Türkiýe Respublikasynyň Premýer- ministriniň ýanyndaky Hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak baradaky türk agentliginyň (TIKA) başlygy Serdar Jam, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi Aziýa boýunça “GMF” maksatnamasynyň direktory Gregori Glison, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň gündogaryň taryhy bölüminiň başlygy Dmitriý Wasilýew, Londan uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) Gündogar we Afrika mekdebiniň ylmy işgäri, Kembrij uniwersitetiniň “Kembrij Merkezi Aziýa forumynyň” uly ylmy işgäri Şirin Akiner, Hytaý Halk Respublikasynyň Durmuş ösüşe institutynyň ylmy işgäri In Sunlin bar.
-da, çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýjülik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolmak bilen, seçip alan ýoluna gyşarnyksyz eýerip, döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde oňyn gatnaşyklary ösdürýär. Biziň ýurdumyz häzirki zamanyň derwaýys wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşyp, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak we saklamak, dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegi üçin amatly şertleri döretmek işine saldamly goşant goşýar.
Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asambleýasy tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň möhüm orny aýratyn bellenildi. Bu Bitaraplyk derejesiniň oňyn häsiýeti hem-de onuň esasynda goýulan ýörelgeler türkmen döwletiniň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Mysal üçin, hut Aşgabat şäherinde BIG-nyň howandarlygynda Täjigistanda parahatçylygy we ylalaşygy gazanmaga ýardam eden gepleşikleriň tapgyry geçirildi. Biziň ýurdumyzyň Owganystandaky syýasy ýagdaky parahatçylyklykly ýol bilen kadalaşdyrmaga, şeýle hem bu goňşy döwletiň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar.
dörediji ýurt hökmünde Türkmenistanyň ýokary abraýy 2007-nji ýylda halkara bileleşiginiň Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak baradaky çözgüdinde hem tassyklanyldy. Bu Merkeziň işi Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygy üpjün etmäge we netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasynyň döwrebap usullaryny gözlemäge ýardam edýär.
Çykyş edenler täze taryhy şertlerde Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek barada aýdyp, munuň özüniň tagallalary birleşdirmegi, syýasy, ykdysady, ynsanperwerlik meseleleri boýunça, şeýle hem häzirki zamanyň howplarynyň hem-de wehimleriniň öňüni almak we olary garşy göreşmek boýunça ysnaşykly gatnaşyklary talap edýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat başlangyçlaryna, şol sanda ählumumy ýaragsyzlanmak, energetika howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi, daşky gurşawy goramagy üpjün etmek babatdaky başlangyçlaryna ýokary baha berildi. Nygtalyşy ýaly, halkara gün tertibiniň ähli meselelerini diňe parahatçylykly, syýasy – diplomatik ýol bilen hem-de gepleşikler usullary we serişdeleri arkaly kadalaşdyrmagyň zerurdygyna bolan berk ynam biziň ýurdumyzyň eýeleýän ornudyr.
Türkmen lideriniň oňyn teklipleriniň köpüsi Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy şahalarynyň ugrunda toplumlaýyn, döwrebap, ýokary tehnologiýaly üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge, “Gündogar – Günbatar” we “Demirgazyk – Günorta” ugurlary boýunçe sebitara we yklymara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen energetika, ulag – aragatnaşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge, geoykdysady, serişdeler, önümçilik, tehnologiki mümkinçilikleri doly açmaga gönükdirilendir. Bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegiň Aziýa yklymynda parahatçylygy üpjün etmäge we saklamaga, ýurtlaryň we halklaryň mundan beýläk-de ösmegine we rowaçlanmagyna ýardam eder.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiň dürli ulgamlarynda, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, bazar ykdysadyýetini döretmekde ep-esli öňegidişlik gazanandygy bellenildi. Munuň özi hem halkara abraýynyň artmagyna ýardam etdi. Bitaraplyk derejesi we beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi milli ykdysadyýetd daşary ýurt maýalarynyň çekilmegi hem üpjün edýär. Mysal üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş baradaky konferensiýasy tarapyndan çap edilen “2012-nji ýyl üçin dünýäniň maýa goýumlary hakyndaky hasabatda” Türkmenistan ilkinji gezek göni daşary ýurt maýalaryň çekmek indeksinde dünýäniň ýurtlarynyň birinji onlugyna girdi.
Häzirki wagtda milli Liderimiziň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin konsepsiýasy” yzygiderli durmuşa geçirilýär. Onda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, diplomatik gulluklaryň işgärleri üçin täze wezipeler kesgitlenildi. Olar döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek, dünýä giňişliginde türkmen döwletiniň eýeleýän ornuny berkitmek we abraýyny has-da artdyrmak üçin amatly şertleriň we ýagdaýyň döredilmegini ýardam etmelidir.
Bu maksatlaryň durmuşa geçirilmegi, degişlilikde, berk ulgamlaýyn esasda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleriniň çäklerinde Halkara gatnaşyklary ulgamynda özümiziň hünärmenlerimizi taýýarlamaga ýardam etjek ýokary okuw mekdebini – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň halkara gatnaşyklary institutyny döretmek barada çözgüt kabul edildi. Şu günler bu institutyň döredilmeginiň bäş ýyllygy bellenilýär. Häzirki wagtda bu ýerde geljekki deplomatlar, ykdysatçylar, hukukçylar we žurnalistler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, professorlar we mugallymlar düzümi daşary syýasatyň we diplomatiýanyň, halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini amala aşyrýar.
Şu gün dört bölümde geçirilen mejlislerde “Beýik Ýüpek ýolunyň sebitinde hyzmatdaşlygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde diplomatiýanyň ähmiýeti”, “ Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman şertlerinde täzeden dikeldilmegi” “Beýik Ýüpek ýoly we söwda ykdysady gatnaşyklar”, “Beýik Ýüpek ýoly we Ýewraziýa yklymynda medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň özara baýlaşmagy” ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
alymlarynyň ileri tutulýan ylmy barlaglarynyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň hut şu ugurlary “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky dipolmatiýa: taryhdan geljege” atly halkara ylmy maslahatyň jemleýji gününde hem ara alnyp maslahatlaşylar.
ylmy maslahata gatnaşyjylar üçin giň möçberli medeni maksatnama göz öňünde tutuldy. Onuň çäklerinde foruma gatnaşyjylar Türkmen halysynyň milli muzeýine barlyp görler, Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bolar.
Ertir maslahat öz işini dowam etdirer.