Türkmen-owgan dostluk ýyl ýazgysyna nobatdaky şanly sahypa ýazyldy. Şu gün türkmen halkynyň dostlukly goňşuçylyk gatnaşyklaryny goldamak we ösdürmek ýaly durmuş ýörelgelderiniň durnuklylygyny alamatlandyrýan waka boldy. Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinden owgan serhedine tarap ynsanperwerlik ýüki bolan kerwen ýola düşdi. Onda Owganystanyň çagalar öýlerinde terbiýelenýänlere, mekdep okuwçylaryna niýetlenen sport geýimleri, süýji-köke önümleri, okuw edebiýatlary we enjamlary bar.
bolşy ýaly, bu ynsanperwerlikli çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli amala aşyryldy. Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan adamlaryň dabaralandyrýan gadymy bahar baýramy tutuş adamzadyň ruhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülmek bilen, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýaly gymmatlyklary özünde jemleýär we halklaryň arasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň nyşanyny emele getirýär. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanmak bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň ösdürilmegine, ýurtda parahatçylykly durmuşyň ýola goýulmagyna mynasyp goşandyny goşýar.
Nowruz baýramy Gündogar halklarynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ol parahatçylygy, abadançylygy, galkynyşy we ösüşi alamatlandyrýar. Nowruz ähli döwürlerde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny yzygiderli pugtalandyrmak we giňeltmek, dürli halklaryň we döwletleriň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek üçin ägirt uly mümkinçiligi açýan köpugurly gural bolup hyzmat edýär.
baýramçylygynyň ägirt uly ähmiýeti biziň günlerimizde hem aýdyň duýulýar we onuň many-mazmuny baýlaşdyrylýar. Şu günki guralan çäre hem biziň ýurdumyzda mukaddes ýörelgeleriň yzygiderli dowam etdirilýändigini aňladýar. Dünýäniň ähli ýurtlary, öňi bilen bolsa goňşy ýurtlar bilen dostlukly, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy we ösdürilmegi Türkmenistanyň durmuşa geçirýän halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň iler tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmen topragynyň sahylygyny we abadançylygyny alamatlandyrýan Milli “Ak bugdaý” muzeýiniň öňündäki meýdança jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular ýygnandylar.
Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohammad Fazel Saýifiniň öz çykyşynda belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli oňyn başlangyçlary, durmuşa geçirýän parahatçylyk we açyklyk syýasaty gadymy dostluk we ruhy ýakynlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan iki goňşy döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegini we ösdürilmegini şertlendirýär.
sebitde umumy ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkezi bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan daşary syýasat ugrunyň esasyny düzýän parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyk etdi diýip, ol belledi. Diplomat Owganystanyň hökümetiniň we halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna doganlyk kömegi, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagynda yzygiderli edýän goldawy we tagallasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Şeýlelik bilen, ynsanperwerlik ýükli ulaglar ýola düşüp başlady. Ol uzak aralygy geçip, goňşy ýurduň halkyna türkmen halkynyň doganlyk kömegini gowşurar. Bu çärä gatnaşyjylaryň hemmesi türkmen halkynyň hemişe bolşy ýaly, öz goňşularyna goldaw bermek ýörelgesini dowam ederler.
Hormatly ýaşulular we bu ýere ýygnananlar ynsanperwerlik ýüki bolan ulag kerwenlerine ak ýol arzuw etdiler. Şeýle hem olar Beýik Biribardan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkyna gülläp ösüş, rowaçlyk, şeýle hem Owganystanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de abadançylyk dileg etdiler.