Ï Beýik Ýüpek ýoly: taryhyň täze sahypalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik Ýüpek ýoly: taryhyň täze sahypalary

view-icon 950
Şu gün türkmen paýtagtynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky diplomatiýa: taryhdan geljege” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. Şanly senä--Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 5 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu wekilçilikli maslahat dünýä ösüşiniň wajyp meselelerine bagyşlanyp, şu ýyl geçirilen halkara duşuşyklarynyň hatarynda möhüm wakalaryň biri boldy.

Maslahata öz türkmen kärdeşleri bilen birlikde, daşary ýurtly diplomatlaryň, dünýäniň 20-den gowrak döwletinden ylmy jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşandyklaryny bellemek gerek. Olaryň arasynda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Owganystanyň, Belarusyň, Bolgariýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gruziýanyň, Eýranyň, Kanadanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Norwegiýanyň, Pakistanyň, Portugaliýanyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Täjigistanyň, Ukrainanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň iri ylym-bilim hem-de barlag merkezleriniň alymlary we esasy hünärmenleri bar.

Gadymy döwürlerde we irki orta asyrlarda hereket eden Beýik Ýüpek ýoly Aziýanyň hem-de Ýewropanyň halklarynyň durmuşynda möhüm ykdysady we syýasy ähmiýete eýe bolupdyr. Tutuş yklymyň üstünden geçen, Atlantika ummanyndan Ýuwaş ummanyň kenarlaryna çenli uzalyp giden Beýik Ýüpek ýolunyň bütin ugrunda giň gerimli söwda ýola goýlupdyr, toplanan bilimler we medeni gymmatlyklar, öňdebaryjy pikirler alşylypdyr. Munuň özi köp ýurtlaryň we halklaryň ösmeginde uly orun eýeläpdir, bütin adamzadyň rowaçlanmagyna ýardam edipdir.

Hut şoňa görä-de, biziň döwrümizde, XXI asyrda “gatnaşyklaryň ýoly”, dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda Günbataryň hem-de Gündogaryň halklaryny baglaşdyran özboluşly köpri hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň däplerini toplumlaýyn öwrenmek we dikeltmek möhüm meselä öwrüldi. Häzirki wagtda, ýurtlaryň, sebitleriň we yklymlaryň çalt depginler bilen ýakynlaşýan asyrynda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine, döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, jemgyýetçilik ösüşine, adamlaryň abadançylygyna hyzmat edýär.

bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu maslahata gatnaşyjylara Gutlagynda nygtaýşy ýaly, şu günki şertlerde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy mirasy Ýewraziýa giňişliginde halkara hyzmatdaşlygyň täze usulyny emele getirmegiň, geosyýasatyň, geoykdysadyýetiň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň esasy ugurlaryny emele getirmegiň binýadyna öwrülýär.

Türkmenistan bu işe işjeň gatnaşyp, parahatçylyk söýüjilikli açyk daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Häzirki zamanyň esasy ugurlaryny öz içine alýan, bu syýasat Ýewraziýa geosyýasy giňişliginde XXI asyryň talaplaryna laýyk gelýän, iş ýüzündäki özara gatnaşyklaryň netijeli guraly bilen berkidilen halkara hyzmatdaşlygynyň täze usullaryny döretmäge ýardam edýär.

Bileleşiginiň goldaw bermeginde “Ýewropa-Kawkaz-Aziýa” halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän TRACEKA sebitara maksatnamasy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman beýany bolup durýar. Biziň ýurdumyzyň başyny başlan iri halkara energetika, ulag-aragatnaşyk taslamalaryny, şol sanda Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň, Tejen-Sarahs-Maşat demir ýolunyň gurluşygynyň, “Demirgazyk-Günorta” täze halkara üstaşyr-ulag geçelgesini döretmegiň taslamalaryny olaryň hataryna goşmak bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde öňe süren başlangyjy sebitleýin we sebitara ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. Munuň özi Hazar we Gara deňizleriniň, Merkezi Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda üstaşyr-ulag mümkinçilikleriniň öwrenilmegini göz öňünde tutýar.

nygtalyşy ýaly, biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi şeýle giň möçberli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ýardam edýär. Bu Bitaraplygyň oňyn häsiýeti we onuň esasynda goýlan ýörelgeler türkmen döwletiniň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Umuman, Beýik Ýüpek ýolunyň dünýä taryhyndaky ornuny kesgitlemäge, şeýle hem häzirki zaman şertlerinde onuň täzeden dikeldilmeginiň ylmy esaslaryny seljermäge bagyşlanan forumyň işi netijeli boldy. Umumy we dört bölümiň mejlisleriniň barşynda möhüm meseleler boýunça ylmy çykyşlaryň onlarçasy diňlenildi we ara alnyp maslahatlaşyldy.

ýapylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, hödürlenen çykyşlar täze ylmy maglumatlary ýüze çykarmaga, Beýik Ýüpek ýolunyň täsinligini öwrenmegiň dürli meseleleri boýunça jikme-jik pikir alyşmaga, geljekki özara bähbitil hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etdi.

gatnaşanlar forumyň ýokary derejede guralandygy, wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga ajaýyp mümkinçilikleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ysnyşykly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdylar.

“Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky diplomatiýa: taryhdan geljege” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler.