Ï Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň kuwwaty artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň kuwwaty artýar

view-icon 1206
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň bäş ýyllygyna bagylanan möhüm ähmiýetli hem-de uly möçberli ykdysady forum - Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalarynyň maslahaty başlandy.

Däp boýunça birleşmäniň döredilen gününe gabatlanyp, her ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň gazananlarynyň we onuň ösüşiniň geljekki mümkinçilikleriniň gözden geçirilişi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralýar. Bu forum telekeçiligiň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berilmegine gönükdirilendir.

Häzirki döwürde Türkmenistanda hususy telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw we itergi bermek ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini öňdebaryjy tehnologiýalar, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligi we ýokary hilli önümleri taýýarlamak boýunça öňde goýan strategiki wezipeleri bilen baglylykda, hut hususy pudaga möhüm orun degişlidir. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi şu ugurda aýgytly ädime öwrüldi, bu birleşmäniň häzirki güne çenli 4 müňden gowrak agzasy bar, olar diňe bir içerki ykdysady giňişlikde öz orunlaryny ynamly eýelemek bilen çäklenmän, daşary ýurt bazarlaryny hem üstünlikli özleşdirýärler.

Birleşme bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam bermek, telekeçiligi üstünlikli alyp barmak üçin şertleri döretmek, döwlet düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek arkaly ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlarda işewürlige degişli taslamalary we köp ugurly döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmakda wajyp ähmiýetli edara öwrüldi.

Biziň telekeçilerimiz ykdysadyýetiň gurluşyk, söwda, obasenagat toplumy, azyk senagaty, dokma we mebel ulgamlary, amaly-haşam ugruna degişli senetler, hyzmatlar ýaly ugurlarda uly goşant goşýarlar. Hususy ulgamyň wekilleri bilim, syýahatçylyk, bedenterbie we sport, mahabat we neşir işi boýunça giň gerimli çäreleri amala aşyrýarlar.

Pugta kanunçylyk binýadynyň döpredilmegi, möhüm ähmiýetli resminamalaryň toplumy, şol sanda “Kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek hakyndaky”, “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlary, “2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek boýunça döwlet maksatnamasy” hususy işewürligiň ösdürilmegine, onuň işiniň ugurlarynyň giňeldilmegine güýçli itergi berdi.

Telekeilere ýeňillikli karz bermek boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi haryt öndürijileriň bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlandyrylmagyna wajyp ähmiýetli täsirini ýetirdi, şol maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde üstünlikli we netijeli işleýän hususy kärhanalar üçin önümçiligi giňeltmek maksady bilen döwlet tarapyndan kömek berilýär.

Birleşmäniň neşir edýän “Rysgal” gazeti Türkmenistanda ilkinji hususy köpçülikleýin habar beriş serişdesi boldy. Ol öz sahypalarynda ýurdumyzyň telekeçilik ulgamyndaky möhüm wakalary we üstünlikleri giňden wagyz edýär. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döwrebap Işewurlik toplumynyň açylmagy, telekeçiler üçin “Rysgal” bankynyň döredilmegi ýurdumyzda telekeçilik hereketiniň taryhynda möhüm ähmiýetli wakalara öwrüldi. Birleşmäniň agzalarynyň güýçleri arkaly gurlan bu toplumyň ajaýyp binalary telekeçiligiň barha ösdürilýändigini hem-de dünýäde toplanan tejribäni özleşdirmegiň we innowasiýalaryň giň gerime eýe bolandygyny aýdyň görkezýän subutnamadyr.

Milli Liderimiziň ykdysadyýetiň hususy pudagyna degişli möhüm ähmiýetli desgalaryň – “Guş toplumynyň”, eti gaýtadan işleýän “Bereketli” hususy kärhananyň, “Aýbölek” mebel fabriginiň, “Keýik” aýna zawodynyň, süýji-köke önümlerini öndürýän “Hasar” hojalyk jemgyýetiniň täze önümçilik binasynyň dabaraly açylyşlaryna gatnaşmagy telekeçilik işiniň batly depgin bilen ösdürilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändigini görkezýär.

Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta telekeçiligi ýokary tehnologiýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, eksport üçin ýokary hilli, ýerli çig maldan taýýarlanan we ekologiýa babatdaky howpsuzlygyň ähli talaplaryna laýyk gelýän önümleri taýýarlaýan önümçilikleriň döredilmegine ugrukdyrýar. Durmuş bilen bagly möhüm ähmiýetli meseleleri çözmek kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmegiň wajyp ugrydyr, çünki täze hususy kärhanalaryň her biri, şol sanda döwrebap we ýokary öndürijilikli enjamlarda işlemäge ukyply bolan ussat hünärmenler üçin hem köp sanly täze iş orunlarynyň döredilmegini, ýurdumyzyň bazarynyň oňat hilli harytlar bilen doldurylmagyny aňladýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanynda döredilen we telekeçiligi guramak, işi döwrebap ýöretmek we halkara hyzmatdaşlygynyň tejribesine degişli işgärleri taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen Telekeçilik mekdebiniň döredilmegi muňa degerli ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de daşary ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň hem möhüm ähmiýetlidigini bellemek gerek, bu birleşmäniň agzalary ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän halkara sergilere we ýarmarkalara, işewürlik maslahatlaryna gatnaşýarlar.

2012-nj ýylda täze partiýanyň – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň döredilmegi tutuş ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. Bu partiýa döwlet gurluşygyna degişli wezipeleriň berjaý edilmegine, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň abadançylygyna, ata Watanymyzyň rowaçlygyna gönükdirip ýöredýän durmuş-ykdysady syýasatynyň amala aşyrylmagyna ýardam bermelidir.

Şu gün öz işine başlaýan sergi we maslahat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bäş ýylda bitiren işiniň özboluşly gözden geçirilişine öwrüldi. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudagy hasaplanýan hususyýetçilik ulgamyny ösdürmekde bu birleşmä öňdebaryjy orun degişlidir. Bu taryhy döwür hakykatdan-da telekeçilik işiniň, onuň netijeli ösdürilmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň, bar bolan mümkinçilikleri we zehinli telekeçileri äşgär etmegiň eýýamyna öwrüldi.

Ýurdumyzyň işewürleriniň nobatdaky, şanly senä bagylanan sergisi hem ykdysady taýdan gazanylanlaryň, döredijilik başlangyçlarynyň amala aşyrylmagynyň ajaýyp, täsirli gözden geçirilişine öwrüldi, oňa eksponentleriň 160-dan gowragy – ýurdumyzyň dürli welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň hususy kähanalary, hojalyk jemgyýetleri we özbaşdak telekeçiler gatnaşdylar.

Bu uly möçberli we köp ugurly sergi paýtagtymyzda şanly waka mynasybetli bezelen Sergi köşgünde guraldy. Serginiň şu ýylda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Nowruz baýramçylygyna bagyşlanan esasy dabaralaryň özboluşly başlangyjy bolup durýandygyny hem bellemek gerek. Sergi merkeziniň ýanyndaky meýdançada sergä gatnaşyjylary we myhmanlary döredijilik toparlarynyň artistler täsirli aýdym-sazlar we tanslar bilen garşy aldylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guralan serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, hökümetiň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Şonda türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply harytlaryň öndürilmeginiň ýola goýulmagyna, önümleri taýýarlamagyň barşyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek boýunça uly işleri alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz hususy işewürligiň wekilleriniň telekeçiler üçin döredilen oňaýly şertlerden netijeli peýdalanmak arkaly, geljekde-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine önjeýli goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Sergi merkeziniň giň zallarynda owadan bezelen pawilonlaryň onlarçasy ýerleşdirildi, bularda sergä gatnaşyjylaryň öz gazananlaryny we mümkinçiliklerini dolulygyna görkezmäge çalşandygy aýdyň görünýär. Eksponentleriň arasynda önüm öndürijileriň bazarynda işlemek arkaly baý tejribe toplanlar, şeýle hem ilkinji gezek öz täze önümlerini hem-de oý-pikirlerini we işläp taýýarlamalaryny hödürlänler bar.

Sergide ”Gündogdy”, “Mähirli”, “Aga gurluşyk”, “Beýik bina”, “Buir”, “Ajaýyp bina”, “Çeper gurluşyk”, “Myradym”, “Göwher bina” atly hususy kärhanalar, “Gujurly inžener”, “Çyzgy”, “Döwletgurluşyk”, “Polat gurluşyk”, “Muhammet Balkan”, “Eziz doganlar gurluşyk”, “Berjaý”, “Altyn nesil” atly hojalyk jemgyýetleri we gurluşyk boýunça hyzmatlaryň bazarlarynda daşary ýurt kompaniýalary bilen üstünlikli bäsdeşlik edýän beýleki kärhanalar öz tejribesini we geljekki mümkinçiliklerini görkezýärler.

”Edermen”, “Ak hünji”, “Alyn” we beýleki hususy kärhanalar gurluşyk materiallarynyň giň toplumyny görkezýärler. “Gyzyl kak” hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup polat turbalaryň we metal profilleriň önümçiligini özleşdirdi. “Gowşut Bent” gipsokartony öndürmekde ilkinjileriň hatarynda durýar, “Çaly” kärhanasy üstki örtükler üçin rezin owuntyklary we örtýän materiallary galyndysyz öndürmek boýunça önümçiligi ýola goýdy. “Türkmen çöli” içerki bazary azbestli şifer bilen dolulygyna üpjün etmäge çalyşýar. Gurluşyk metiarallaryny öndürijileriň aglabasy öz işleriniň gerimini giňeldip, beýleki önümçilikleri hem özleşdirýärler.

Mebel önümçiliginde öňdebaryjy hasaplanýan “Aýbölek” fabrigi sergidäki meýdançada oňaýly öýüň, okuw otagynyň we lukmançylyk otagynyň bezegi boýunça öz önümleriniň giň toplumyny görkezýär. “Mila” hususy kärhana çagalar üçin mebel we dizaýn, “Azady”, “Alp Arslan”, “Abraýly önüm”, “Rysgal” ýaşaýyş jaýlary we ýatylýan otaglar üçin mebeller boýunça öz çögütlerini teklip edýärler. “Ýigit” hojalyk jemgyýeti ýuwujy serişdeleriň tapgyryny öndürmek boýunça gazananlaryny hödürleýär, “Ak mähri” bolsa ýurdumyzyň bazarynda uly isleg bildirilýän polietilen paketleri hödürleýär.

Sergä elmydama gatnaşýanlar – şu gezek jinsi matadan çagalar üçin gelşikli geýimleri taýýarlan “Zemelena” tikinçilik kärhanasy hem-de keteni matany we elin ýüpekden islendik zenanyň göwnünden turýan dürli şekilde, reňklerde we ululykda bolan milli ýaglyklary öndürýän “Dostluk” kärhanasy ýene-de dokma pudagyna wekilçilik edýärler. Sergi merkeziniň birinji gatynyň merkezi böleginde “Gülzaman” hususy kärhananyň ajaýyp önümleri ýerleşdirildi. Bu önümler milli röwüşde taýýarlanan ajaýyp gül desselerinden we özboluşly toý lybaslaryndan ybaratdyr.

Türkmenstanlylaryň ýaşaýşynyň täze ülňülerini, gözellige we sagdynlyga ymtylýandygyny özboluşly görkezýän “Gezelenç” atly pawilonda kosmetologiýa hyzmatlaryna degişli döwrebap ugurlar görkezilýär. “Çebşek” , “Idris”, “Ajaýyp ussat” atly kärhanalar lukmançlyk we weterinariýa serişdeleri hem-de enjamlary boýunça hyzmatlary teklip edýärler.

Birkemsiz bezelen we süýji nygmatlar bilen gelenleriň ünsüni çekýän pawilonlaryň onlarçasynda sergä gelen myhmanlar ýurdumyzyň telekeçiliginiň azyk öndürmek boýunça gazananlary bilen tanyşdyrylýar. Bu ýerde “Hasar”, “Misgär”, “Oguzhan” ýaly iri önüm öndürijiler, süýji önümleri – tortlary taýýarlamakda tanalýan “Ýunus”, çörek we çörek önümleriniň adygan görnüşlerini taýýarlaýan “Tomus” atly hojalyk birleşikleri dürli görnüşdäki süýji nygmatlary görkezýärler.

Ýurdumyzyň süýde degişli bazarynda hem bäsdeşlik uludyr. Häzirki wagtda satyjyny harydyň dürli görnüşleri bilen haýran galdyryp bolmaýar, indi täzeçe çemeleşmeler, döwrebap ugurlary ösdürmek zerurdyr, “Elin” atly süýt önümini hem-de çagalaryň we ulularyň halaýan “Salkyn”, “Paýhas”, “Erteki” ýaly doňdurmalary öndürijiler muny aýdyň görkezýär. Olaryň özboluşly görnüşde bezelen pawilonlary süýt önümlerini halaýan köp sanly adamlaryň ünsüni has-da özüne çekýär, çünki önüm öndüriji diňe bir ýokary hilli we dürli görnüşdäki önümlerini hödürlemek bilen çäklenmän, myhmanlarda ýakymly täsir galdyrmaga çalşypdyr.

“Bereketli” zawody we beýleki hususy kärhanalar serginiň açylyşyna gabatlap, ýörite et önümleriniň täze görnüşlerini – dürli görnüşdäki üwelen, kakadylan önümleri, şöhlatlary we beýlekileri taýýarladylar. Adatça iri “Guş toplumy” guşçulyk toplumy özüniň täze işläp taýýarlamalaryny we tehnologiýalaryny – guş etinden taýýarlanan şöhlatlaryň, üwelen we kakadylan etleriň we beýlekileriň täze görnüşlerini görkezdi. Şeýle hem “Altyn hilal” kärhanasy we her ýylda 21 million ýumurtga öndürýän we olary ýurdumyzyň bazarlaryna ýetirýän “Hoş zaman” guşçulyk fermasy obasenagat toplumynda gazananlary bilen tanyşdyrýar.

Ýurdumyzyň dürli welkatlaryndaky özbaşdak telekeçileriň önümçilikleri hem häzirki döwürde işe göwnejaý çemeleşmegiň – öňdebaryjy tehnologiýanyň ornaşdyrylmagyny, ýerli çig malyň has köp möçberde ulanylmagyny, täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmegini ugur edinmeginiň aýdyň mysaly bolup biler. Sergide ýurdumyzyň dürli welaýatlarynyň telekeçileri tarapyndan hödürlenen “Häkim” we “Täze aý” atly söwda görnüşli şöhlat önümleri, şeýle hem dürli görnüşdäki süýji, süýtden öndürilen hem-de çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşleri, gaplanan önümler, kakadylan miweler görkezildi.

Sergide bal aryçylygyna degişli elin balyň dürli görnüşlerini we beýlekileri ilkinji gezek hödürlän Daşogzuň bal aryçylary jemgyýetiniň önümleri bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi.

Sergide Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginden telekeçi Orazgeldi Anzarow köp ýyllaryň dowamynda tohumçylyk işinde gazanan oňyn netijelerini görkezdi. Onuň janly eksponatlary – üç sany göle daşary ýurtlaryň belli “Monbelýard”, “SWIS” we “Golstin” tohumlary bilen üstünlikli çakyşdyrmagyň netijesi bolup durýar.

“Bereket”, “Ak daş”, “Ýakymly suw” atly hususy kärhanalar alkogolsyz içgileriň, miwelerden taýýarlanan şireli suwlaryň, çaýyň we kwasyň, gaplanan gök ekin önümleriniň önümçiligi bilen tanyşdyrýarlar.

Sergä gelenlere telekeçileriň serginiň açylyşyna gabatlap taýýarlan süýji nygmatlaryny dadyp görmäge mümkinçilik döredildi.

Milli telekeçileriň we halyçylyk hem-de sowgatlyk önümlerini öndürmek bilen ýörite meşgullanýan senetçileriň döwrebap haly önümleri hem bu ýere gelenleriň ünsüni çekdi. Käbir telekeçiler özboluşly önümlerini – milli ýüpek halylaryny, geýimini, şaý-sepleri we el işlerini, şeýle hem türkmen paýtagtynyň gözel künjekleri şekillendirilen dürli sowgatlyk önümlerini görkezýärler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçilik mekdebi, “Soltan dag”, “Araçy” we “Şirgazy” atly hususy kärhanalar bilim we hukuk boýunça hyzmatlary hödürleýärler. Ilkinji hususy “Rysgal” atly gazet hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine gabatlap ýurdumyzyň telekeçileriniň gazananlaryna bagyşlanan we birkemsiz bezelen sanyny taýýarlady.

“Aýan Travel” we “Owadansyýahat” atly syýahatçylyk kärhanalary sergä gelenlere, ilkinji nobatda daşary ýurtly hyzmatdaşlara öz mümkinçiliklerini görkezýärler, şonda haly görnüşindäki täsin eksponat – “Beýik Ýüpek ýolunyň” jikme-jik görkezilen geografik kartasy şekillendirilýär. Ýöriteleşdirilen diwarlyklarda syýahat edilýän, şol sanda Türkmenistanyň goralýan tebigy ýerleri boýunça göz öňünde tutulan atly geçilýän hem-de ýurdumyzyň bütin dünýäde belli taryhy – medeni ýadygärlikleri, şeýle hem syýahatçylyk boýunça operatorlar tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän ugurlar barada jikme-jik düşünje berilýär.

Bezegli çap etmek boýunça innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bäsdeşlige ukyply neşir önümleriniň öndürilmegini ösdürmek telekeçilik işiniň esasy ugry bolup durýar. Sergide “Seýrana mahabat” atly mahabat firmasy we “Şanur” kärhanasy şu ugur boýunça öz hyzmatlaryny we tekliplerini hödürleýär.

Ulag arkaly ýetirmek we harytlary gaplamak boýunça hyzmatlary hödürlemek bilen meşgullanýan telekeçileriň, “Awtolaýn Türkmenistan” hojalyk jemgyýetiniň, “Ojar Aziýa” atly hususy kärhananyň, kartondan gaplary öndürýän “Toprak” atly iri kärhananyň görkezýän zatlary söwda we dürli hyzmatlar boýunça telekeçiligiň batly depgin bilen ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Sergi bu ýere gelenlere diňe bir ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň gazananlary bilen göwnejaý tanyşmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, täze iş buýrujylaryň we tutuş ýurtdan sarp ediş bazarynda öz harytlarynyň ýerlenmegini maksat edinýän hyzmatdaşlaryň ünsünsi çekýän ýere öwrüldi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda ýurdumyzyň telekeçiliginiň gazananlaryny gözden geçirmegiň barşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahaty geçirildi, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň telekeçileri gatnaşdylar. Şu maslahatda ýygnananlar ösüşiň we täzelikleriň eýýamynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde goýan anyk wezipelerini berjaý etmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.

Ertir sergi öz işini dowam eder.