Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 802
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdylla Gülüň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikde sazlaşykly ösýän döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki dostlukly döwletiň baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Söhbetdeşleriň aýratyn belleýişleri ýaly, türkmen we türk halklary däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna gadyr goýýarlar. Hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagy häzirki taryhy eýýamda sebitde oňaýly syýasy-ykdysady ýagdaýyň saklanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň baştutanlary köp asyrlyk taryhy-medeni we iki halkyň ruhy ýakynlygyna daýanýan türkmen-türk gatnaşyklaryna oňyn baha berdiler we taraplaryň gatnaşyklaryň ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirýändiklerini nobatdaky gezek tassyk etdiler.

Ikitaraplaýyn pikire görä söwda-ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlyk netijeli häiýete eýedir. Onuň ösdürilmegine bolsa taraplar möhüm ähmiýet berýär. Yzygiderli geçirilýän işewürçilik – forumlary, sergiler, dürli derejedäki duşuşyklar, hususan-da, Türkmenistanyň Stambul şäherinde geçirilen maýa goýum forumy we Türkiýäniň harytlarynyň Aşgabatdaky sergisi hem-de olaryň dostlukly döwletleriň baştutanlarynyň ýokary bahasyna myhasyp bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklar türkmen-türk hyzmatdaşlgynyň möhüm ugry hökmünde görkezildi we ol hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkiýäniň hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak boýunça agentliginiň işiniň netijeliligini şertlendirýär. Mälim bolşy ýaly, bu agentligiň döredilmeginiň 20 ýyllygy iki ýurtda hem giň gerimde bellenildi.

Özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryny ähli möhüm ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmegiň we iki ýurduň, tutuşlygyna alnandan bosla sebitiň ykdysady taýdan ösmegine ýardam edýän täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda köp ugurly esasda, ilkinji nobatda bolsa iri halkara guramalarynyň we sebitleýin düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň meselelerine degip geçmek bilen, söhbetdeşler häirkizamanyň ählumumy wezipelerini çözmäge bir bitewi, ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň derwaýysdygyny bellediler.

Türkmenistanyň sebit boýunça goňşulary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny okgunly ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz ruhy we taryhy taýdan baglanyşýan halklaryň nurana hem-de baky juwan baýramy bolan Halkara Nowruz baýramçylygyna gatnaşjak myhmanlaryň hatarynda türkieli wekilleri görmäge örän şatdygyny aýtdy.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdylla Gül hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar we doganlyk türkmen we turk halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdiler.