Ï Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistanyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Ermenistanyň Prezidentiniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 649
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Öz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, döwlet Baştutanymyz Serž Sargsýany Ermenistanyň Prezidenti wezipesine täze möhlete bolan saýlawlarda gazanan ýeňşi hem-de işe girişmegi bilen gutlady we oňa berk jan saglyk, möhüm hem-de jogapkärli döwlet wezipesinde uly üstünlik arzuw etdi.

Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Ermenistanyň Prezidenti türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy hem-de öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly, köp ugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we giňeltmäge ygrarlydygyny mälim etdi.

Telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda söhbetdeşler döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän möhüm halkara we sebitara meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Prezidentleri ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berdiler hem-de söwda-ykdysady, ulag, energetika we beýleki pudaklardaky gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygyny bellediler.

Şunlukda, iki döwletiň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýan hem-de türkmen we ermeni halklarynyň taryhy taýdan medeni, ruhy umumylyklary bilen berkidilen gumanitar hyzmatdaşlygyň wajypdygyny bellediler.

Bilim we ylym, medeniýet we sungat ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň, däp bolan medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serž Sargsýana Ermenistanyň çäginde saklanyp galan taryhy ýadygärliklere, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna aýawly çemeleşýändigi we olar barada alada edýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýany özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleriniň diplomatik ýollar arkaly ylalaşyljakdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan hoşlaşanlarynda, birek-birege mähirli sözleri aýtdylar hem-de iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, hoşniýetlilik we rowaçlyk arzuw etdiler.