Şu gün Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2013” atly iki günlük halkara maslahat öz işini tamamlady. Bu wekilçilikli maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow başlangyjy bilen geçirildi. Türkmenistanyň Nebitag senagaty we mineral serişdeler ministrligi hem-de Söwda – senagat edarasy tarapyndan guralan foruma bu ýere ýörite gelen türkmen wekilýetiniň agzalary, şeýle hem dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan esasy nebitgaz kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň ýolbaşçylarynyň, alymlaryň we bilermenleriň 200-den gowragy gatnaşdy.
Maslahatyň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmek baradaky taslamalary maliýeleşdirmek meseleleriniň ençemesini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdiler. Hususan-da, türkmen ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleri Hazar deňziniň türkmen böleginde deňiz ýataklaryny işläp taýýarlamaga daşary ýurt maýalaryny çekmegiň dürli meseleleri barada gürrüň berdiler. Türkmenistanyň deňiz ýataklarynda iri maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesiniň wekilleri bu ulgamda toplan tejribelerini paýlaşdylar. Aýratyn mejlisde gazy öndürmek we ibermek, nebiti gaýtadan işlemek we nebit önümlerini çykarmak boýunça taslamalara maýa goýmagyň mümkinçiliklerine hem-de şertlerine garaldy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň türkmen tebigy gazyny ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak we energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmagyň ygtybarly hem-de durnukly ulgamyny döretmek barada öňde goýlan anyk maksady bar, bu öz nobatynda häzirki döwrüň has giň möçberli wezipesininiň—giň möçberli energetiki howpsuzlygy wezipesiniň çözülmegini üpjün eder. Munuň özi tutuşlygyna alnanda energiýa ibermek ulgamynda biziň ýurdumyzyň hereket etmeginiň logikasyny we hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň ýörelgelerini kesgitleýän möhüm pursatdyr, şol ýörelgeleri biziň döwletimiz goldanýar.
Mälim bolşy ýaly, energetiki serişdeleri turbageçirijileriň üsti bilen ibermek iri halkara işewürliginiň görnüşleriniň biridir. Şonda isleg hemişe durnukly ýagdaýda ýokarydyr we adatça bolşy ýaly, teklipden ýokary gelýär. Bu ýönekeý ýagdaýda düşündirilýär. Ýagny giň möçberli ykdysadyýet, emele gelen maliýe-ykdysady ýagdaýa garamazdan, energetika serişdeleriniň barha uly möçberlerine, ilkinji nobatda, uglewodorodlara mätäçlik çeker, ol bolsa ýakyn geljekde dünýä industriýasynyň esasy “ýangyjy” bolmagynda galar. Şu şertlerde uglewodorod çig malyny iri öndürijileriň, şol sanda Türkmenistanyň hem öz eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge, olary üstaşyr geçirmegiň hem-de sarp edijilere eltmegiň giňden ýaýran, häzirki zaman hem-de netijeli işleýän düzümlerini döretmäge çalyşýandygy düşnükli ýagdaýdyr.
Önüm öndüriji ýurtlar bar bolan çig mal binýadyna, özüniň geografiýa taýdan ýerleşişiniň aýratynlyklaryna baglylykda, ýerlemegiň täze bazarlaryny we degişlilikde olaryň gysga hem-de amatly ugurlaryny işjeň gözleýärler. Munuň özi diňe bir öz ykdysady garaşsyzlygyny we energetika howpsuzlygyny gorap saklamaga, isleg bildirýän hem-de öz milli bähbitlerini goramaga jogapkärli çemeleşýän däl, eýsem, giň möçberli energetiki howpsuzlygy üpjün etmäge işjeň ýardam edýän çu mal öndüriji islendik döwlet üçin kadaly hem-de ähli babatda doly özüni ödän garaýyşdyr. Türkmenistan hut şol döwletleriň hataryna degişlidir we öz täze taryhynda hiç haçan we hiç kime muňa ikirjiňlenmäge esas bermedi.
Energetika howpsuzlygy biziň ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň möhüm şertidir we şeýle bolmagynda galar. Muny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ençeme gezek nygtap geçdi. Şunda energiýa serişdelerini ibermegiň düzümlerini diwersifikasiýalaşdyrmak ýa-da başga sözler bilen aýdylanda, alternatiw ugurlary amala aşyrmak häzirki wagtda peýdaly täjirçilik taslamasyndan ähmiýeti uludyr. Häzirki şertlerde energetiki akymlary diwersifikasiýalaşdyrmak täze ýurtlary we sebitleri ugurlaryň geografiýasyna goşmak giň möçberli ykdysadyýete zerur durnuklylygy üpjün etmäge, ony gyşarmalardan hem-de ýoýulmalardan howpsuz etmäge, sagdyn bäsleşik esasynda halkara energetika bazaryna gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitleriniň sazlaşygyny üpjün etmäge ukyplydyr.
Megerem, dünýä ykdysadyýetiniň bu pudagynda agdyklyk etmek geçmişe öwrülýär, dünýäniň dürli sebitlerinde, ilkinji nobatda, çalt ösýän döwletler tarapyndan energiýa serişdelerine okgunly artýan isleg, dünýä syýasy ýagdaýynyň umumylykda özgermegi, giň möçberli wehimleriň hem-de howplaryň häsiýeti we mazmuny energiýa serişdelerini ibermegiň alternatiw ugurlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin täze usullary agtarmagy obýektiw ýagdaýda höweslendirýän şertler bolup durýar. Olaryň haýsyny saýlamak bolsa ol ýa-da beýleki anyk taslama gatnaşyjylaryň özbaşdak hukugy bolmagynda galýar.
Türkmenistan bu meselede döwlet strategiýasynyň aýdyň beýan edilen ýörelgeleriniň, öz serişdeler binýadyna we ony geljekde ulanmagyň mümkinçiliklerine anyk baha bermek esasynda olaryň ugurlarynyň geografiýasyny üýtgetmezden energiýa ibermeleriniň birini beýlekiler bilen çalyşman, eýsem, täze geljegi uly bazarlara çykmagyň hasabyna ony giňeltmegiň we baýlaşdyrmagyň görnüşini seçip aldy.
Iri BP kompaniýasynyň 2012-nji ýylyň iýulynda Aşgabat şäherinde geçiren tanyşdyryş çäresi uglewodorod çig malynyň gorlary boýunça dünýäniň baý energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň derejesini ýene-de bir gezek tassyklady. Iri “Galkynyş” gaz ýatagyny senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyry bu ugurda amala aşyrylýan iri taslamalaryň biri bolup durýar, onuň “mawy ýangyç” gorlary 26 trillion kub metrden geçýär.
Häzirki wagtda daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň, şol sanda Birleşen Arap Emirliklerinden hyzmatdaşlaryň gatnaşmagy bilen bu ýerde ulanyş guýylaryny burawlamak, gazy kükürtden arassalamak we eksporta ibermek üçin taýýarlamak boýunça enjamlary, gazy gaýtadan işleýän zawody, ähli zerur ýer üsti düzümleri gurmak, şeýle hem “Şatlyk” basyş bekedine çenli uzynlygy 100 kilometre golaý bolan gaz geçirijini çekmek boýunça işler alnyp barylýar.
Şu basyş bekedinden we “Belek” basyş bekedine çenli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda “Türkmengaz” we “Türkmengazgurluşyk” döwlet konsernleri öz güýçleri bilen ýurdumyzyň çäklerinde iň uzyn “Gündogar-Günbatar” gazgeçirijiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirýärler. Uzynlygy 800 kilometre golaý bolan gazgeçiriji ähli ýerli gaz geçirijileri bir bitewi halka birleşdirmäge hem-de türkmen energiýa serişdelerini dürli ugurlarda halkara bazarlaryna çykarmagyň ygtybarly hem-de durnukly ulgamyny döretmäge mümkinçilik berer.
Taslamany durmuşa geirmegiň çäklerinde täze gaz geçirijiniň ugrunda basyş beketleriniň sekizisi gurlar. Gazgeçirijini çekmegiň ähli ugry boýunça gurluşyk işleri çalt depginlerde alnyp barylýar. Ony 2015-nji ýylda ulanmaga bermek bellenildi.
Bu gaz geçirijiniň peýdaly taraplaryna göz ýetirmek üçin hünärmen bolmagyň zerurlygy ýokdur. Gazy ibermekde onuň mümkinçilikleri gündogar ugur boýunça hem, geljegi uly günbatar ugry boýunça hem “mawy ýangyjy” ibermäge mümkinçilik berer.
Türkmen energiýa serişdelerini bermegi diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, häzirki wagtda kuwwaty bir ýylda 33 milliard kub metr bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gazgeçirijisini gurmak boýunça işleri durmuşa geçirmek çalt depginler bilen alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň maýynda Halkara III gaz kongresiniň çäklerinde türkmen tebigy gazyny ibermegiň, satyn almagyň, satmagyň we üstaşyr geçirmegiň meselelerini düzgünleşdirýän ylalaşyklara we beýleki resminamalara gol çekilmegi geçirilen uly taýýarlyk işleriniň jemi boldy, tebigy gazyň gorlary bolsa ýeterlik derejededir.
Ýewropanyň ýurtlaryna energiýa serişdelerini ibermegi guramak mümkinçiligine häzirki wagtda türkmen gazyny eksport etmegiň geljegi uly ugurlarynyň ýene-de biri hökmünde garalýar. Bu babatda şu ugur boýunça gazgeçirijisini gurmagyň taslamasy işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar.
Gorlary boýunça eýýäm ýatlanyp geçilen “Galkynyş” gaz ýatagy, Hazar deňziniň türkmen böleginiň, Amyderýanyň sag kenarynyň, Türkmenistanyň günorta-gündogar böleginiň we başgalaryň nebitiň we gazyň heniz işlenip geçilmedik ýataklary we geljegi uly meýdançalary türkmen nebitgaz ýataklarynyň örän baýdygyny tassyklaýar. Halkara bilermenleriniň baha bermegi boýunça ýakyn geljekde gyzyklanýan ähli taraplaryň isleglerini üpjün etmek üçin Türkmenistanda nebitgaz serişdeleriniň möçberi ýeterlikdir, ol şertli ýangyjyň 71 milliard tonnasyndan gowrakdyr.
Şeýlelikde, häzirki wagtda Türkmenistanyň bütin çäkleri, şol sanda Hazaryň deňiz ýalpaklygy täze nebitgaz ýataklaryny agtarmak babatda uly gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin hem ýakyn wagtlarda ýataklaryň çuň geologiki gurluşyny öwrenmek, nebit we gaz üçin geljegi uly gatlaklary ýüze çykarmak, nebitiň we gazyň mümkinçiliklerine geljekde baha bermek we olary gorlaryň senagat toparyna geçirmek bilen ýataklary çuňňur agtaryş-gözleg taýdan burawlamaga taýýarlamak boýunça geofiziki barlaglaryň möçberleri ep-esli artdyrylar.
Nebit we gazhimiýa ugry, ýagny, polietilen, polipropilen, poliwinulhlorid, şeýle hem karbamidoformaldegid smololary ýaly organiki polimerleri hem-de olaryň esasynda alynýan dürli boýaglary, ýelimleri, gurluşyk we gurnama materiallaryny öndürmegi ýola goýmak Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmegiň ýene-de bir geljegi uly ugry hökmünde çykyş edýär. Maslahatda bellenip geçilişi ýaly, tebigy gazyň uly gorlarynyň bolmagy netijesinde içerki bazar we eksport üçin bu önümleri öndürmek ykdysady taýdan maksada laýykdyr.
Gaz himiýasy babatda täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ýokary hilli dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply himiýa önümlerini öndürmek boýunça senagat kuwwatlyklaryny giňeltmäge ýardam eder, bu öz nobatynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň artýan isleglerini ençeme ýyllar üçin kanagatlandyrmaga, şeýle hem onuň eksportunyň möçberlerini ynamly artdyrmaga mümkinçilik berer.
Tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemegi ýola goýmagyň ýurdumyzyň çalt ösýän gazhimiýa pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy höweslendirjekdigi hem möhümdir. Bilermenleriň çaklamalary boýunça tebigy gaz we gazhimiýa pudagy XXI asyryň dünýä ykdysadyýetinde we energetikasynda geçen asyrda nebitiň we nebithimiýa ugrunyň tutýan orny ýaly orny eýeleýär.
Türkmenistan tebigy gazy has çuň we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge, ony gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň eksportdaky paýyny artdyrmaga çalyşmak bilen diňe bir tebigy gaz, çig nebit ýaly ilkinji gezek ulanylýan energiýa serişdeleriniň bazarynda öz ornuny ep-esli giňeltmek bilen bir hatarda, eýsem, gymmat bahaly himiýa önümleriniň has peýdaly bazarynda mynasyp orny eýelär.
Şu foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň nebitgaz toplamynyň häzirki güni barada doly maglumatlary almak we onuň ösüşiniň ýagdaýy bilen ýakyndan tanyşmak üçin täze döredilen ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdebiniň ähmiýetini bellediler. Şu ýyl milli Liderimiziň gatnaşmagynda Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi okuwa ýurdumyzyň we dünýä ylymynyň iň soňky gazanylanlaryny, maglumatlar tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga, ylmy barlag işlerini işjeňleşdirmäge mümkinçilik berdi.
Bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazylyp alynýan baýlyklaryny dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny giňeltmek, nebitgaz pudagyny ösdürmek maksatnamalaryny ýokary hilli durmuşa geçirmek boýunça geçirilýän işleri kämilleşdirmäge saldamly goşant goşjakdygy şüphesizdir. Ýokary okuw mekdebinde gündelik tejribä öňde baryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Munuň özi mugallymlara we talyplara bu ýerde dürli barlaglary, ylmy tejribeleri geçirmäge mümkinçilik berer.
Umuman, maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň dünýäniň ählumumy energetika bazaryndan, hususan-da, Aziýa sebitinde ornunyň artýandygy bellenildi. Maslahata gatnaşyjylar sebiti ösdürmek üçin Hytaýa, Eýrana, Russiýa çekilen we häzir hereket edýän gaz geçirijileriniň halkara ähmiýetini, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň we geljegi uly Hazarüsti energetika köprüsiniň gurulmagynyň derwaýysdygyny nygtadylar.
Maslahatyň çäklerinde şeýle hem Türkmenistanyň ýangyç -energetika toplumynyň we BAE-niň, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Malaziýanyň, Koreýa Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň birnäçesiniň meşhur kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda köp sanly duşuşyklar geçirildi. Gepleşikleriň barşynda biziň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk babatda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy -2013” halkara maslahaty tamamalanandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, ýokary derejede geçirilen şu maslahata hemme taraplaýyn goldaw berendigi üçin hoşallyk bildirip, onuň netijeleriniň nebitgaz ulgamynda Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri bilen netijeli gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdiler.