Ozal habar berlişi ýaly, şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti Owganystan Yslam respublikasynda bolup, Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli çagalar öýlerinde terbiýelenýänler we okuwçylar üçin uly ýüki getirdiler. Owganystanyň resmi wekilleri we ýurduň birnäçe welaýatlarynyň ilaty türkmenistanly myhmanlaryň gelmegine ruhubelentlik bilen garaşdylar, Olar häzirki wagtda ýurdumyzyň gazanýan görlüp-eşidilmedik üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýarlar. Bu hoşniýetli çäre Türkmenistanyň parahat we durnukly durmuşy gurmagyň tapgyryny başdan geçirýän bu goňşy ýurt bilen dowtlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly maksadyndan gelip çykýar.
Duşuşyklarda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny ýene bir ýola äşgär edendigini bellediler.
Duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň wekilleri häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady, bilim we saglygy goraýyş, ylym we medeniýet ulgamlaryny, milli ykdysadyýeti mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen öňe sürülýän uly möçberli özgertmeler barada gürrüň berdiler.
Owgan tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň Owganystan babatdaky berk we yzygiderli garaýşy üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistan ýakyn goňşy bolmak bilen, hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde birnäçe taslamalary, şol sanda owgan halkyny ýeňillikli esasda elektrik energiýasy, şeýle hem suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edýär. Mundan başga-da türkmen hünärmenleri Owganystanyň çäginde möhüm ähmiýetli ykdysady desgalaryň gurluşyny alyp barýarlar. Munuň özi ilkinji nobatda elektrik energiýasyny geçiriji liniýalardyr, bular türkmen elektrik energiýasyny, diýmek öýlere ýagtylylygy we ýylylygy ýetirýär. Şeýle hem Türkmenistan owganystanly raýatlara bilim we saglygy goraýyş babatda yzygiderli muzdsyz kömek berýär.
Çagalar öýleriniň we mekdepleriň okuwçylary ýetip gelýän Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gowşurylan çagalar üçin niýetlenen sport geýimlerini, süýji nygmatlary, okuw depderlerini uly şatlyk bilen kabul etdiler.
Nowruz –munuň özi täze günüň, täze ýaşaýşyň başlanmagydyr. Adamlar iň oňat arzuwlaryny şu baýramçylyk bilen baglanyşdyrýarlar. Täze taryhy eýýamda Türkmenistanda gadymy Nowruz baýramy, Milli bahar baýramçylygynda öz beýanyny tapdy. Ýazyna gije-gündiziň deňleşýän gününe gabat gelýän hem-de tebigatyň janlanmagyny we ýaşaýşyň şatlygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramçylyk şanly seneleriň döwlet senenamasynda mynasyp orny eýeläp, türkmen halkyny asyrlarboýy milletiň mentalitetiniň özenini düzen parahatçylygyň, ýagşylygyň we döredijiligiň ýörelgeleri arkaly jebisleşdirýär . Bu baýramçylyk täzeden döreýşi, asylly işleri bitirmäge çalyşmagy alamatlandyrýar, munuň özi türkmen halkyna mahsus häsiýetdir. Häzirki wagtda türkmen döwleti ýurdumyzyň goňşy ýurtlar, ilkinji nobatda bolsa Owganystan bilen ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we baýlaşdyrmak hem-de özara hormaty has-da pugtalandyrmak ähli zerur şertleri döredýär.