Ï Täze durmuşy gurmak: adamyň abadançylygy – esasy ugur
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze durmuşy gurmak: adamyň abadançylygy – esasy ugur

view-icon 989
Mälim bolşy ýaly uly işler ownuk işlerden düzülýär. Gündelik, ýadawsyz zähmet bolmasa, ösüş we öňe gidişlik gazanmak hem-de meýilnamalary amala aşyrmak we uly üstünliklere ýetmek başartmaz. Uly işler we belent sepgitler bolsa, adamyň, işgärleriň toparynyň, ýurdumyzyň ömrüniň beýanyny düzýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sene ýazgysy şanly işleriň bitirilmegi, möhüm üstünliklere ýetilmegi bilen baýlaşýar, Bu eýýamyň belent ady döwlet Baştutanynyň - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oý-pikirleriniň we başlangyçlarynyň jebisleşdiriji güýji bilen birleşen we ruhubelent raýatlaryň müňlerçesiniň joşgünly we döredijilikli kalplarynyň şähdaçyklygy arkaly döredi.

Biz, döwürdeşler ata Watanymyzyň täze ykbalynyň, ýurdumyzyň durmuşyndaky üznüksiz özgertmeleriň şaýatlaryna we ony döredijilere öwrüldik diýip, ynamly aýtsak bolar. Şol özgertmeler taryhy eýýamy, ösüşiň täze derejesine ýetilmegini we ösüşiň täze ugurlarynyň döremegini aňladýar.

Biz iň oňat oý-pikirlerimizi we maksatlarymyzy, bilimlerimizi, başarnygymyzy, tagllalarymyzy we maksatlarymyzy göz öňünde tutup, bilelikde ýazýan kitabymyzda täze bölümi açýarys. Biz ata Watanymyzyň geljegi üçin ygtybarly binýadyň düýbüni tutýarys, her gün diýen ýaly tutuş ýurdumyzy gurşap alan örän uly gurluşyk meýdançasynda joşgunly işleriň batly depgin bilen alnyp barylýandygyny görkezýän täze subutnamalara beslenýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu gezek Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze obanyň gurluşygy baradaky Karary munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şu günler ýurdumyzda senagat we durmuş maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurulýar, täze ulag geçelgeleri çekilýär, tarp ýerler özleşdirilýär, has çetde ýaşaýan we ozal çöllük ýerler görlüp-eşidilmedik derejede özgerdilýär, täze obalary toplumlpaýyn gurmak, şeýle hem şäherlerde binalaryň tutuş toplumyny ulanmaga bermek indi adaty ýagdaýa öwrüldi.

Munuň özi täze döwrüň – çalt depgin bilen ösüş gazanylýan we düýpli özgetmieleriň geçirilýän döwrüniň ajaýyp nyşanyna, döwlet Baştutanynyň adamlaryň ýaşaýşy, olaryň abadançylygy we öz mümkinçiliklerinden peýdalanmagy üçin has oňaýly şertleri döretmegi maksat edinýändigini alamatlandyrýan ýagdaýa öwrüldi.

Mekdepler, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary, sport toplumlary, medeniýet merkezleri ýaly döwrebap binalaryň gurluşygynda binagärlik bilen bagly şol maksat öz beýanyny tapýar, bu ýagdaý hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli durmuş-ykdysady özgertmeleri, bu özgertmeleriň strategiki jähetini, şunda ileri tutulýan ugurlary we mundan beýläk-de ösüş gazanylmagyna mahsus ýagdaýlary aýdyň äşgär edýär. Meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn çemeleşmek häzirki döwürde esasy we kesgitleýji ýagdaýlaryň biri bolup durýar. Şunuň ýaly görnüşde maksatlaýyn çemeleşmek döwrebap nusgadaky täze obalaryň gurluşygy ýaly uly möçberli durmuş taslamalary arkaly amala aşyrylýar.

Hakykatyna garanyňda bu iş baryp 2007-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň günorta-günbatarsyndaky Esenguly şäherçesinden başlandy, bu şäherçe täze keşbe eýe bolup, welaýatlarda özgertmeleri amala aşyrmagyň Milli maksatnamasyna badalga berdi. Şondan bäri deňziň ýakasyndaky ýerler şäher gurluşygyna degişli we tehnologik innowasiýalaryň we batly depginde özgertmeleriň amala aşyrylýan ýerine öwrüldi, Hazaryň kenar ýakasynda döredilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy şu ugurdaky işleriň täsirli beýany diýlip hasaplanýar.

Tarp ýerlerde döredilen Döwletli, Altyn sähra, Ruhubelent etrap merkezleri şol maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde täze ilatly ýerleriň döwrebap keşbiniň döredilmeginiň mysalyna öwrüldi. Lebap welaýatynlda Garlyk şäherçesiniň düýbi tutuldy.

Diňe bir geçen 2012-näi ýylda uly binalaryň toplumy ulanmaga berildi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Berkarar obasy we Gökdepe etrabynda Yzgant obasy döwrebaplaşdyryldy: bu ýerlerde täze desgalaryň toplumlary ulanmaga berildi, olar bu ilatly ýerleriň keşbini düýpgöter özgertdi. Mary welaýatynda Bagtyýarlyk şäherçesinde, Balkan welaýatynda bolsa Belek şäherçesinde uly möçberli özgertmeler amala aşyryldy.

Indi Ahal welaýatynda Ýandaklyagyz geňeşliginiň çäginde täze obanyň gurluşygy başlanýar. Bu ýerde çagalar üçin 200 orunlyk çagalar bagy gurlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş türkmenistanlylar üçin gurulýan ähli binalar ýaly, bu çagalar bagynda körpeleriň wagtyny göwnejaý geçirmegi, olara tälim berilmegi, oýnamagy, döredijik we sport boýunça tälim berilmegi üçin oňaýly şertler dörediler. Iki ýyla golaý wagtdan soňra täze kompýuter we okuw-barlaghana enjamlary bilen üpjün edilen 400 orunlyk mekdep hem okuwçylar üçin öz gapylaryny giňden açar. Binalary gurmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesini, edara binalary we beýleki desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Galyberse-de, suw geçiriji we lagym ulgamlary, elektrik geçiriji we aragatnaşyk liniýalary, obanyň içindäki we birleşdiriji awtomobil ýollar gurlar.

Täze obada adamlaryň ýaşaýşy üçin ähli şertler dörediler: ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýldaryndan başlap, medeniýet we sport, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça edara jaýlary gurlar. Döwlet tarapyndan içgin üns berilmegi we hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi welaýatlarda ýaşaýşyň täze nusgasynyň döredilmegine gönükdirilen şunuň ýaly taslamalaryň ýokary derejeli bolmagynyň kepili diýlip hasaplanýar.

Häzirki wagtda oba degişli mesele döwlet syýasatynyň gün tertibinde durýan esasy meseleleriň birine öwrüldi. Munuň özi kanuna laýyk ýagdaýdyr. Çünki türkmen obasyny täzeden dikeltmek ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine degişli wezipeler bilen içgin baglanyşyklydyr. Bu toplum bolsa milli ykdysadyýetiň möhüm ugry, döwletiň azyk garaşsyzlygynyň esasy bolmak bilen çäklenmän, irki döwürlerden bäri ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanan türkmenleriň däbe öwrülen ýaşaýşynyň gurluşydyr we görnüşidir.

Binalaryň gurulmagy arkaly, oba ýerlerine Internet we sanly tehnologiýalar aralaşyp, döwrebap şäher infrastrukturasy we kommunikasiýalar gurulýar. Döwlet tarapyndan oba ýeriniň toplumlaýyn abadanlaşdyrylmagyna ep-esli möçberde serişdeler gönükdirilip, obanyň ýaşlar üçin özüne çekiji bolmagy, netijeli zähmet çekmek we gyzykly ýaşamak, telekeçilik işini alyp barmak, ussat işgärleri saklamak we ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we girdejileri artdyrmak, özboluşly medeniýeti saklamak, ýerli öz-özüňi dolandyryşy ösdürmek, bu ýerde uly, köp çagaly maşgalalaryň döremegi we berkemegi üçin oňaýly şertler döredilýär.

2012-nji ýylyň oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaşulalarynyň maslahatynda çykyş edende, şähere meňzeş görnüşdäki täze şäherçeleri gurmak we oba dolandyryş-çäk ulgamy ösdürmek barada aýdyp, her bir welaýatda synag hökmünde türkmen obasynyň täze nusgasyny döretmek, ony ösdürmegiň ykdysady we maýa goýumlary bilen bagly mehanizmlerini kesgitlemek üçin bir etraby bellemegi teklip etdi. Bu ädimler oba ýerinde ýaşaýşyň täze ülňülerini kemala getirmäge we berkarar etmäge müminçilik berer.

Şeýlelikde, bu ýerde durmuşy nädip gowulandyrmak baradaky ýüzleý düşünjeler we häli-şindi gaýtalanýan gürrüňler barada aýdylman, ýaşaýyş üçin amatly ýagdaýyň döredilmegine gönükdirilen hem-de ähli ilatly ýerleriň toplumlaýyn, oýlanyşykly ösdürilmegini göz öňünde tutýan täze şäher gurluşyk tejribesi barada gürrüň gidýär. Şunda adamyň abadançylygy ileri tutulýan esasy ugur bolup durýar.

Şoňa görä-de, ýakyn ýyllarda Türkmenistan durmuş ulgamyna degişli gurluşygyň möçberlerini asla çäklendirmegi maksat edinmeýär. Gaýta şu ugurda örän uly möçberli meýilngamalary amala aşyrmak bellenilýär. Döwlet Baştutany täze şäher gurluşyk konsepsiýasyny kesgitläp, ýurdumyzyň her bir raýatyny gurşap alýan ýaşaýyş giňişligini döwrebaplaşdyrmak we sazlamak boýunça toplumlaýyn wezipeleriň berjaý edilmegini şol konsepsiýanyň nesasy maksatlary hökmünde öňe sürdi.

Şunuň bilen baglylykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda öz çäklerini ýylsaýyn giňeldýän we täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny ösdürýän türkmen paýtagtynyň hem düýpgöter diýen ýaly täzeden abadanlaşdyrylýandygyny bellemek ýerlikli bolsa gerek. Şunda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-dynç alyş, seýilgäh we sport toplumlarynyň gurulýandygyny nygtamak gerek. Häzirki wagtda Aşgabatda möhüm ähmiýetli täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna girişilýär, şolaryň arasynda şäheri gurmagyň 12-nji nobatdakysynyň üstünlikli alnyp barylmagy we 13-nji nobatdakysyna badalga berilmegi aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Ähli döwrebap infrastrukturasy bolan belent ýaşaýyş jaýlary, şol sanda çagalar baglary, mekdepler, saglyk öýleri täze binagärlik toplumlarynyň özenini düzer. Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjigini -- sport desgalarynyň Orta Aziýa boýunça iri toplumyny gurmak boýunça amala aşyrylýan taslama hem üns berilmäge mynasypdyr. Şu toplumyň diňe birinji nobatdakysy sporta we durmuş infrastrukturasyna degişli desgalaryň 30-a golaýyndan ybarat bolar.

Bularyň ählisi, galyberse-de, ýurdumyzda demir we awtomobil ýollaryny, köprüleri, täze fabrikleri we zawodlary, infrastruktura degişli we durmuş-medeni maksatly desgalary we başga-da birgiden binalary gurmak boýunça uly möçberli gurluşygyň ýaýbaňlandyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň uludygyny görkezýär. Şol kuwwat hatda has çet künjeklerde ýaşaýan raýatlarymyz üçin häzirki zaman siwilizasiýasynyň eşretlerinden peýdalanmaga, ýaşaýşyň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Şu özgertmeleriň ählisiniň gerimi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz öňümizde goýan belent maksatlarymyza dolulygyna laýyk gelýär, şol maksat bolsa has-da rowaçlanýan, ýokary derejede ösen kuwwatly döwlet bomakdan ybaratdyr, şunda halkymyzyň abadançylygy ileri tutulýan esasy ugur bolup durýar.