Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 682
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak hem-de Aralýaka sebitinde ekologiýa howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2013-nji ýylyň 27-28-nji martynda Daşoguz şäherinde “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyny geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligine we Daşoguz welaýatynyň häkimligine bu halkara maslahatyny talaba laýyk guramagy we geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň dokma pudagynda gazanylan üstünlikleri görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde 2013-nji ýylyň 10-15-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň dokma senagaty önümleriniň sergi-ýarmarkasyny geçirmek tabşyryldy.

Karara laýyklykda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna sergi-ýarmarkasyny geçirmek üçin Täjigistan Respublikasynyň degişli edara görnüşli taraplary hem-de Türkmenistandan sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylar bilen zerur şertnamalary bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň dokma senagaty önümleriniň sergi-ýarmarkasyny geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek we pagtany gaýtadan işleýän pudagyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenpagta” döwlet konsernine Britan Wirgin adalarynyň “Engin Group Consorcium S.A.” kompaniýasy bilen Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhananyň hem-de onuň daşarky we içerki inžener üpjünçilik ulgamlarynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak;

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhananyň hem-de onuň daşarky we içerki inžener üpjünçilik ulgamlarynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak;

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda pagta arassalaýjy kärhananyň çäginde täze önümçilik bölüminiň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we desgalary 2015-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ganyň we gan önümleriniň durnukly goruny döretmek, ilatymyzy we bejeriş-öňüni alyş edaralaryny gan we gan önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de gan tabşyryjylary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2013-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap tabşyrylan gan we onuň düzüm birlikleri üçin pul tölegleriniň hem-de gan tabşyrylan güni gan tabşyryjylaryň naharlanmagynyň bahasynyň möçberi tassyklanyldy.

* * *

“Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 19-njy martynda çykaran 6293 belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrine, Türkmenistanyň Goranmak ministrine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Içeri işler ministrine, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.