Türkmenistanyň Prezidentiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşdy.
Iki goňşy dowletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp we ýene-de duşuşýandyklaryna kanagatlanma bildirip, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary we ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.
Prezident Hamid Karzaý ýurtda parahatçylykly durmuşy berkitmekde we ony durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde owgan halkyna berýän yzygiderli kömegi we goldawy, şeýle hem Nowruz baýramy mynasybetli golaýda iberilen ynsanperwerlik kömegi üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, Owganystanda Bitarap Türkmenistanyň öňdengörijilikli syýasatyna ýokary baha berilýär, iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkidýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýulýar. Bu syýasat bolsa sebitde geosyýasy deňagramlylygy, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm şertidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Owganystan bilen däp bolan dostlukly we oňyn gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem goňşy ýurduň ykdysady we medeni taýdan dikeldilmegine mundun beýläk-de hemmetaraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny tassyklady. Türkmen halky parahatçylykly we durnukly durmuş ugrundaky tagallalarynda owgan halky bilen raýdaşdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze tapgyry başdan geçirýändigini, munuň bolsa netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn we halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri, türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşdylar. Söwda-ykdysady ulgam, elektroenergetika, ulag, şeýle hem beýleki pudaklaryň ençemesi hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Iki goňşy döwletiň Baştutanlary türkmen-owgan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde däp bolan medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde ulag-aragatnaşyk we ýangyç-energetika toplumlarynda, has takygy, şu gün Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän üçtaraplaýyn duşuşygynda gürrüň ediljek üstaşyr demir ýoluny we Türkmenistan-Owganysan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak bilen baglanyşykly taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklar barada aýratyn durlup geçildi. Şol taslamalar bolsa oňa gatnaşýan ýurtlaryň halklaryna we tutuş sebite abadançylyk getirip, dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň özboluşly köprüsine öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Hamid Karzaý hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde beýan eden we ählumumy energetika howpsuzlygyny, Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegini üpjün etmäge, sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, şeýle hem häzirki zamanyň beýleki wajyp meselelerini çözmäge degişli başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň Liderleri türkmen-owgan gatnaşyklarynyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylygyň däplerine, taraplaryň hoşmeýilli erk-isleglerine laýyk derejede mundan beýläk hem berkidiljekdigine we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.