Ï Türkmenistan-Eýran: özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Eýran: özara bähbitli hyzmatdaşlyga täze itergi berilýär

view-icon 710
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežadyň gepleşikleri

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežad bilen gepleşikleri geçirdi, saparyň çäklerinde goňşy döwletiň baştutany Nowruz baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşdy.

Hormatly myhmanyň awtoulagy “Oguzhan” Köşkler toplumyna gelýär. Köşgüň eýwanynda belent mertebeli myhmany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylaýar. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşýärler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini köşgüň “Altyn” zalyna çagyrýar, şol ýerde ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabada gelmek we Nowruz baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi. Ajaýyp däbe görä, iki ýurduň, şeýle hem sebitiň beýleki döwletleriniň halklary Nowruz baýramyny giňden belläp geçýärler.

Prezident Mahmud Ahmadinežad türkmen topragynda mähirli garşylanandygy we myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz nobatynda, häzirki zamanyň ajaýyp syýasatçylarynyň we reformatorlarynyň biri hasaplanýan türkmen Lideri bilen her bir täze duşuşyga örän şatdygyny nygtady. Eýranyň baştutany soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanmak bilen belläp, bu duşuşygyň parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy berkarar etmäge çalyşýan iki goňşy döwletiň hem-de halklaryň arasyndaky gatnaşyklara täze itergi berjekdigini belledi. Jebisleşdiriji ähmiýete eýe bolan hem-de dostlugyň, doganlygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany bolan nurana Nowruz baýramy şu meýilleriň aýdyň beýany bolup durýar.

Özara düşünişmek we işewür, oňyn ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda söhbetdeşler döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen bellediler. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze anyk mazmuna eýe boldy. Işewür hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegi, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklarynyň giňeldilmegi munuň tassyklanmasy bolup durýar. Bu babatda söhbetdeşler döwletara ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem onuň ileri tutulýan ugurlarynda mundan beýläk-de gatnaşyk etmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mahmud Ahmadinežad Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň deňhukukly we özara peýdaly esasda guralýan doly möçberli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydyklaryny tassyklap, hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini we dürli pudaklarda ony durmuşa geçirmek üçin örän amatly şertleriň bardygyny nygtadylar.

Eýrana türkmen tebigy gazy iberilýän gaz geçirijileriň birnäçesiniň gurulmagy, şeýle hem Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň çekilmeginiň dowam etdirilmegi ýaly bilelikdäki iri taslamalar üstünlikli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mysallary hökmünde getirildi, şol demir ýoluň ähmiýeti sebitiň çäklerinden has uzaga çykýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçirilýän bilelikdäki medeni çäreler, festiwallar, sungat hepdelikleri we sergiler iki dostlukly döwletiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şol çäreleriň hatarynda şu ýylyň 26-njy fewraly – 1-nji marty aralagynda Aşgabatda Eýranda öndürilýän harytlaryň ýöriteleşdirilen VII sergisini, şeýle hem Eýranyň Maşat şäherinde guralan ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň sergisini görkezmek bolar.

Duşuşygyň barşynda taraplar sebitleýin we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň binäçesi boýunça hem pikir alyşdylar.

Soňra duşuşyk giňişleýin düzümde, Türkmenistanyň we Eýranyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.

Türkmen Lideri belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda ýene-de bir gezek mübärekläp we ýygnananlaryň ählisini Nowruz baýramy bilen gutlap, bu nurana bahar baýramynyň jebisleşdiriji ähmiýetini belledi. Bu baýramçylyk parahatçylyga we döredijilige çagyryp, täzelenmäge mümkinçilik berýär, adamlaryň kalbyna täze iň gowy umyt-arzuwlary ornaşdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň taryhy häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe boldy. Munuň özi, bir tarapdan, iki dostlukly ýurduň we halklaryň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, beýleki bir tarapdan bolsa, hyzmatdaşlygyň kuwwatynyň artmagy hem-de özara bähbitlere laýyklykda gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegi bilen şertlendirilendir. Bu kuwwatyň, hususan-da, energetika, ulag-aragatnaşyk we üstaşyr kuwwatyň ep-esli artmagy netijesinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň tutuş sebitde netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedigini aýtmaga esas berýär. Biziň şu günki duşuşygymyz hem bu hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etmelidir diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berditmuhamedow ikiçäk duşuşygyň jemleri barada aýdyp, ýokary we hökümetara derejelerinde ozal gazanylan ylalaşyklar babatda özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň artýan depginini kanagatlanmak bilen belledi. Biziň ýurdumyz mundan beýläk-de sebitleýin durnuklylygy, dünýä ösüşini üpjün etmäge oňyn täsir edýän ýakyn hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde mundan beýläk-de dowam etdirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýyny saklamaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin eýran tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz dürli derejede geçirilýän we däbe öwrülen duşuşyklaryň hem-de pikir alyşmalaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ugry boýunça oňyn işleriň döwletara gatnaşyklarynyň netijeli bolmagynda uly ähmiýete eýedigini belläp, maksatnamalaýyn esasda bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge meýillidigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary we dürli pudaklarda özara bähbitli giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň işi anyk ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan – Türkmenistan – Eýran halkara polat ýoluny gurmak boýunça taslamany durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtady, ol Ýewropadan gündogar ugra, Pars aýlagyna ýükleri daşamagyň has amatly ugruny üpjün eder.

Türkmen Lideri iki ýurduň arasyndaky däp bolan ynsanperwerlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň wajypdygyny belläp, bilelikdäki döredijilik forumlaryny geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň, Türkmenistanyň we Eýranyň ylym, medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini nygtady.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine söz berildi. Goňşy döwletiň baştutany mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda ýene-de saparda bolýandygyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýandygyna şatdygyny nygtady. Belent mertebeli myhman türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine ýokary baha berendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, öz tarapyndan, Eýranyň iki tarapyň hem meýilnamalaryna hem-de maksatlaryna laýyk gelýän teklipleri doly goldaýandygyny aýtdy.

Eýranyň Lideri Mahmud Ahmadinežad taryhy we medeni- ýakynlygyň berk binýadynda guralýan özara bähbitli gatnaşyklaryň geljegi barada durup geçip, iki halkyň bähbidine däp bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Mahmud Ahmadinežad söwda-ykdysady we medeni ynsanperwerlik gatnaşyklaryny giňeltmäge hemmetaraplaýyn taýýardygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, Eýranyň ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti iki ýurduň gadymdan gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlygyň eýýäm ýakyn geljekde hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Eýranyň Prezidenti ýygnananlaryň ählisini gadymy hem-de müdimi juwan Nowruz baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, bu baýramyň adamlara şatlyk paýlaýandygyny, geljege bolan ynamy berkidýändigini hem-de uly üstünliklere we ýeňişlere ruhlandyrýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mahmud Ahmadinežad doly möçberli döwletara gatnaşyklaryna hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler, syýasy erk-isleg we Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň bar bolan ägirt uly serişdeler hem-de ykdysady mümkinçilikleri şol gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň girewi bolup durýar.

Döwlet Baştutanlary hoşlaşanlarynda birek-birege saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň we Eýranyň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, bagt hem-de abadançylyk arzuw etdiler.