Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Elçin Ilýas ogly Efendiýewi kabul etdi. Ol biziň ýurdumyzda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen wekiliýete ýolbaşçylyk edýär.
Myhman söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz goňşy ýurduň wekiliýetiniň ýolbaşçysyna mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjanyň Prezidentiniň adyna iň gowy arzuwlaryny we täze durmuşyň dabaralanmagyny alamatlandyrýan nurana baýram mynasybetli gutlag sözlerini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz we myhman işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygynyň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halky özüniň iň ýakyn goňşulary bilen gatnaşyklara hemişe uly sarpa goýýar. Olar bilen hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti häzirki wagtda sebitde amatly syýasy-ykdysady ýagdaýyň bolmagyny kesgitleýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Elçin Ilýas ogly Efendiýew ilkibaşdan deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň has-da netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin iki ýurduň tagallalary edýändigini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, ädilýän möhüm ädimler, şol sanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň döredilmegi, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän geňeşmeler we işewür duşuşyklar hem muňa şaýatlyk edýär. Bularyň ählisi haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyna hem-de iki döwletiň Liderleriniň durmuşa geçirýän açyklyk we iki tarapyň hem bähbitlerine hormat goýmak syýasaty jähtinden amala aşyrylýan täze bilelikdäki taslamalary gyzyklanma bildirip, ara alyp maslahatlaşmaga ýardam edýär.
Ynsanperwerlik ulgamy hem häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, iki goňşy halkyň taryhy, medeni we ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir. Bu dostlukly halklaryň däp-dessurlary, şol sanda köp asyrlardan bäri nurana Nowruz baýramyny bellemek baradaky däpleri hem örän ýakyndyr.
Belent mertebeli myhman mähirli garşylanandygy we myhmansöýerlik, şeýle hem bu baýramçylyga gabatlanyp geçirilýän çäreleriň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, iki ýurduň halklaryny asyrlaryň dowamynda baglaşdyran dostluk-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Pursatdan peýdalanyp, belent mertebeli myhman türkmen paýtagtynyň gözelligine haýran galandygyny belledi. “Men Aşgabadyň täzeden gurulýandygyny bilýärdim, ýöne türkmen paýtgatyny görenimde, onuň hakykatdan-da hem göz ýetirdim. Men şunuň ýaly uly ösüşleri gazanan türkmen halkyna buýsandym” diýip, ol belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Elçin Ilýas ogly Efendiýew birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler.