Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Nowruz baýramynyň biziň ýurdumyzda baýram edilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin wekilçilikli wekiliýete baştutanlyk edip Gazagystan Respublikasynyň Mažilisiniň başlygynyň orunbasary Kabibulla Jakupowy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp duşuşanlygy üçin uly hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna bahar baýramy mynasybetli öz türkmen kärdeşine we dostlukly ähli türkmen halkyna parahatçylyk , bagt we rowaçlyk baradaky arzuwyny ýetiren Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň mähirli salam iberendigini aýtdy. Myhmanyň nygtaýşy ýaly, Gazagystanda düýpli özgertmeleriň ýolunda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar, ol türkmen Lideriniň yzygiderli ýöredýän öňdebaryjy syýasatynyň netijesi boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurduň wekiliýetiniň baştutanyna hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, parahatçylyk, ynsanperwerlik we özara ylalaşyk taglymlaryny beýan edýän aýdyň baýramçylyk bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine mähirli gutlaglaryny, doganlyk gazak halkyna bolsa iň gowy arzuwlaryny hem aýtdy. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, iki ýurduň halklaryny köp asyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we ruhy-medeni umumylyk birleşdirýär, ol täze taryhy eýýamda oňyn döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ygtybarly esasy boldy.
Milli Liderimiz we myhman ikitaraplyýyn hyzmatdaşlygyň giň topary boýunça gyzyklanyp pikir alyşmagyň barşynda soňky ýyllarda netijeli hyzmatdaşlygyň gazanylan ýokary derejesini we depginini belläp, iki ýurduň netijeli gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge çylyşýandyklaryny tassykladylar.
Döwletara ykdysady taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilişi barada durup geçmek bilen, halkara bazarlaryna energiýa serişdeleriniň ygdybarly hem-de durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmegiň meselelerini çözmegiň möhümdigini, şeýle hem tamamlanyp barýan, diňe bir öňa göniden-göni gatnaşyjylara däl, eýsem Ýewraziýa yklymynyň ähli ýurtlaryna ykdysady peýda getiriljek Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluny çekmegiň uly möçberli taslamasynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek we çuňlaşdyrmak, bu ugurda has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň müňkünçilikleriň bardygy hem nygtaldy.
Ynsanperwerlik ulgamy türkmen we gazak halklarynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän taryhy, medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanyp ösýän döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde bellenildi. Bellenip geçilişi ýaly, köp asyrlyk umumy däpleri bolan nurana Halkara Nowruz baýramynyň Türkmenistanda baýram edilmegi dünýäde ynsanperwerligiň, paýhaslylygyň, abadançylygyň we durnuklylygyň ykrar edilmegine ýardam eder.
Gazagystan Respublikasynyň Mažilisiniň başlygynyň orunbasary Kabibulla Jakupow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin, şeýle hem bu baýramçylyga bagyşlanan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin hoşallyk bildirip, iki ýurdy asyrlaryň dowamynda baglanyşdyrýan dostluk , doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalanjakdygyna ynam bildirdi.