Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat we syýahatçylyk ministri Sultan Raýewi kabul etdi. Ol biziň ýurdumyzda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip paýtagtymyza geldi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewyň mähirli salamyny we nurana Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny hem-de ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny gowşurdy. Nygtalyşy ýaly, Gyrgyzystan dostlukly Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýär hem-de türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän oňyn daşary we içeri syýasatyna ýokary baha berýär. Şunuň bilen baglylykda, jenap Sultan Raýew şu baýramçylyk günlerinde biziň ýurdumyza gelip görmäge we Nowruz baýramyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň adyna gutlag sözlerini we iň gowy arzuwlaryny aýdyp, goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyzistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Türkmen we gyrgyz halklaryny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary hem-de medeni däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Parahatçylygyň, döredijiligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemlän Nowruz baýramy asyrlaryň dowamynda kemala gelen şol däpleriň arasynda mynasyp orny eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de täze taryhy eýýämde bu ajaýyp bahar baýramynyň jebisleşdiriji ähmiýetini aýratyn belledi.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alşyp, häzirki wagtda iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, ähli ugurlur boýunça, şol sanda medeni-gumanitar ýaly möhüm ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, medeniýet we sungat ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de baýlaşdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Syýahatçylyk ulgamy we häzirki zaman maglumat tehnologiýalary özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň beýleki wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen döwletiniň Baştutany hem-de myhman Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.