Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

view-icon 685
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşdy.

Iki dostlukly ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp hem-de gadymdan bäri hoşniýetliligi we ruhy taýdan täzelenişi alamatlandyrýan bahar baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda—halkara guramalarynyň we aýry-aýry sebitleýin düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk hem işjeňleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanmak bilen belläp, döwletara gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak häsiýete eýe bolmagynyň Türkmenistana we Pakistana dürli derejede gazanylan ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmäge, uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işjeň işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini biragyzdan bellediler. Häzirki wagtda dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika toplumynda, gurluşykda, oba hojalygynda we beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi.

Asif Ali Zardari Pakistanda türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän hoşniýetli syýasatyna, şeýle hem parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy abadançylygyň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigini hem-de olaryň doly goldanylýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler we Pakistanyň halkara giňişliginde berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Günorta Aziýanyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek jähtinden Pakistanyň esasy hyzmatdaşlaryň biri hasaplanýandygyny nygtady.

Söhbetdeşler sebitleýin we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alşyp, iki ýurduň halklarynyň köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga taýýardygyny bellediler.

Türkmenistanyň we Pakistanyň Liderleri eýýäm ýakyn wagtda strategiki, oňyn hyzmatdaşlygyň giň möçberli bilelikdäki taslamalarda mynasyp dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler. Yklymyň iri energetika köprüleriniň biri bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen baglanyşykly taslama şolaryň esaslarynyň biridir. Umumy pikire görä, bu gaz geçirijiniň gurulmagy taslama gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady taýdan has-da ösmegine hyzmat eder, şeýle hem sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolar.

Ajaýyp milli däpleri aýawly saklaýan we nesilden-nesle geçirýän iki dostlukly halkyň ýakynlaşmagynyň wajyp jähedi bolan ynsanperwerlik ulgamy hem döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şol milli däpler bolsa bu halklaryň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolup durýar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Asif Ali Zardari ýene bir gezek birek-biregi Nowruz baýramy bilen gutlap, Pakistanyň we Türkmenistanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar. Bu halklary bolsa diňe bir taryhy we medeni ösüşiň umumylygy däl-de, eýsem, olaryň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge meýillidikleri hem baglanyşdyrýar. Bu gatnaşyklar goňşy ýurtlaryň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýär.