Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

view-icon 639
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleri dostlarça salamlaşyp we ýetip gelen Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk, bagt we abadançylyk arzuw etdiler. Söhbetdeşler dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna iki döwletiň üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň okgunly depginini kanagatlanmak bilen bellediler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon duşuşygyň dowamynda ozal gazanylan we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda uzakmöhletleýin esasda guralýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini göwnejaý durmuşa geçirmegiň zerurdygy nygtalyp geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň milli Liderleri dürli pudaklarda, hususan-da, dokma senagatynda netijeli işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümleriniň şu ýylyň 10-15-nji aprelde Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçiriljek sergi-ýarmarkasy geljegi uly pudakdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirer.

Ulag-aragatnaşyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanyp ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy, munuň özi iki döwletiň amatly geografiki ýagdaýy we üstaşyr geçirmek mümkinçilikleri bilen şertlenendir. Bu babatda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon täze demir ýoly çekmek boýunça bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmäge degişli meselelere ünsi jemlediler, bu demir ýol Türkmenistanyň Täjigistanyň we Owganystanyň polat ýollaryny birleşdirip, sebitleýin we halkara üstaşyr – ulag gatnawlarynda halkara ähmiýetli ulag geçelgesi bolar. Bellenip geçilişi ýaly, bu meseleler Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasynyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Halkara Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda şu günki üçtaraplaýyn Aşgabat duşuşygynyň gün tertibine giriziler.

Iki ýurduň Liderleri gumanitar – medeni hyzmatdaşlygynyň döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, bu ulgamda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, medeni hem-de döredijilik alyş-çalyşlarynyň özara peýdaly iş tejribesini dowam etdirmek baradaky pikiri aýtdylar.

Taraplar duşuşygyň barşynda özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar. Bu babatda täjik Lideri Täjigistanyň Bitarap Türkmenistanyň sebitleýin we giň möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmegiň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn daşary syýasatyny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri häzirki wagtda täze ýokary göteriliş ýagdaýyny başdan geçirýän däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.