Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy. Ol Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Aşgabadad geldi.
Mähirli garşylanandygy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, Tatarystan Respublikasynyň baştutany Türkmenistana ýene-de gelip görmäge döredilen mümkinçilige örän şatdygyny aýtdy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de türkmenistanlylaryň ählisini Halkara Nowruz baýramy bilen gutlady. Prezident Rustam Minnihanow baýramçylyk dabaralarynyň gerimine we köp öwüşgünliligine haýran galýandygyny beýan edip, milli Liderimize hem-de ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk, abadançylyk we giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda täze üstünlikler arzuw etdi. Şeýle hem Tatarystanyň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Nowruz baýramçylygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň iberen mähirli sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmek arkaly, mundan beýläk hem onuň iri sebitleri, hususan-da, Tatarystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýar diýip belledi. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasyny deňhukuklylyk, birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlere hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan hem-de köpden bäri dowam edýän dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.
Duşuşygyň barşynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň şu günki ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Taraplaryň pikirine görä, bu hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin häzir ähli şertler hem-de mümkinçilikler bar. Türkmenistanyň Prezidenti we Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti häzirki döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, hyzmatdaşlygy giňeltmäge iki tarapyň hem taýýardygyny tassykladylar. Şol hyzmatdaşlygyň esasyny bolsa özara gatnaşyklaryň üstünlikli tejribesi we onuň ägirt uly kuwwaty, şeýle hem iki halkyň taryhy hem-de medeni umumylygy düzýär.
Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, şeýle hem hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika toplumy we senagat pudagy, oba hojalygy, sport, syýahatçylyk we beýlekiler geljegi uly ugurlar hökmünde görkezildi.
Ynsanperwerlik ulgamyndaky gatnaşyklaryň hem örän wajypdygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, bilim hem-de ylym ulgamlarynda özara peýdaly hyzmatdaşylk üçin giň mümkinçilikler açylýar. Döwlet Baştutanymyz we myhman hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolan däp bolan medeni gatnaşyklary giňeltmegiň hem wajypdygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Rustam Minnihanow Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respbulikasynyň dostluk gatnaşyklaryna we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, iki doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine bu gatnaşyklaryň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.