Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ýokary wezipeli wekilini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň ýokary wezipeli wekilini kabul etdi

view-icon 703
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkara Nowruz gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewedaky bölüminiň Baş direktory jenap Kasymjomart Tokaýewi kabul etdi.

BMG-niň ýokary wezipeli wekili wagt tapyp kabul edendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirip, gysga döwrüň içinde ykdysadyýetde haýran galaýmaly üstünlikleri gazanan we hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurduň ýolbaşçysy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýene-de duşuşmaga şatdygyny belledi. Pursatdan peýdalanyp, jenap K.Tokaýew türkmen Liderini şu ýyl goňşy we doganlyk halklar bilen bilelikde Türkmenistanda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýän Halkara Nowruz güni bilen gutlady. Myhman hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, köptaraply işinde uly üstünlikler, şeýle hem türkmenistanlylaryň ählisine parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Belent mertebeli myhman döwlet Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Pan Gi Munyň tüýs ýürekden gutlag sözlerini we iň gowy arzuwlaryny ýetirip, BMG-niň Türkmenistan bilen köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini, ony jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady. Bu babatda jenap K. Tokaýew hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli öňe sürülýän, häzirki döwrüň giň möçberli meselelerini çözmäge degişli bolan hem-de Milletler Bileleşiginde giňden goldanylýan we ykrar edilýän halkara başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetlidigini we möhümdigini belledi. Şeýle hem myhman Birleşen Milletler Guramasynyň sebitde ähmiýetli orny eýeleýän we sebitleýin hem-de ählumumy howpsuzlygynyň berkidilmegine ägirt uly goşant goşýan Türkmenistanyň ýurduň milli Lideriniň paýhasly ýolbaşçylygy astynda durmuşa geçirýän daşary syýasat startegiýasyna ýokary baha berýändigini belledi. Türkmenistanyň halkara durnuklylygy we Owganystanyň parahatçylykly ösüşi boýunça işjeň orny eýeleýändigini bellemek bilen, BMG-niň ýokary wezipeli wekili türkmen döwletiniň goňşy ýurda elektroenergiýa ugratmak, ynsanperwerlikli kömek bermek bilen baglanyşykly anyk çäreleri durmuşa geçirýändigini nygtady.

Milli Liderimiz BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktoryna gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Pan Gi Muna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we BMG-niň uzakmöhletleýin esasda guralýan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen nygtap, bu iri abraýly gurama bilen strategiki hyzmatdaşlyga Bitarap türkmen döwletiniň üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady, dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem şol hyzmatdaşlygyň netijesidir. Biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Duşuşygyň barşynda durmuş-ykdysady, gumanitar, bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa we beýleki birnäçe ugurlary gurşap alýan däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň ýokary wezipeli wekili netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi hakynda hem pikir alyşdylar, soňky ýyllarda hyzmatdaşlygyň toplanan oňyn tejribesi we köptaraply mümkinçilikleri onuň ygtybarly esasy bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we jenap Kasymjomart Tokaýew Türkmenistanyň hem-de ählumumy abadançylyga we ösüşe ýardam etmek esasy maksady bolan Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins gatnaşdy.