Ï Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi

view-icon 660
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzy kabul etdi. Ol Halkara Nowrüz baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna geldi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyna Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gülüň hem-de Türkiýäniň Premýer-ministri Rejep Taýip Ärdoganyň mähirli salamyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk we ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň ýolbaşçylarynyň adyna Halkara Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlag sözlerini aýtdy. Türkmenistany we Türkiýäni köpasyrlyk dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Munuň özi häzirki taryhy eýýamda okgunly ösýän köp ugurly döwletara gatnaşyklarynyň oňyn şerti bolup hyzmat edýär.

Milli Liderimiz we myhman dürli ulgamlarda iki ýurduň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanmak bilen belläp, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ornuny aýratyn nygtadylar. Bu topar özüni ýokary we hökümetara derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ygtybarly guraly hökmünde görkezdi.

Duşuşygyň barşynda ilkibaşdan uzakmöhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralan netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenildi, şeýle hem esasy ugurlaryň birnäçesinde, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ynsanperwerlik ulgamlarynda däp bolan özara gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Däp bolşy ýaly, şol gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär.

Türkiýe Respublikasynyň energetika we senagat ministri Taner Ýyldyzyň nygtaýşy ýaly, ençeme ýagdaýlar, ilkinji nobatda ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleriniň üstünlige eýe bolmagy köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin berk esas döredýär. Şol oňyn özgertmeler bolsa dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň hatarynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny has-da berkitmäge ýardam edýär.

Myhman Türkiýäniň syýasy, jemgyýetçilik we işewür toparlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasat başlangyçlaryny hem-de üstünlikli amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri uly gyzyklanma we üns bilen synlaýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyza hem-de doganlyk türkmen halkyna parahatçylyk, durnuklylyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan wezipeleri çözmekde täze üstünlikler arzuw etdi.