Ï Üçtaraplaýyn Aşgabat duşuşygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Üçtaraplaýyn Aşgabat duşuşygy

view-icon 595
Şu gün türkmen paýtagtynda, ajaýyp Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmonyň arasynda üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, goňşy iki ýurduň Liderleri Türkmenistana Halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin geldiler.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki bu duşuşygyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan we häzirki eýýamda dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçlyk, parahatçylyk we döredijilik ýaly umumyadamzat gymmatlyklaryny alamatlandyrýan ajaýyp Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Bu müdimi gymmatlyklar we belent ynsanperwerlik ýörelgeleri gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň hüý-häsiýetiniň özenini düzüp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ählumumy abadançlygyň we ösüşiň bähbidine sebit hem-de halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilip ýöredilýän döwlet syýasatynyň esasyna öwrüldi.

Şu ýerde Aşgabatda geçirilen bu üçtaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça ylalaşyklaryň baglaşylandygyny hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamy ýaly möhüm we geljegine uly umyt bildirilýän özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýarldam berjek möhüm resminama gol çekilendigini öňünden belläsimiz gelýär. Bu ýerde täze “Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan” demir ýoluny gurmak baradaky taslama barada gürrüň gidýär, bu taslamanyň amala aşyrylmagy goňşy üç ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de sebit we halkara derejesinde häzirki döwürdäki ýagdaýlara laýyk gelýän köpugurly ulag düzüminiň döredilmegine uly goşant bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygy açyp, Owganystanyň Prezidenti Hamid Karzaýy we Täjigistanyň Prezidenti Emomaly Rahmony myhmansöýer türkmen topragynda ýene-de bir gezek mähirli we doganlarça mübärekläp, Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlary, şeýle hem Owganystanyň we Täjigistanyň wekiliýetleriniň agzalaryny umumy baýramymyz bolan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, döwlet we syýasy işlerinde üstünlikler, biziň döwletlerimiziň halklaryna bolsa – parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam edip, biziň ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri uly baýramçylyklaryň öň ýanynda adamlara peýda getirýän we olaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen ajaýyp işleriň başyny başlapdyrlar hem-de jaý gurmagy, ýol çekmegi, köpri gurmagy biziň halklarymyz hemişe asylly işler hasaplapdyrlar diýip aýtdy. Döwlet Baştutanymyz, ine, şu gün hem bu parasatly wesýetlere eýermek bilen, biz Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň arasynda köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürýäris diýip belledi.

Milli Liderimiz bu ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine pugta eýermek bilen alnyp barylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňe süren hem-de durnuklylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny goldaýandyklary üçin, Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentlerine minnetdarlyk bildirdi. Şoňa görä-de, biz şu duşuşyga Türkmenistany, Owganystany, Täjigistany we sebitiň beýleki ýurtlaryny güýçli depginler bilen ösdürmekde örän möhüm ähmiýeti bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de çözmek üçin oňat mümkinçilik hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, mälim bolşy ýaly, häzirki zaman dünýäsinde kommunikasiýalaryň ösüşiň örän ähmiýetli şertleriniň biri bolup hyzmat edýändini belledi. Dünýä giňişligine işjeň goşulyşmaga gönükdirilen kämil ulag üpjünçilik ulgamy bolmazdan, durmuş-ykdysady ugurda ýokary netijeleri gazanmagyň mümkin däldigi äşgärdir. Hormatly Prezidentimiz şundan ugur alyp, Türkmenistan hemişe giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mümkinçilik berýän ulag ugurlaryny diwersifikasiýa ýollary bilen ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş edýär diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu aýdylanlary nazara almak bilen we biziň üç döwletimiziň ägirt uly ulag-aragatnaşyk mümkinçiliklerini, ilkinji nobatda bolsa, geografiýa taýdan amatly ýerleşýändigini göz öňünde tutup, täze ulag ýoluny döretmek boýunça anyk çözgütleri kabul etmek üçin wagt geldi diýip belledi. Şoňa görä-de, türkmen Lideri «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» demir ýoluny gurmak baradaky başlangyjyň halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmakda möhüm we öz wagtynda ädilýän ädim bolup durýandygyny nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany biziň eýýäm bu iri möçberli taslamany durmuşa geçirip başlandygymyzy aýratyn bellemek isleýärin diýip aýtdy. Gürrüň Owganystanyň Prezidenti Hamid Karzaýyň 2011-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň dowamynda «Atamyrat–Ymamnazar–Akina–Andhoý» ugry boýunça demir ýol gurmak hakyndaky türkmen-owgan hökümetara Çarçuwaly ylalaşygyna gol çekilendigi hakynda barýar. Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen Lideri bu taslamany amala aşyrmakda Owganystanyň köp işleri alyp barýandygy üçin, Prezident Hamid Karzaýa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistandan Owganystanyň çäkleriniň üsti bilen Täjigistana demir ýol gurmagyň Prezident Emomaly Rahmon bilen yzygiderli duşuşyklarda hem ara alyp maslahatlaşylýan meseleleriň biridigini aýdyp, täjik kärdeşine bu taslamanyň ähmiýeti we netijeliligi barada hemişe anyk hem-de düýpli esaslandyrylan, peýdaly teklipleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu taslamanyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy biziň döwletlerimize dünýä bazarlaryna çykmak üçin täze, goşmaça mümkinçilikleri döreder we netijede halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamynda biziň döwletlerimiziň ornunyň pugtalanmagyna hyzmat eder diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu mesele baradaky gürrüňini dowam edip, şu günki duşuşykda biziň hökümetlerimiz tarapyndan ara alyp maslahatlaşmak üçin Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň taslamasy taýýarlandy diýip aýtdy. Üç tarapyň «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» demir ýolunyň taslamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen syýasy erk-islegini beýan edýän bu resminamada hyzmatdaşlyk etmegiň anyk usullary teklip edilýär. Şu usullar arkaly zerur bolan guramaçylyk, hukuk, maliýe, tehniki we beýleki meseleleriň ählisiniň üstünde işlemek wezipesi öňde durýar. Türkmen döwletiniň Baştutany hyzmatdaşlyk etmegiň usullarynyň öz wagtynda ulanylyp başlanmagy şu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmek boýunça işleri üstünlikli alyp barmaga ýardam berer diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň bu Ähtnama gol çekmäge doly taýýardygyny belläp, eýýäm şu ýyl «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» demir ýolunyň birinji tapgyry bolan «Atamyrat–Ymamnazar–Akina» böleginiň gurluşygyna başlamagy teklip etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýa söz berdi.

Owganystanyň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana gelip Halkara Nowruz baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşamaga çagyrylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Owganystan üçin uly ähmiýete eýe bolan täze wajyp ulag – aragatnaşyk taslama badalga berjek bu üçtaraplaýyn duşuşygyň guralandygy üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

Belent mertebeli myhman ara alnyp maslahatlaşylýan taslamany we türkmen tarapynyň ony eýýäm şu ýyl amala aşyryp başlamak baradaky teklibini doly goldaýandygyny aýdyp, täze “Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan” demir ýolunyň gurluşygynyň üç ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagyna, bu ýutlaryň abadançylygyna we yzygiderli ösüşine ýardam berjekdigini belledi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hamid Karzaý hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş doganlyk türkmen halkyna Owganystanda parahat durmuşyň hem-de bu ýurduň durmuş-ykdysady düzüminiň dikeldilmegine hemişe netijeli kömek we goldaw berilýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Doganlyk döwletiň Baştutany owgan halkynyň Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli syýasatyna hem-de onuň bütin dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy yzygiderli ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýändigini belledi.

Owganystanyň Baştutany Aşgabatdaky şu günki duşuşygyň goňşy üç ýurduň bähbitlerine, şeýle hem sebit we halkara derejesinde netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň maksatlaryna laýyk gelýän bu özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Hamid Karzaý Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Emomaly Rahmony, şeýle hem ýygnananlary bu ajaýyp bahar baýramy – Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutldap, owgan halkynyň adyndan Türkmenistanyň we Täjigistanyň dostlukly halklaryna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow manyly çykyşy üçin, owganystanly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmona söz berdi.

Täjigistanyň Lideri öz çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentini we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentini, şeýle hem duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisini ýetip gelýän Halkara Nowruz baýramy bilen mähirli gutlap, goňşy üç ýurduň halklaryny taryhyň dowamynda berkän dostlukly gatnaşyklaryň we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan medeni däp-dessurlaryň baglanyşdyrýandygyny belledi. Häzirki döwürde bu asylly däpleriň üsti täze many-mazmun bilen ýetirilýär we ol häzirki zaman döwletara gatnaşyklarynyň möhüm binýadyny emele getirýär.

Prezident Emomaly Rahmon türkmen Liderine Türkmenistana gelip, Nowruz baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallyk bildirip, goňşy üç döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem sebitde ulag ulgamyny ösdürmek hem-de onuň halkara ulag-aragatnaşyk düzüme netijeli goşulyşmagy bilen baglylykda şu günki duşuşygyň möhüm ähmiýetlidigini aýtdy.

Belent mertebeli myhman Bitarap Türkmenistanyň sebitde ynamy we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmaga önjeýli goşant goşýandygyny belläp, türkmen tarapynyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine, özara peýdaly halkara gatnaşyklarynyň, şol sanda ulag gatnawlary boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň we teklipleriniň dolulygyna oňlanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomaly Rahmon Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýollar arkaly kadalaşdyrmak we durmuş-ykdysady düzümi täzeden dikeltmek, halkara bileleşiginiň şu ugurdaky tagallalaryny mundan beýläk-de jebisleşdirmek baradaky başlangyçlaryny goldady.

Prezident Emomaly Rahmon “Türkmenistan -- Owganystan – Täjigistan” demir ýoluny gurmak boýunça taslamanyň amala aşyrylmagynyň biziň ýurtlarymyzyň ulag pudagyndaky örän uly kuwwatyndan peýdalanylmagyna ýardam berjekdigini belläp, öz gezeginde Täjigistanyň bu taslamany durmuşa geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görjekdigini nygtady.

Täjigistan Repsublikasynyň Baştutany uly möçberli we möhüm ähmiýetli taslama gatnaşýan ýurtlaryň umumy tagallalary arkaly taslamanyň üstünlikli amala aşyrylyp, sebit derejesinde netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň oňat mysalyna öwrüljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine göwnaçyk ýagdaýda kabul edildendigi we şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Çykyşyyň ahyrynda Prezident Emomaly Rahmon hemmeleri Halkara Nowruz baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň we Owganystanyň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidentine täsirli we manyly çykyşy üçin, minnetdarlyk bildirip, «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy hakynda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda Özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekmäge girişmegi teklip etdi.

Duşuşyga gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşlary astynda bu Ähtnama Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmon gol çekýärler.

Resminama gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen Lideri Owganystanyň we Täjigistanyň Baştutanlaryna hyzmatdaşlyk üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de şu günki ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň ajaýyp netijeleri bilen gutlady.

Soňra Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň bilelikdäki metbugat maslahaty boldy, şonda üç ýurduň Liderleri gepleşikleriň netijeleri barada gürrüň berip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti metbugat maslahatyny açyp, Owganystanyň we Täjigistanyň Baştutanlaryny, şeýle hem ýygnananlaryň ählisini biziň umumy we gadymy baýramymyz bolan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk we ähli gowulyklary arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşugyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, şonda ulag ulgamy ýaly möhüm ugurda üç döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geçirilen duşuşygyň esasy meselesine öwrülendigi aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutany döwletleri hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmegiň we kämilleşdirmegiň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy hemmelere mälimdir diýip aýtdy. Häzirki zaman dünýäsinde ýokary tehnologiýaly we giň gerimli ulag ulgamlary bolmazdan, iri möçberli taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini göz öňüne getirmek kyn. Şoňa görä-de, şu günki geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar bu ugra degişli meseleleriň tutuş toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara ykdysady giňişligine biziň ýurtlarymyzyň işjeň goşulyşmagyna ýardam berýän ulag ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýändigini aýtdy. Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän täze halkara ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmek boýunça Türkmenistanyň iri halkara başlangyçlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem Türkmenistan «Orta Aziýa–Hazar deňzi we Gara deňiz sebitleri» ugry boýunça ulag taslamasyny durmuşa geçirmegi hem işjeň ýagdaýda alyp barýar.

Hytaý, Hindistan we Aziýa–Ýuwaş umman sebitiniň beýleki döwletleri güýçli depginler bilen ösýär, bu bolsa Türkmenistanyň Uzak Gündogaryň, Günorta we Günorta–Gündogar Aziýanyň döwletleri bilen ulag ulgamynda öz gatnaşyklaryny täzeçe ýola goýmagyny talap edýär. Türkmen Lideri biziň ýakyn goňşularymyzyň hemişe ygtybarly hyzmatdaşlarymyz bolandygyny we bolmagynda galýandygyny nazara almak bilen, biz şu günki duşuşyga we onuň netijelerine ählumumy halkara ulag ulgamlaryny giňeltmekde Türkmenistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň alyp barýan arkalaşykly hyzmatdaşlygynyň möhüm tapgyry hökmünde garaýarys diýip aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň şu günki duşuşygyň gün tertibine girizilen ähli esasy meseleler boýunça ylalaşyk gazanandygyny belledi, şol duşuşygyň netijeleri boýunça «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy hakynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň arasynda Özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi.

döwletiniň Baştutany Owganystanyň çäkleriniň üstünden Täjigistana demir ýoluň gurulmagy biziň döwletlerimiziň hem-de sebitiň beýleki ýurtlarynyň dünýä bazarlaryna çykmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder diýip aýtdy. Şeýle hem Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylmagyna ýardam berer.

Sözüniň ahyrynda, Türkmenistanyň Prezidenti alyp barýan netijeli işleri üçin, owganystanly we täjigistanly kärdeşlerine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Öz gezeginde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý ýokarda agzalan demir ýoluň gurluşygynyň taslamasy Owganystan we oňa gatnaşyjy ýurtlaryň üçüsi üçin hem örän bähbitlidir diýip belledi. Owgan Lideri Türkmenistanyň Prezidentine Aşgabatda geçirilen duşuşyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu wakanyň üç goňşy döwlet üçin möhüm ýagdaý bolandygyny belledi.

Türkmenistandan Owganystanyň üsti bilen Täjigistana uzajak täze demir ýoly diňe bir üç ýurduň halklaryna peýda getirmek bilen çäklenmän, eýsem ol sebitde netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini şertlendirer diýip, Owganystanyň Prezidenti Hamid Karzaý belledi we bu taslamanyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona bu başlangyç üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, owgan lideri Owganystanyň öz tarapyndan üç ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyny şertlendirmek bilen bir hatarda olaryň arasyndaky däp bolan dolstlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna kuwwatly itergi berjek bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.

Owganystanyň parahatçylykly ösüşine gönükdirilen işjeň başlangyçlary üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna hoşallyk bildirmek bilen, Hamid Karzaý türkmen Lideriniň “Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan” demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine başlamak baradaky teklibini goldaýandygyny aýtdy.

Täjigistan Respublikasmynyň Prezidenti Emomali Rahmon Aşgabat duşuşugynyň guramaçylyk derjesine ýokary baha berip, onuň jemleri barada ýokarda aýdylanlar bilen doly ylalaşýandygyny belledi. Täjigistan hem üç goňşy ýurduň yzygiderli ösdürilmeginde, döwletara hyzmatdaşlygynyň berkidilmeginde möhüm orny eýelejek, şeýle hem Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine anyk goşant boljak täze demir ýoluň gurluşygynyň taslamasyna aýratyn ähmiýet berýär diýip, täjik Lideri aýtdy.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, Täjigistanyň Baştutany üç ýurduň arasynda ulag ulgamy boýunça özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi tutuş Orta Aziýada özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini şertlendirer diýip belledi. Prezident Emomali Rahmon gürrüňi dowam etmek bilen, “Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan” demir ýoluň gurluşygynyň taslamasy diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem sebitleýin we halkara derejesinde hem örän uly ähmiýeti bolar diýip aýtdy. Bu taslama ykdysady bähbitden başga-da sebitde we tutuş dünýäde durnuklylygyň, howpsuzlygyň pugtalanmagyny üpjün eder diýip, täjik Lideri nygtady.

Prezident Emomali Rahmonyň belleýşi ýaly, Täjigistan goňşy döwletler bilen dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda söwda-ykdysady we ulag ulgamyndaky türkmen-täjik gatnaşyklarynyň hil taýdan täze ösüşe eýe bolandygy bellenildi. Şeýle hem şunuň ýaly möhüm ulgamlardaky gatnaşyklar Täjigistan bilen Owganystanyň arasynda hem okgunly ösdürilýär.

Täjik Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň sebitiň ösüşine gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha bermek bilen, türkmen döwletiniň baştutanynyň Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň ösdürilmegi boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny aýtdy.

Aşgabat duşuşygynyň parahatçylygyň we dostlugyň baýramy bolan Halkara Nowruz baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilmeginde aýratyn many bar diýip bellemek bilen, Prezident Emomali Rahmon täjik tarapynyň “Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan” täze demir ýolunyň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ähli tagallalary etjekdigin ynandyrdy.

Soňra Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekiliniň demir ýoluň gurluşygynyň möhletlerine we bu ýoluň gurluşygynyň esasy maksady baradaky sowalyna jogap bermek bilen, 2011-nji ýylyň maý aýynda Prezident Hamid Karzaýyň Türkmenistana bolan saparynyň dowamynda biziň ýurdumyzdan Owganystana demir ýol gurmak barada türkmen-owgan Çarçuwaly Ylalaşygyna gol çekilendigini belledi.

Bu halkara ulag geçelgesiniň gurluşygy – giň gerimli, tehniki we guramaçylyk taýdan çylşyrymly taslamadyr. Türkmen Lideri bu demir ýoly gurmak bilen bagly taýýarlyk döwri her bir meseläniň üstünde jikme-jik işlemegi talap edýär diýip sözüni dowam etdi. Emma, muňa garamazdan, ol meseleleriň hemmesiniň bu pudagyň hünärmenleri tarapyndan doly işlenilip taýýarlanylandygyny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan-Owganystan -Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyna şu ýylyň iýul aýynyň birinji ongünlüginde başlanyljakdygyny habar berdi.

Soňra Täjigistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekili Türkmenistanyň Prezidentine sowal bilen ýüzlenip, bu demir ýoly Dostluk ýoly diýip atlandyrmak üçin doly esasyň bardygyny we bu ýoluň üç ýurduň halklaryny has ýakynlaşdyrjakdygyny aýtdy hem-de dostluk ýolunyň haýsy ugur boýunça we haýsy iri ilatly ýerleriň üstünden çekiljekdigini sorady.

Bu sowala jogap bermek bilen, milletiň Lideri bu demir ýoluň gurluşygynyň Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň çäginden başlanyljakdygyny habar berdi. Sebäbi ýakynda ol ýerde Amyderýanyň üstünden demir ýol köprüsi, gara ýol köprüsi guruldy, ol ýerde sement zawody guruldy, kaliý dökünini öndürýän kombinat gurulýar, Garlyk şäherçesiniň gurluşygy alnyp barylýar. Ýoluň gurluşygy, has anyk aýdylanda, Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherinden başlanylar. Şondan soň Ymamnazar şäherçesine çenli aralyk gurular. Olaryň arasynyň uzunlygy takmynan 85 kilometrdir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi. Soňra Owganystanyň Akina şäherine çenli aralyk gurlar. Eger-de, bu demir ýoly gurmak boýunça ýeterlik maýa goýumlary bolan ýagdaýynda Türkmenistanyň demirýolçulary Akinadan Andhoýa çenli aralygy hem gurup bererler diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Soňra Owganystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekili Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlenip örän çylşyrymly, zähmeti köp talap edýän bu taslama gatnaşyjylaryň tejribesiniň ýeterlikli boljakdygy bilen gyzyklandy.

Türkmen döwletiniň Baştutany bu sowala jogap bermek bilen, taslamanyň örän çylşyrymly işdigini nygtady. Diňe Atamyratdan Ymamnazara çenli iki sany köpri gurmaly. Ýöne Türkmenistan soňky ýyllarda demir ýol gurmak boýunça uly tejribe toplady. Biz demir ýollaryň ençemesini gurduk. Olardan Aşgabat-Daşoguz demir ýoluny, şeýle hem Atamyratdan Garlyk şäherçesine çenli uzynlygy 200 kilometre deň bolan polat ýoly gurandygymyzy görkezmek bolar diýip, milli Liderimiz belledi. Häzirki wagtda yklymüsti demir ýoly adyny alan “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň we anyk aýdylanda, uzynlygy 700 kilometrden geçýän ulag geçelgesiniň Türkmenistanyň Bereket demir ýol menzilinden Gazagystanyň serhedine çenli 500 kilometre ýetýän uzynlykdaky böleginiň gurluşygyny tamamladyk. Bu ýoluň ugrunda tok geçirijiler, aragatnaşyk ulgamlary we zerur bolan beýleki kommunikasiýalar bolup, ol halkara talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu ýoluň Eýrana barýan bölegi hem häzirki wagtda gurulýar. Ol hem halkara talaplaryna laýyk geler. Bu demir ýol ulgamy soňky demir ýol bilen birleşende Eýranyň üsti bilen Pars aýlagyna, beýleki tarapdan Gazagystanyň üsti bilen Ýewropa we Çyn-Maçyna çenli, günbatar tarapda bolsa Baltika deňzine çenli baryp ýeter diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Çykyşynyň ahyrynda türkmen Lideri ýygnananlaryň ählisini biziň umumy we gadymy baýramymyz bolan Nowruz baýramy bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de berk jan saglyk we ähli gowulyklary arzuw etdi.

Soňra metbugat maslahatynyň barşynda Pakistanyň habar beriş serişdeleriniň wekili Owganystanyň Prezidenti Hamid Karzaýa Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek we bu taslamanyň sebit üçin ähmiýeti bilen baglanyşykly sowaly berdi.

Owgan Lideri TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy sebitde iň möhüm ykdysady taslama bolmak bilen, Owganystan we oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini belledi. Bu iri möçberli taslamany dlurmuşa geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, Prezident Hamid Karzaý Aşgabatda birnäçe ýyl mundan ozal degişli hökümetara ylalaşyga gol çekilendigini ýatlady.

TOPH taslamasynyň Owganystan üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bitlen, owgan Lideri bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň sebitiň halklary üçin örän bähbitlidigini aýtdy. Prezident Hamid Karzaý Owganystanyň mundan beýläk-de taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin ykdysady we durmuşy nukdaýnazardan örän uly ähmiýeti bolan bu möhüm taslama bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdiniň üstünde netijeli işlejekdigini nygtady.

Soňra Assoşieýted – Press halkara habarlar agentliginiň wekili Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomaly Rahmona sebitiň halklarynyň arasyndaky medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň ähmiýeti baradaky sowal bilen ýüzlendi.

Bu sowala jogap bermek bilen, täjik Lideri bu möhüm ugurdaky özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär, Türkmenistanda sebitiň ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Halkara Nowruz baýramynyň giňden dabaralandyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr diýip aýtdy. Medeni-gumanitar ulgamdaky türkmen-täjik gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, soňky ýyllarda şeýle hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berildi we onuň üsti yzygiderli ýetirilýär diýip, Prezident Emomaly Rahmon jogap berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2010-njy ýylda kabul eden Rezolýusyýasyna laýyklykda, Nowruzyň halkara derejesine eýe bolmagy sebit boýunça medeni-gumanitar gatnaşyklaryň anyk netijeleriniň biri bolup durýar diýip, täjik Lideri belledi. Häzirki döwürde bu nurana baýramçylyk sebitiň döwletleriniň we halklarynyň arasyndaky dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegini we ösdürilmegini şertlendirýär.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de söz alyp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy baradaky gürrüňiň üstüni ýetirdi. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, bu iri taslama yzygiderli we tapgyrlaýyn amala aşyrylýar, degişli meseleleriň ählisi öz wagtynda çözülýär.

Hususan-da, şu ýylyň 17-19-nji martynda Bangkok (Tailand) şäherinde TOPH boýunça Tehniki işçi toparynyň 21-nji mejlisi boldy. Häzirki wagtda taraplaryň arasynda ýöriteleşdirilen “TOPH” kompaniýasyny döretmek meselesi boýunça degişli ylalaşyklar gazanyldy, onuň maliýe-ykdysady we hukuk esaslaryny kesgitlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şu kompaniýa döredilenden soň indiki tapgyr konsorsiumyň liderini saýlamak meselesi bolar. Şondan soňra TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek işi başlanylar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Soňra türkmen döwletiniň Baştutany Nowruz baýramy baradaky gürrüňe dolanyp, ertir Aşgabatda “Nowruz – parahatçylyk we ynsanperwerligiň baýramy” atly Halkara maslahatynyň boljakdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýlleýşi ýaly, häzirki döwürde öz köklerini uzak asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan bu baýram UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna girizildi. BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bolsa Nowruz baýramyna halkara derejesi berilýändigi baradaky Rezolýusiýa kabul edildi.

Türkmenistanyň Baştutany aýdylanlary jemläp, hemmeleri bu ajaýyp bahar baýramçylygy bilen ýene bir gezek gutlady we jan saglyk hem-de üstünlikler arzuw etdi.