Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän “Hazar deňzi - durnukly ösüş we dolandyryş” atly on günlük maslahat öz işini tamamlady. Ony ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy Halkara ummanlar instituty (IOI) bilen bilelikde gurady.
Maslahata Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Türkmenistanyň döwlet kärhanalarynyň, ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň we beýleki düzümleriniň tebigy serişdeleri we daşky gurşawy goramak, okeanologiýa, ekologiýa gözegçiligi, girometeorologiýa, deňiz menzilleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça iş alyp barýan hünärmenleri, şeýle hem halkara bilermenler we ýokarda agzalan ulgamlar boýunça IOI ylmy konsultantlar gatnaşdylar. Olaryň hatarynda Şweýsariýadan, Kanadadan we beýleki ýurtlardan gelen hünärmenler, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Ozal habar berlişi ýaly, maslahatyň maksatnamasy durmuş we ekologiýa ulgamlaryny gowulandyrmak, adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak, döwletlariň ykdysady ösüşini utgaşdyrýan dünýä ykdysadyýetiniň täze ugruny kemala getirmek ýaly halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny öz içine aldy. Mälim bolşy ýaly, bu möhüm mesele häzirki döwürde dünýä bileleşiginiň üns merkezinde durýar. Oňa ýüzýyllygyň iri forumlary bolan BMG-nyň daşky gurşaw we ösüş (Ýeriň Sammiti) Maslahaty we geçen ýylda Braziliýada geçirilen BMG-nyň “Rio+20” durnukly ösüş boýunça maslahaty bagyşlandy.
BMG-nyň daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň bilermenleriniň bellemeklerine görä, serişde tygşytlaýjy ykdysadyýete geçilmegi oba hojalygyny, raýat gurluşygyny, energetikany, balyk hojalygyny, tokaý hojalygyny, senagat önümçiligini, syýahatçylygy, ulag ulgamyny, suw serişdelerini we galyndylaryň gaýtadan işlenmegini öz içine alýan möhüm ugurlaryň ösüşine maýa goýum serişdelerini goýmagyň hasabyna amala aşyrylyp bilner. Ykdysady ösüşiň “ýaşyl zolagy” öz gezeginde jemi içerki önümiň tutuşlygyna we jan başyna düşýän has ýokary ösüş depginine bäş-on ýylyň dowamynda ýetip biler.
Ugurdaş dünýä ykdysadyýetiniň emele gelmegi esasynda adamzadyň umumy mirasynyň konsepsiýasy Hazar sebitinde doly özleşdirilýär. Bu deňiz bir tarapdan köl bolmak bilen, beýleki tarapdan bolsa suw kanallarynyň üst bilen Dünýä ummany bilen baglanyşýar. Hazar sebitiniň amatly geografiki ýerleşişi, baý uglewodorod, balyk we beýleki tebigy serişdeleri, oňaýly howa ýagdaýy bu künjeginiň Ýewraziýada sazlaşykly ösýän senagat, ulag-syýahatçylyk merkezine öwrülmegini şertlendirdi. Bu ýerde Hazaryň bir bitewi we pugta ekologiýa howpsuzlygy ulgamyny döretmek babatda ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy has-da ähmiýetli ýagdaýdyr.
Türkmenistan asylly başlangyçlaryň emele gelýän ýurdy hökmünde dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmek bilen bu ýerde bar bolan ekologiýa meselelerini ýörite halkara guramalary bilen ýygjam hyzmatdaşlyk esasynda çözmäge we öňüni almaga täze çemeleşmeleri öňe sürýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, ählumumy durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen we BMG-nyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hem-de “Rio+20” Bütindünýä sammitinde beýan edilen halkara başangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýle başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda BMG-nyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini açmak baradaky teklip bar. Türkmenistan ekologiýa ulgamynda esasy halkara resminamalaryna, hususan-da, BMG-nyň howanyň üýtgemegi hakyndaky Çarçuwaly konwensiýasyna we Kiot teswirnamasyna goşulmak bilen, daşky gurşawy goramak ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna taýýardygyny mälim edýär.
Biziň ýurdumyzyň şu meseleler boýunça tutýan orny “Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasynda” öz beýanyny tapdy. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzda tebigaty goramaga, tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga gönükdirilen yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.
Geçen ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy bilen Halkara ummanlar institutynyň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda gol çekilen Ähtnama laýyklykda geçirilen BMG-nyň “Rio+20” Konferensiýasynda öňe sürlen bagşlangyçlar bu gezekki maslahatyň barşynda jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu resminama ylmy-barlaglary taýýarlamak, daşky gurşawy, Hazaryň ekologiýasyny goramakda bilim we okuw maksatnamalaryny taýýarlamak boýunça ýygjam aragatnaşygyň ýola goýulmagyny nazarlaýar.
Maslahatyň maksatnamasyna “Ummanlary dolandyrmak syýasatynyň konsepsiýasy”, “Durnukly ösüş ýörelgeleri”, “ Kenarýaka zolagy dolandyrmak”, “Howanyň üýtgemegi”, “Deňziň ykdysadyýeti” ýaly ugurlar girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar ýöriteleşdirilen maksatnamalaýyn üpjünçiligi “BILKO” we “GIS” öz içine alýan häzirki zaman meýilnamalaşdyryş usullary we tehnologiýalary, şeýle hem tebigaty goraýyş işi, kartografiýa, geodeziýa, gidrogeografiýa, meteorologiýa, senagat we raýat gurluşygy ýaly dürli ulgamlarda ulanyp bilinjek kosmiki barlaglaryň maglumatlary bilen tanyşdylar.
Nebitgaz serişdelerini gözlemek we ulanmak, deňiz gurşawyny goramak, gämi gatnawyny kadalaşdyrmak, deňiz söwdasyny, ulag gatnawlaryny, deňiz menzillerini ösdürmek, gämileri hasaba almak, bagçylyk, şeýle hem Hazarýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny kemala getirmek babatda halkara hukuk kadalaryna aýratyn ähmiýet berildi. Şeýlelikde, duşuşygyň barşynda kenarýaka döwletleriniň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga we netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin hukuk esasyny döretmäge gönükdirilen binýatlyk resminama bolan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
hem Tähran konwensiýasynyň taraplarynyň 2012-nji ýylyň dekabrynda Moskwada bolan IV maslahatynda ähli Hazarýaka döwletleriň wekilleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramak we olaryň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere seretmek üçin hyzmatdaşlyk binýadyna öwrüljek Hazaryň ekologiýa forumyna hemişelik hereket edýän halkara guramanyň derejesini bermek bilen baglanyşykly başlangyjynyň mundan beýläk-de ilerledilmeginiň zerurdygy barada aýdanlaryny bellemeli.
Häzirki döwürde Türkmenistan tarapyndan täze döwletara resminamalarynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Olaryň hatarynda Hazarýaka ýurtlarynyň bu ulgamdaky özara gatnaşyklarynyň netijeli guraly kemala getirmäge gönükdirilen Hazar deňziniň biologiýa serişdelerini gorap saklamak we netijeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşyk, şeýle hem Hazar deňizindäki adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we onuň zyýanlaryny aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşyk hakyndaky Ylalaşyk bar. Şu mesele boýunça nobatdaky bäştaraplaýyn gepleşikleri şu ýylyň dowamynda türkmen paýtagtynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän milli we halkara maksatnamalar we taslamalar barada ýurdumyzyň bilermenleri çykyş etdier. Bellenilişi ýaly, daşky gurşawy goramagyň meseleleri durukly ösüşiň möhüm bölegi bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirmäýn syýasatynyň esasy düzýär. Bu babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Pudakda oňyn tejribe toplanyldy. Giň möçberli özgertmeler döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlaryny gurşap aldy. Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplyşdyrmak doly güýjünde alnyp barylýar. Ylmyň iň öňdebaryjy gazananlaryny, innowasiýalar giňden ornaşdyrylýar. Hususan-da, tutuş ýurdumyzy gurşap alan giň möçberli bag ekmek maksatnamasy bilen bir hatarda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň taslamasy üstünlikli durmuşa geçrilýär. Munuň özi türkmen topragynyň her bir künjegiňiň häzirki zaman we daşky gurşawa zyýansyz tehnologiýalary ulanmak arkaly adamlaryň abadançylygynyň bähbidine özgerdilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Biziň ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyna we durnukly ösüşe bolan ygrarlylygy Türkmenistanyň Milli Hazar meýilnamasynyň täze işlenip taýýarlanylan taslamasynda aýdyň tassyk bolýar. Şol resminamada daşky gurşawyň senagat desgalary tarapyndan hapalanmagynyň öňüniň alynmagyna we onuň zyýanlarynyň aradan aýrylmagyna gönükdirilen esasy wezipeleri we anyk çäreleri görkezilendir. Onda Hazaryň biologik köpdürliüligini saklamak, onuň biologiki serişdelerini netijeli peýdalanmak we ulanmak esasy orunda durýar. Şeýle hem Türkmenistanyň hereketleriniň Milli Hazar meýilnamasynda goraghana çäkleriniň saklanmagyna, ilatyň durmuş-ykdysady ýaşaýyş derejesiniň we ekologiýa babatdaky bilim derejesiniň ýokarlanmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Hazar meseleleri boýunça Pudagara topary ähli ugurlar boýunça netijeli işleýär. Onuň düzümine hazar sebitinde amala aşyrylýan ähli hojalyk işlerini, bu ýerde alnyp barylýan durmuş-ykdysady taslamalaryň dumuşa geçirilişine bilermenleriň garaýşyny tebigy serişdeleri özleşdirmek, gämi gurluşygy, daşky gurşawy goramak, gidrometeorologiýa we Hazara degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri we başlangyçlary taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky halkara ylalaşyklarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak meseleleri girýär.
Şeýle hem seminara gatnayşyjylar üçin medeni maksatnama göz öňünde tutuldy. Onuň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar Türkmenbaşy şäherine we Hazar döwlet goraghanasyna syýahat etdiler, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky gämi gatnawly derýada gämili gezelenç etdiler. Olar Hazaryň kenarynda gurlan binalar we häzirki döwürde gurluşygy alnyp barylýan köp sanly desgalar bilen tanyşdylar.
Seminara gatnaşyjylar onuň işiniň netijelerini jemlemek bilen, türkmen tarapyna daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda onuň dünýä garaýşyny giňelden bu seminaryň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirdiler. Bu ýere ýygananlar Hazarýaka ýurtarynda halkara maslahatlaryň we dünýä tejribesini öwrenmek, şu ulgamda milli hünärmenleriň maglumat derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän forumlaryň dowam etdirilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny bellediler.