Ï “Ýaýla-2013”: Nowruzyň hormatyna milli medeniýetleriň festiwaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýaýla-2013”: Nowruzyň hormatyna milli medeniýetleriň festiwaly

view-icon 963
Şu gün Türkmenistan Nowruzyň halkara derejesinde baýram edilmeginiň merkezi boldy, onuň hormatyna esasy dabaralar Ahalyň dag etegindäki jülgesinde—gadymy siwilizasiýanyň yzlaryny özünde saklaýan taryhy ýerde ýaýbaňlandy, bu ýerler dünýäde ilkinji bugdaýyň we meşhur ahalteke bedewleriniň mekanydyr. Köp asyr mundan öň dörän däplere görä, ajaýyp dabarany geçirmek üçin tebigatyň goýnundaky ajaýyp ýaýla saýlanyp alyndy, şol ýerde bahar öwüşginleri şanly wakanyň ruhuna hem-de gerimine kybap gelýär. Şu gün bu ýere baýramçylygyň ähli myhmanlary we oňa gatnaşyjylar geldiler.


Bu ýere paýtagtymyzyň gündogar derwezesinden Aşgabat-Mary awtomobil ýoly boýunça ekerançylyk meýdanlarynyň ýaşyl öwüşginleriniň we diňe ýylyň şu mahaly geljekki hasyl üçin güýç toplaýan üzümlikleriň gapdaly bilen 20 kilometrden gowrak ýol uzalyp gidýär. Şol ýerden gözýetim Köpetdagyň kuwwatly gerişlerine tarap, ilkinji gök otlar bilen basyrylan baýyrlar ajaýyp öwüşginler bilen uzalyp gidýär... Nowruzyň biziň günlerimizde gözbaşlara gaýdyp gelmegiň baýramy diýlip atlandyrylmagy tötenleýin däldir. Ol tebigy tapgyrlaryň bakylygy bilen ýene-de tebigat bilen utgaşyklykda ýaşamagy öwrenen ata-babalarymyzyň dünýäsiniň we paýhasynyň ähli sazlaşygyny duýmaga mümkinçilik berip täzelenişi bagyş edýär.

Şunuň bilen birlikde, Nowruz diňe bir baharyň we topragyň oýanmagynyň dabarasy däldir. Ol parahatçylygyň, adamlaryň arasyndaky ylalaşygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň hem-de halklaryň arasyndaky düşünişmegiň jarçysydyr. Şonuň üçin hem ol adamzadyň ähmiýetli we gymmatly baýramlarynyň biridir. Şu ýyl bize Nowruz has dabaraly we halkara möçberindäki gerim bilen geldi, şonda halk tarapyndan baýram edilmegine we dürli derejelerde, şol sanda ýokary derejede medeni, ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giň gerim berildi.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt wekiliýetleriniň baştutanlary bilen düýn bolan köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda, şeýle hem Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň Liderleriniň üçtaraplaýyn sammitinde hem sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, sammitiň jemleri boýunça “Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluny gurmak barada özara düşünişmek hakyndaky Jarnama gol çekildi ajaýyp Nowruz baýramynyň şanyna myhmansöýer türkmen topragynda şu günki dabaralar şol duşuşyklaryň dowamy boldy.

Şu gün günortan “Nowruz - parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatynyň plenar mejlisi tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti we myhmanlar - BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary Ahal ýaýlasyna ugradylar.


Dabara barylýan ýerde belent mertebeli myhmanlary baýdaklar hem-de howa şarlary bilen talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň ýol ugrundaky hatarlary mübäreklediler. Ýöne “Ýaýla” meýdançasyna girilýän ýer has köp adamly boldy.

Bu ýerde gündogar ertekisindäki ýaly ajaýyp şäherçe gujagyny giňden açdy. Giňişleýin ýaýla şadyýan baýramçylyk üçin ägirt uly sahna boldy, durmuşyň däp bolan aýrylmaz nyşanlary bilen döredilen türkmen obasy, duz-çörek we myhmansöýerlik bilen garşylamak, dostlar hem-de goňşular üçin açyklyk onuň bezegi boldy. Dabaralaryň baýramçylyk lybasynda bezelen ýerine barýan ýoluň ugruny biziň ýurdumyzda welaýatlaryň sany boýunça bäş sany derwezeler bezeýär, derwezeleriň aňyrsynda töweregi tämiz ak öýler, beýik hiňňillikler, esasy sahna üçin uly ak çadyr görünýär.

Gelen myhmanlary ýurdumyzyň ýolbaşçylar korpusynyň, Mejlisiň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik korpusyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, Ahal welaýatynyň we türkmen paýtagtynyň köp sanly ýaşaýjylary garşylaýarlar. Dabaranyň myhmanlarynyň hatarynda daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri bar.

Gül--läleli, şadyýan türkmen toýunyň owazlary täze günüň, täze ýylyň gelmegini habar berip, Köpetdagyň dag etegini nurlandyrdy. “Jülgäniň Nowruzy gül açdy” atly aýdym ýaňlanýar, myhmanlaryň öňünde çagalar tans toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlanýar. Gyzlar hemmeleri köp owazly hem-de aýdyň dabara gatnaşmaga çagyryp, däp bolan duz-çöregi, beýleki tagamlary hödür edýärler.

Myhmanlar gül açýan ýaýlanyň älemgoşarlary görnüşinde bezelen özboluşly galereýanyň esasy girelgesine tarap ugraýarlar, şol wagt meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň sazy boýunça Nowruza bagyşlanylan aýdym ýaňlanýar.

Özünde milli medeniýetleriň dürli görnüşlerini jemlän däpleriň ajaýyp festiwaly başlanýar. Esasy girelgäniň öňünde ýaýbaňlanan köp öwüşginli gündogar bazary myhmanlary ilkinji bolup garşylaýar, şol ýerde şowhunly durmuş gaýnap joşýar. Bu ýerde halk hünärmentleriniň önümleri görkezilýär, şol ýerde ýörite gurnalan ussahanalar ýerleşýär. Kimler azal, kimler bolsa saz gurallaryny ýasaýar, dükanlarda telpekler we tahýalar, durmuşda ulanylýan zatlar satylýar, aýdyň ýüpek parçalar lowurdaýar, owadan bezelen küýzeler we gap-gaçlar şugla saçýar. Şol ýerde türkmenleriň deňsiz-taýsyz halyçylyk we zergärçilik sungatynyň eserleri, mili keşdeler bar. Bagşylar tarapyndan ýerine ýetirilýän gadymy mukamlar göwünleri galkyndyrýar. Olaryň töwereginde şol mukamlara muşdak diňleýjiler ýygnanypdyr, pälwanlaryň göreşleri we şadyýan milli oýunlar gyzyşýar.

Şadyýan, ajaýyp öwüşginleri bilen bezelen bazarda Güdogaryň täsin durmuşyna, halk durmuşynyň jümmüşine aralaşmak, onuň özboluşlylygyny duýmak bolýar. Baýramçylyk meýdançasynda erkin ýerleşen Türkmenistanyň meşhur taryhy ýadygärlikleriniň-Köneürgenjiň, Gadymy Merwiň, Dehistanyň, Änewiň we başgalaryň maketleri gadymy döwürlere täsin gezelenç etmäge mümkinçilik berýär.


Ine, beýik seljuk hökümdary Soltan Sanjaryň kümmetiniň maketiniň golaýynda synlaýyş turbasy we beýleki gurallary bilen ýyldyzlary öwrenijiniň kiçeňräk obserwatriýasy, golýazmalardan bölekler ýerleşipdir. Öňler Nowruzyň gelmegini astrologlar, orta asyrda örän abraýly wezipedäki adamlar kesgitläpdir. Häzir astronomlar Nowruzyň gelmeginiň senesini sekuntlara çenli takyklykda hasaplaýarlar.

Gadymy wagtlarda adamlar bazara diňe bir ony-muny satyn almak üçin däl, eýsem, birek-birek bilen görüşmek hem-de pikir alyşmak, köp dürli çykyşlaryň we ýaryşlaryň, mysal üçin, küşt oýunlaryna tomaşa etmek üçin gelipdirler.


Bu ýerde iri şekiller bolan uly küşt tagtasy baýramçylygyň myhmanlaryň ünsüni çekýär, şol tagtanyň başynda gadymy lybasdaky oýunçylar çuň pikire batyp durlar. Bu tomaşa bizi müň ýyl mundan öň, X asyrda şöhrat gazanan türkmen şazadasy Abubekir as-Suly hakynda ýatlamany biziň hakydamyza getirýär, küşt hakyndaky “Şadranjnama” atly örän gyzykly eser oňa degişlidir. Şeýle waka mälimdir, bir gezek Bagdat halyfynyň köşgünde küşt ýaryşy guraldy, şonda halyfyň halaýany, şol wagtda küştüň deňsiz-taýsyz ussady hasaplanylýan ilkinji gezek as-Sulydan utuldy, ol şoňa çenli bu oýunda hiç kimden utulmandy, şonuň üçin as-Sulydan “aş Şatrajy” (“Beýik küştçi”) adyna mynasyp bolupdyr. Megerem, şu ýordum “Ýaýla” baýramçylyk meýdançasynda ýaýbaňlanan sahnalaşdyrylan çykyşyň esasyny düzendir.

Şol wagt merkezi alleýanyň beýleki tarapynda başga bir örän ajaýyp tomaşa ýaýbaňlanýar. Haly düşelen sahnada zenanlaryň wekilleri ýygnandylar. Bu ýerde üme atly toparlaýyn işlemek däbi jikme-jiklikde dikeldildi. Onuň manysy ol ýa-da beýleki işde kim-de bolsa bir adama kömek bermek üçin umumy güýçleri birleşdirmekden ybaratdyr. Köplenç halatda Nowruz gününde bir obanyň gelin-gyzlary toý lybasyny we geliniň egin-eşiklerini keşdeläp bejermek üçin bir ýere ýygnanyşypdyrlar. Ümä çakylykdan boýun gaçyrmak bolmandyr, şonuň üçin hem şular ýaly ýygnanyşyklar dostlukly ýagdaýda, şadyýana we oňa gatnaşyjylaryň köp bolmagynda geçirilipdir, olar öz ukyplaryny görkezmäge we öz elleri bilen dikeldilen lybaslaryna baha berilmegine çalşypdyrlar.

Ine, ussat gelin-gyzlar kürte, tahýa tikýärler, toý köýneklerine nagyş salýarlar, käbirleri bolsa ýüpek mata ýa-da haly dokaýarlar, beýlekiler şol wagtda keçe nagyşlaýarlar, ýaşlar bolsa alaja örmek bilen meşgullanýarlar. Bularyň hemmesi aýdym aýtmak, degişmeler, şadyýan oýunlar bilen utgaşýar.

Häzirki güne çenli “monjukatdy” gyzlaryň oýunlarynyň iň meşhurlarynyň biri bolmagynda galýar. Ol wagtyň geçmegi bilen çeper sözlülikde we ugur tapyjylykda degişme ýaryşynyň häsiýetine eýedir. Oýnuň barşynda gyzlar sanama aýdýarlar, läle kakýarlar, liriki hem-de toý aýdymlaryny ýerine ýetirýärler.

Soňra baýramçylyk çäreleri ene-de başga tarapa geçýär, şol ýerde ýol ugrunda tamdyrlar, peçler goýlupdyr we gazanlar atarylypdyr. Şadyýan sazyň astynda artistler “Palawa gel, palawa” tansyny ýerine ýetirýärler.

Ondan aňyrrakda ojaklardan tüsse çykýar, şolarda tagamly nahar taýýarlanylýar, onuň ýakymly ysy töwerege ýaýraýar, saçak giňden ýazylýar. Ussat aşpezler milli aşhananyň tagamlaryny taýýarlamagyň usulyny görkezýärler, şol naharlar myhmanlara hem hödür edilýär.

Elbetde, Nowruzda esasy tagam semenidir, asyrlardan bäri dowam edip gelýän bu däp-dessur toplumy şol tagamy taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Ýöne tamdyrlama ýa-da dograma, gutap we kebap ýaly beýleki tagamlar hem myhmanlaryň ünsüni çekýär, tançylar tarapyndan “wada berlen” seçelenip duran palaw türkmenler tarapyndan öňden bäri diňe bir tagamly nahar däl, eýsem, bejeriş serişdesi hasaplanypdyr.

Türkmen aşhanasynyň gymmatyny gaçyrmaýan däp bolan lezzetleri hem uly gyzyklanma döredýär. Türkmen saçagynyň sahylygyny we bolçulygyny, biziň topragymyzyň hasyllylygyny daýhanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen we giňden görkezilen köpdürli gök önümler hem-de miweler hem görkezdi.

Ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden taýýarlanylan ak öýleriň ýanynda her bir aýratyn welaýata mahsus tagamlar taýýarlanylýar. Owadan bezelen ak öýleriň ýanynda haly düşelen sekiler guralypdyr, bu ýerde gadymy däp-dessurlar we urp-adatlar, milli oýunlar we ýaryşlar, asyrlardan bäri dowam edip gelýän hünärler janlanýar, el işleri görkezilýär, halk döredijiliginiň äheňleri boýunça çykyşlar guralýar.


Gülleriň toplumlary bilen bezelen we ýaşlar tarapyndan gurşalyp alnan beýik hiňňilliklerden şadyýan sesler eşidilýär. Olarda uçmak täze ýyla täze güýç, päk ýürek we aýdyň pikirler—biziň beýik ata-babamyz, ilkinji dünýä dinini esaslandyryjy zoroastryň wesýet eden häsiýetleri bilen gadam urmaga mümkinçilik berýän ruhy tämizleniş däbi hasaplanylýar. Tämizlenmegiň däpleri aýratyn hem Nowruza mahsusdyr, şaman ody hem şolara degişlidir, adamlar bir otdan ýedi gezek ýa-da ýedi otdan bir gezek bökmelidirler.

Janköýerleriň joşgunly sesleri bilen bolup geçýän pälwanlaryň göreşleri hem hoşniýetliligiň we mähribanlygyň güýçleri bilen utgaşýar. Ajaýyp ahalteke bedewlerinde ussat çapyksuwarlar türkmenlerde ähli baýramçylyk çärelerine hökman gatnaşýarlar. Olarsyz köpçülikleýin çäreler hem, toýlar hem geçirilmeýär. Aýratyn hem toý kerweni özüne çekiji, şonda owadan bezelen kejebeli düýeleriň gadam urşy has täsindir, şol kejebede gelin oturýar, onuň töwereginde çapuksuwarlar at çapyp geçýärler.

Bu tomaşa “Galkynyş” atçylyk sport toplumynyň ajaýyp çykyşlary häzirki zaman öwüşginlerini çaýýar. Ýörite bellenilen aýlaw ýodasynda çalasyn türkmen jigitleri ajaýyp bedewlerde saz astynda özboluşly öwüşgin hem-de sirk ussatlygy bilen hakyky milli çykyşlaryň tolgundyryjy gözelligini hem-de ajaýyplygyny döredip, öz ajaýyp, taplanan başarnyklaryny görkezdiler.

Bedewler adamlara öz gelşikli görnüşi, tejribeli çapyksuwarlaryň we türgenleriň ýolbaşçylygynda okgunly at çapyşygy bilen adamlara haýran galyjy pursatlary eçilýärler. Haçan-da çapyksuwarlar bedewleri çapanlarynda kalbyň joşa gelýär. Şular ýaly atçylyk-sport çykyşlary tomaşaçylarda we Türkmenistanyň myhmanlarynda uly joşgun döredýär, bu aýdyň çykyş “Ýaýlada” ýene-de geçirildi, olaryň aýtmaklaryna görä, bu çykyş uly täsir galdyrdy.

Türkmenistanda at çapyşyklarynyň we aýlawlarda beýleki synaglaryň, at çapmak boýunça ýaryşlaryň, şeýle hem atçylaryň sirk sahnasynda çykyşlarynyň ägirt uly meşhurlyga eýedigi hakynda söz açyp, milli atçylyk oýunlarynyň we ýaryşlarynyň wagyz edilmegine uly üns berilýändigine we ähmiýetlidigine göz ýetirýärsiň.

Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli myhmanlar tomaşa gatnaşyjylaryň ajaýyp çykyşlary üçin hoşallyk bildirip, aýlaw ýodasynyň ýanynda gelşikli bedewleri synlamak bilen ýene-de birnäçe wagt saklandylar.


Soňra wakalar halkara Nowruz baýramyna gatnaşyjy ýurtlara wekilçilik edýän milli bezegde bezelen ak öýlere geçýär.

Hut ak öýleriň biziň baýramçylygymyzda esasy hereket edýän “gahrymanlaryň” biri bolandygy tötänleýin däldir. “Ak öý” diýen sözüniň diňe bir ýaşaýyş ýerini däl, eýsem, haýsydyr bir çägi, çadyr oturdylýan ýeri, giň manyda bolsa mähriban topragy, ýurdy aňladýandygy gyzyklydyr.

Ýewropa barlagçylary bu ady ýaşaýyş ýeri diýip ulandylar we ol giň mana eýe boldy. Häzirki wagtda türkmen dilinde ol “öýi”, “ak” öýi aňladýar. Mifologiki düşünjelerde ak öý dünýäni döretmegiň modeli bolup durýar, onuň esasyna tegelek—günüň nyşany alyndy, ol durmuşyň bakylygynyň, akylly-başly ruhy başlangyçlaryň bakylygynyň nyşany boldy. Bu nyşan aýratyn hem Nowruza-Günüň baýramçylygyna, ýazky günüň deňleşmegine, adamlaryň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk baýramyna mahsusdyr.

Ýarym alýaw bilen hatara goýlan ak öýlerde Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy), Täjigistanyň we Türkiýäniň wekiliýetleriniň wekilleri Nowruzy garşylamak babatda öz däplerini we aýratynlyklaryny görkezildi.

Bu ýerde şol ýurtlaryň milli aşhanalarynyň tagamlary hem taýýarlanylýar, Nowruz bilen baglanyşykly özboluşly urp-adatlar, milli lybaslar, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilýär, kernaýlaryň, surnaýlaryň we fleýtalaryň owazy ýaýlanýar, olar hemmeleri baýramçylyga çagyrýar.

Nowruzyň däpleri biziň halklarymyzda örän çalymdaşdyr we şonuň bilen birlikde olaryň her birinde öz tapawutly alamatlary hem bar. Mysal üçin, häzirki Eýranda täze ýyl dabaralary 13 gün dowam edýär, onuň iň möhümi 6-njy gündir, şol Zoroastryň doglan güni hasaplanylýar. Owganystanda Nowruz baýramçylygynyň Daýhanyň güni ýa-da Agaç nahallarynyň oturdylýan güni diýen ady hem bar. Täjigistanda ajaýyp däpler bar, şonda çagalar we ýetginjekler dag güllerini gözläp daga çykýarlar we aýdym aýdyp, baharyň gelendigi hakynda habar berip, şol gülleri adamlara sowgat berýärler. Gazaklar Nowruz baýramçylygda täze, ak lybaslary geýýärler, munuň özi şowhun-şatlygy aňladýar, çeşmeleri arassalaýarlar, akynlaryň ýaryşyny guraýarlar. Azerbaýjanda, Gyrgyzystanda, Tatarystanda hem täze ýyly suw howdanlarynyň golaýynda aýdym-sazly çykyşlar we sport ýaryşlary, ýarmarkalar bilen garşylamaga çalyşýarlar. Türkiýede häzirki wagtda şemlere we feýerwerklere ornuny beren mukaddes ot Nowruzyň üýtgewsiz nyşany hasaplanylýar.

Awestanyň taglymatyna laýyklykda adamlar her bahary ýer şarynda durmuşyň peýda bolmagy bilen bellemelidirler, ol “alty görnüşde”-asman, suw, ýer, ösümlikler, haýwanlar we adam görnüşinde döredi. Şonuň üçin hem tebigatdan lezzet almak, onuň bilen sazlaşygy duýmak üçin açyk meýdanda Nowruzy garşylamaga çykmak adat bolup durýar. Şonda öňdäki ýylyň dowamynda bagtyýarlyk hem-de abadançylyk ýaran bolar diýip hasaplanylýar. Şu gün Ahal ýaýlasyndaky meýdança baýramçylyga gatnaşyjlaryň ählisine şeýle mümkinçiligi eçildi.


Biziň günlerimizde Nowruz bellenilýän ähli ýurtlarda halk döredijiligi toparlarynyň çykyşlary, halk gezelençleri, şadyýan bäsleşikler guralýar. Nowruzyň öz gadymy we häzirki zaman däpleri ähli köpdürlüligi bilen özboluşly dünýä ýagdaýy hökmünde göz öňüne gelýär.

Muňa Türkmenistan hem öz goşandyny goşdy. Biziň ýurdumyza wekilçilik edýän ak öý milli medeniýetleriň bu ýörişiniň ahyryny eýeleýär. Bu ýerde ýurdumyzyň bäş welaýatynyň iň oňat halk döredijiligi-etnografiki toparlary çykyş edýärler, gadymy ugp-adatlar we däpler görkezildi.

Bagşylaryň aýdymlary we dutaryň owazy bolmazdan, türkmen toýuny göz öňüne getirmek mümkin däldir. Bu öçmejek sungatyň ykrar edilen we ýaş ussatlarynyň çykyşlary baýramçylyga gaýtalanmajak öwüşgin berdi, şonda tanslar we teatrlaşdyrylan çykyşlar, “Laçyn” toparynyň “Meňli”, “Näzli” tans toparlarynyň ajaýyp çykyşlary boldy, biziň günlerimiziň etrada äheňleri ýaňlandy.

Görkezme sport çykyşlary we milli oýunlar: ýaglyga towusmak, düzzüm we beýlekiler köp sanly tomaşaçylara uly şatlyk eçildi. Gadymy döwürlerde Nowruz baýramy toýlara beslenipdir, şolaryň halk däplerini şu ýerde hem oýunlar we şadyýanlyklar bilen ajaýyp çykyşlarda we oýnalan tomaşalarda görmek mümkindir. Haçan-da gündiz gije bilen deňleşende we bahar öz hukuklaryny gutarnykly ele alanda täze meýdan işleriniň möwsümi, ekerançylaryň umyt- aladalarynyň wagty başlanýar hem-de köp sanly oba hojalyk däpleri hem şunuň bilen baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzyň muzeýleri tarapyndan taýýarlanylan, gadymy iş gurallarynyň, öý we hojalyk goş-golamlarynyň nusgalaryny, durmuş zatlaryny we geçmişiň beýleki zatlaryny özünde jemleýän ekspozisiýalar bolan pawilionlar türkmen ekerançylygynyň we milli medeniýetimiziň taryhyna özüne çekiji gezelenç etmäge çagyrdy.

Bu mesele häzirki zaman obasenagat toplumyna, dokma önümçiligine we beýleki ulgamlara wekilçilik edýän ekspozisiýalarda logiki ösüşe eýe boldy.

Türkmen laçynçylary we olaryň ösdürip ýetişdirýän çakgan guşlary we owadan tazylar has özüne çekdi. Olar owadan köşekler we kinniwanja guzular ýaly, bu janly teatlaşdyrylan-etnografiki görnüşiň gahrymanlary boldular. Golaýda gök otly bahar jülgelerinde bakylýan, kuwwatly alabaýlar tarapyndan goralýan goýun sürüleri ekerançylaryň we çarwadarlaryň däp bolan türkmen obasynyň üstüni ýetirýär.

Ýaýlada ýaýbaňlanan we görnükli žiwopis ussatlarynyň eserlerini, şeýle hem türkmen halkynyň döredijilik däpleriniň ýaş mirasdarlarynyň işlerini özünde jemlän çeperçilik sergisi baharyň, türkmen tebigatynyň gözelligine, onuň peşgeşlerine we onuň bilen sazlaşykda ýaşaýan adamlara bagyşlandy.

Häzirki zaman amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bilen tanyşmak ýaş başarjaňlaryň, Ýörite çagalar sazçylyk mekdebiniň skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde milli nusgawy sazandalarymyzyň eserleriniň owazy bilen utgaşdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti döwlet baştutanlary we daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen bilelikde çadyra geçýär, şol ýerde halkara dabarasyna gatnaşyjy ýurtlaryň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.

Türkmenistanyň tanymal aýdymçylarynyň, teatr artistleriniň we “Serpaý” toparynyň ýerine ýetirmeginde “Nowruz baýramçylygy doganlyk halklarynyň kalbynyň dürdänesidir” atly edebi-sazly kompozisiýa baýramçylyk çykyşynyň esasy boldy.

Soňra sahna “Watandar” aýdymy we “attan” halk tansy bilen owgan artistleri çykýarlar, olary F.Amirow adyndaky Azerbaýjan döwlet aýdym we tans topary çalyşdy. Eýranyň döredijilik toparynyň teatrlaşdyrylan tomaşasynda biziň sebitimiziň halklary üçin umumy bolan “Görogly” eposynyň parçalary görkezildi. Gazagystanyň T.Jürgenow adyndaky Milli sungat akademiýasynyň topary Nowruza bagyşlanylan liriki aýdym bilen çykyş etdi, ony Gyrgystanyň Döwlet akademiki halk tansy topary çalyşdy. Pakistandan sazandalaryň we tansçylaryň ýerine ýetirmeginde özboluşly aýdym-horegrafiki çykyş täsirli boldy, olardan soň Täjigistanyň Döwlet filaromoniýasynyň topary özleriniň kiçi sahna oýunlaryny görkezdiler. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet halk döredijiligi saz topary milli etnografiki ýordumlaryň ajaýyp beýanyny görkezdi, Türkiýeden halk döredijiligi toparlary hem öz çykyşlarynda halk däpleriniň gözelligini aýdym-sazda we tanslarda beýan etdiler.


Sungat ussatlarynyň ajaýyp we köp görnüşli teatrlaşdyrylan aýdym-saz çykyşlary mahaly tomaşaçylar özboluşly horografiki kompozisiýalar we täsin çykyşlar bilen tanyşdylar, şolarda her bir ýurduň milli medeniýetiniň häsiýetli aýratynlyklary öz beýanyny tapdy. Bu döredijilik çykyşy häzirki wagtda Nowruzyň däpleriniň täze mazmuna eýe bolýandygyna, biziň umumy mirasymyzyň bolsa häzirki nesiller bilen ýakyn aragatnaşygy saklaýandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Bu ähli ajaýyp we özboluşly çykyşlardan soň türkmen döwletiniň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanylan watançylyk aýdymy belent hem-de täsirli ýaňlandy. Ýurdumyzyň tans we halk döredijiligi toparlarynyň daşary ýurtly gatnaşyjylar bilen bilelikde ýerine ýetiren “Küşt depdi” gadymy türkmen tansy baýramçylyk konsertiniň esasy çykyş boldy. Bu tans halklaryň dostluga we doganlyga çalyşmagynyň beýany, hoşniýetli goňşuçylyk tagylmlarynyň nyşany boldy.

baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjy döwletleriň ählisiniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde “Biziň ajaýyp ülkämize Nowruz geldi” diýen aýdym bilen tamamlandy. Şonda baýramçylygyň optimistik filosofiýasy we dünýäde agzybirlige hem-de ylalaşyga çalyşmak beýan edildi. Aýdym-saz medeniýetleriniň aýdyň öwüşgini, artistleriň başarnygy we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ýokary derejesi tomaşaçylary maýyl etdi, olar şol çykyşlary jowahunly el-çarpyşmalar bilen gutladylar.

Döwlet Baştutany we belent mertebeli myhmanlar dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dabaralaryň geçirilen ýerinden ugradylar.

***

Türkmenistan ajaýyp Nowruz baýramyny giň gerim bilen, ählumymy ruhy ýokary göteriliş we şatlyk-şagalaň ýagdaýynda garşylaýar. Şu bahar günlerinde bütin ýurdumyzda geçýän dabaralar gadymy türkmen topragyny älemgoşar öwüşginleri bilen nurlandyrdy, ony aýdym-sazlar, gadymy däpleriň gözelligi bilen baýlaşdyrdy. Çagalaryň bagtly ýylgyryşlaryny, şadyýan gülkülerini eçildi.

Şu gün baýramçylyk konsertleri we halk gezelençleri ýurdumyzyň welaýatlarynyň ähli dolandyryş merkezlerinde we Aşgabatda geçirildi.