Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Onda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady strategiýasy we ileri tutulýan milli maksatnamalary, şol sanda welaýatlaryň senagnat düzümini ösdürmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişiniň barşy, sebitiň çäginde gurulýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäginde gurluşygy tamamlanan medeni-durmuş ähmiýetli desgalar barada habar berdi. Hususan-da, häkim Sarahs etrabynda täze Saglyk öýüniň gurlup ulanmaga berilýändigi barada aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda şu gün ulanmaga berilýän Saglyk öýüne “Tiz kömek” awtoulagyny şa serpaýy hökmünde gowşurmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe tabşyrdy.
Milli Liderimiz sebitiň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňde boljak şanly senelere ykjam taýýarlyk görmek, şeýle hem gurulýan desgalaryň öz wagtynda tamamlanmagyny we olaryň ýokary hilli gurulmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi häkime tabşyrdy.
Soňra wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde ýurdumyzyň günbatar welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebit boýunça gowaça ekişinde ulanylýan tehnikalary doly güýjünde bökdençsiz işletmek babatda durmuşa geçirilýän işler, şeýle hem welaýatyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň gidişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim ýurdumyzyda giňden belleniljek baýramçylyklara görülýän taýýarlyk işler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň senagat düzümini ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan gurluşyk işleriniň netijeliligini we hilini gowulandyrmagyň zerurdygyny aýtmak bilen, sebitiň ýaşaýyş-durmuş we ykdysady düzümini toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň barşyna aýratyn ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu işleriň depginlerini ýokarlandyrmak we olary hemişe gözegçilikde saklamak boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz welaýatyň çäginde gök zolaklary döretmek, bagy-bossanlygyň çägini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde demirgazyk welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işleriniň barşy, medeni-durmuş maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň ilatynyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn amala aşyrylýan çäreleriň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmek döwletimiziň baş maksadydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklar berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda abadanlaşdyryş işlerini yzygiderli alyp barmak, sebitiň çäklerini bagy-bossanlyga öwürmek we gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň döwrebap derejede timarlanmagyny üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow öz gezeginde sebitiň oba hojajlyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ilatyň döwrebap derejedäki ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň durmuş we senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bellenilen meýilnamalaryň ýokary derejede ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulýan desgalaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, täze binalaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegi we olarda ýokary hiliň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, sebitde gurulýan dürli maksatly desgalardaky işleriň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işler bilen bir hatarda, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak hem-de suw üpjünçilik ulgamynyň tehniki derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem sebitde alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur bolan ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň Ýolöten etrabynda ýakynda gurlup ulanmaga berlen Saglyk öýüne “Tiz kömek” ulagyny şa serpaýy hökmünde berýändigini aýtdy.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we dürli ulgamlarda geçirilen seljerme işleriniň jemleri hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilen işi dowam etmegiň zerurdygyny nygtamak bilen, Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysyna pudaklaýan ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna toplumlaýyn seljerme işlerini geçirmek bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri M.Gurbandurdyýewi çagyrdy. Ol bu pudakda işleriň ýagdaýy, şol sanda ministrligiň kärhanalary we edaralary tarapyndan degişli awtomobil ulagynyň ilata hyzmat etmek üçin peýdalanylyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň häzirki wagtda ýurdumyzda köpugurly we bäsdeşlige ukyply ulag ulgamyny ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de döwrebaplaşdyrmaga hemmetaraplaýyn üns berýändigini nygtap, ministre birnäçe tankydy bellikleri aýtdy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz ministriň işleri talabalaýyk guramagy başarmaýandygy üçin paýtagtymyzyň yzygiderli artýan ýolagçy awtoulaglarynyň, esasan-da, ýolagçylara hyzmat edýän taksileriň doly güýjünden peýdalanylmaýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýolagçylara döwrebap derejede hyzmat edýän düzümiň zerur hünärmenler, täze satyn alnan taksileriň bir böleginiň bolsa sürüjiler bilen üpjün edilmeýändigini, munuň bolsa hyzmatyň hilini we medeniýetini ep-esli derejede peseldýändigini belledi. Milli Liderimiz pudagyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini düýpli ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bir aý möhletde bar bolan kemçilikleri düzedip, ýolagçylara hyzmat etmek işini talabalaýyk ýola goýmagy hem-de ýüze çykarylan kemçilikleri düzetmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky kärhanalaryň we edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin M.Gurbandurdyýewe berk käýinç yglan edip, pudagyň kärhanalarynyň işiniň hilini döwrüň ýokary talaplarynyň derejesine çykarmak üçin guramaçylyk çemeleşmelerine örän jogapkärli garamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz maslahaty jemlemek bilen, oňa gatnaşyjylaryň ünsüni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen möhüm wezipeleri üstünlikli çözmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.