Ï Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

view-icon 640
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Abdul Hamide ýurduň Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan Onuň Alyhezreti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Zillur Rahmanyň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Bu agyr ýitgini başdan geçirmekde Size we Bangladeşiň dostlukly halkyna ruhy durnuklylyk we mertlik dileýärin” diýip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda aýdylýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem ýurduň ähli halkyna gynanjyny bildirmek bilen, ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.