Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 644
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda bina edilýän Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynyň barşy, şeýle hem dürli maksatly iri desgalaryň taslamalarynyň birnäçesi bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän we döwlet Baştutanymyzyň adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek babatda yzygiderli edýän tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy ýaýbaňlandyryldy. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga büremek, onuň ulag aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki düzümini kämilleşdirmek, oňaýly şäher gurşawyny kemala getirmek bilen baglanyşykly wezipeleriň oňyn çözülmegine bolan toplumlaýyn we yzygiderli çemeleşmeler bu maksatnamanyň möhüm bölegi bolup durýar. Şeýlelikde, bu ulgamlarda innowasion tehnologiýalaryň we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň giňden ornaşdyrylmagy, häzirki zaman gurluşyk ulgamynyň ýörelgeleriniň milli binagärlik däpleriniň sazlaşygy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýäp.

Döwlet Baştutanymyz säher bilen paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň gurulýan ýerine geldi. Bu desgany gurmak Türkmenistan bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasyna ynanyldy. Bu ýerde milli Liderimizi ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Aşgabat şäheriniň häkimi, şeýle hem “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy garşyladylar.

“Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja hormatly Prezidentimze kompaniýa tarapyndan gurulýan desgalardaky işleri barada jikme-jik hasabat berip, ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyza sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary geçirmäge niýetlenen hem-de türkmen türgenleri üçin köp ugurly türgenleşik binýady bolmaga we milli olimpiýa hereketiniň türgenlerini taýýarlamaga gönükdirilen dünýä derejeli sport desgalary toplumynyň birnäçe taslamalary görkezildi.

Mälim bolşy ýaly, sportuň ýokary gazananlaryny, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, sagdyn bedenli ýaş nesilleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly we bu babatda watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde gurlup ulanmaga berlen we häzirki döwürde gurluşygy alnyp barylýan sport maksatly iri desgalar, hususan-da, Aşgabatda gurulýan Olimpiýa şäherçesi milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylda Türkmenistanda bu ýerdäki sport maksatly ajaýyp binalar toplumynda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini bellemeli.

Olimpiýa şäherçesiniň çäginde dürli maksatly we dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler üpjün ediler. Hususan-da, bu ýerde monorels ýollaryny gurmak meýilleşdirilýär. Görkezilen taslamalaryň içinde şeýle görnüşdäki ýoluň we onuň duralgalarynyň hem-de göteriji bölekleriniň taslamalary bar. Hormatly Prezidentimiz bu taslamalar bilen tanşyp, oňa birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyz monorels ýolunyň duralgalarynda ýolagçylar üçin ýylyň ähli paslynda amatly şertleri döretmek we hereket howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Duralgalaryň binagärlik keşbi we bezegi barada aýdylanda bolsa, olarda milli ýörelgeleriň kämil usullary öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherçesiniň çäginde bina edilýän işewürlik merkeziniň taslamalaryna seretdi. Onda netijeli işlemek üçin ähli zerur şertleriniň döredilmelidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz merkeziň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilmegine we binanyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna aýratyn üns bermelidigini aýtdy. Bu desganyň binagärlik keşbi barada aýdylanda bolsa, döwlet Baştutanymyz onuň bezeg işlerine, daşky görnüşine döredijilikli çemeleşmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherçesiniň daş-töweregini abadanlaşdyrmakda ulanyljak kiçi binagärlik şekilleriniň we yşyklandyryş sütünleriniň nusgalary bilen tanyşlygynyň barşynda, olaryň milli öwüşginler bilen berk utgaşmalydygyna wise-premýerler Ş.Durdylyýewiň we S.Toýlyýewiň ünsüni çekdi.

Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiziň garamagyna Aziada-2017-niň nyşanlarynyň birnäçe görnüşleri hödürlendi. Döwlet Baştutanymyz bu nyşanlaryň milletiň belent ruhuny, sport derejesini we täze taryhy eýýamyň aýratynlygyny alamatlandyrmalydygyny belledi we onuň has-da kämilleşdirilmelidigini aýdyp, wise-premýer S.Toýlyýew we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazowa anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň garamagyna hödürlenen taslamalaryň arasynda 6 müň tomaşaçy orny bolan üç gatly, iki ýerzeminli, tigir sürülýän ýodasynyň uzynlygy 250 metr we ini 7,10 metr bolan üstiýapyk welotrek binasy, göreş, boks, agyr atletika, dzýudo we takwendo bilen meşgullanmak üçin kiçi türgenleşik zallary bolan üsti ýapyk arena, çeper we ritmiki gimnastika, batminton, basketbol, gylyçlaşma, stoluň üstünde oýnalýan tennis, gandbol, woleýbol oýunlary üçin niýetlenen köp ugurly 3 müň orunlyk uly türgenleşik zallary bar. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz uly hem-de kiçi türgenleşik zallarynyň taslamalaryny jikme-jik gözden geçirdi. Bu ýerde görkezilen taslamalar bilen tanyşlygyň barşynda milli Liderimiz sportuň birnäçe ugurlary boýunça bäsleşikler guralanda peýdalanylýan meýdança örtükleriniň görnüşleri bilen içgin gyzyklandy. Milli Liderimiz bu örtükleriň sport ýaryşlary geçirilen mahalynda türgenler üçin amatly hem-de howpsuz bolmalydygyny nygtap, Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyna bu işi mydama berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiziň garamagyna Olimpiýa şäherçesiniň toplumyna girýän saglygy dikeldiş we lukmançylyk merkeziniň taslamasy hödürlendi. Şeýle hem taslama boýunça şäherçäniň lukmançylyk merkeziniň ýanynda doping barlaglaryny amala aşyrmaga niýetlenen merkez ýerleşer. Hormatly Prezilentimiz doping meselesine aýratyn ähmiýet berip, bu merkeziň taslamasynda ähli wajyp zatlaryň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekip, “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna onuň dünýäniň iň soňky gazanan tilsimatlary hem-de kämil enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilmelidigini tabşyrdy. Şeýlelikde, bu merkezde halkara we dünýä ýaryşlaryna gatnaşýanlaryň barlaglary amala aşyrylar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu merkeziň hyzmatyndan dünýäniň beýleki ýurtlarynyň sport ulgamynyň hünärmenleri we türgenleri hem peýdalanyp bilerler.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde metbugat merkezli 800 orunlyk kaşaň myhmanhananyň, Aziada-2017 bäsleşiklerine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen türgenlere niýetlenen myhmanhanalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz bu myhmanhana toplumynda Aziýa oýunlary tamamlanandan soň, birnäçe tälimçiler üçin ýaşaýyş jaýy, talyp türgenler hem-de paýtagtymyza hünärini kämilleşdirmek maksady bilen gelen hünärmenler üçin umumy ýaşaýyş jaýy hökmünde ulanar ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulsa maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu babatda “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Olimpiýa şäherçesindäki halkara ülňülerine doly kybap gelýän binalaryň enjamlaşdyrylan mahalynda dünýäde iň soňky gazanylan tehnologiýalar we öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmelidigini aýratyn nygtady. Bu möhüm ähmiýetli meseläniň hatda täze binalaryň açyljak pursadyna çenli birjik-de ünsden düşürilmeli däldigine ünsi çekip, ulanmaga tabşyryljak gününe çenli döwrebaplaşdyrmak işiniň dowam etdirilmelidigi barada degişli ýolbaşçylara berk tabşyryk berdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bina edilmegi meýlleşdirilýän “Ýelken” ýaht klubunyň taslamalary bilen tanyşdy. Bu taslamalar hem döwlet Baştutanymyzyň ozal aýdan bellikleri we teklipleri esasynda täzeden işlenildi. Şu jähetden milli Liderimiz Hazaryň türkmen kenarynda ýokary depginde kemala gelýän halkara derejeli täze şypahana merkezinde ýelkenli sporty ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny, olaryň doly güýjünde durmuşa geçirilmeginiň derwaýysdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz “Polimeks” kompaniýasynyň işläp taýýarlan taslamalary bilen jikme-jik tanşyp, türkiýeli hyzmatdaşlara birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ähli taslamalar durmuşa geçirilende öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirlenmeleriň we innowasion tehnologiýalaryň, şeýle hem oýlanyşykly, toplumlaýyn we ulgamlaýyn çemeleşmeleriň ulanylmagynyň hökmandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz gürrüňini dowam etmek bilen, täze binalar we desgalar gurlanda olaryň keşbinde we bezeginde häzirki zaman binagärlik ýörelgeleriniň hem-de öňdebaryjy bezeg işleriniň milli gurluşyk ulgamynyň asylly däpleri bilen sazlaşygy emele getirmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimize kompaniýa bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy milli Liderimiziň aýdan teklipleriniň we bellikleriniň hökmany suratda göz öňünde tutuljakdygyny ynandyrdy. Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän çynlakaý hem-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigini aýtdy.

Görkezilen taslamalar bilen tanyşlykdan soňra hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherçesiniň çäginde gurulýan binalaryň ýagdaýy, olarda alnyp barylýan işleriň depginleri bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, bu iri toplumda sport we beýleki maksatly binalaryň 30-synyň bardygyny we olaryň üç tapgyrda gurulmalydygyny bellemeli.

Döwlet Baştutanymyz ägirt uly meýdany bolan Olimpiýa şäherçesiniň çäginde gurulýan dürli maksatly binalaryň gurluşygynyň barşyna, olarda alnyp barylýan işleriň depginlerine, şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk toplumdaky desgalaryň ýerleşiş aýratynlyklaryna syn etdi. Bu ýerde gurulýan ähli desgalarda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şertleriň üpjün edilmelidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Olimpiýa şäherçesinde işleriň sazlaşykly alnyp barylýandygyny synlanyňda, bu ýerde bina edilýän desgalaryň ýokary hil ölçeglerine laýyk geljekdigine we olaryň öz wagtynga gurlup ulanmaga beriljekdigine doly göz ýetirýärsiň. Umuman aýdanyňda, ýurdumyzyň sport ulgamynyň halkara abraýynyň belende galmagynda möhüm ähmiýeti boljak bu binalar toplumynyň hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany dünýäniň sport boýunça ösen ýurtlarynyň hataryna çykarmak babatdaky aladasynyň aýdyň netijesidir.

Olimpiýa şäherçesinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşlygyň barşynda hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli 800 orunlyk myhmanhananyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girip, ol ýerde alnyp barylýan işlere syn etdi. Hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň üçünji gatyna çykdy we ol ýerdäki otaglary, olaryň enjamlaşdyrylyşyny gözden geçirdi. Olarda adamlaryň oňaýly ýaşaýşy we göwnejaý dynç alşy üçin ähli amatly şertleriň döredilmelidigini aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde şu günki iş saparynyň dowamynda Olimpiýa şäherçesi boýunça gurluşygy alnyp barylýan binalarda ýerine ýetrilýän işleriň we onda ulanylýan gurluşyk materiallarynyň hiline kanagatlanma bildirip, edilen işler üçin tölegi kepillendirýän resminamalaryň birnäçesine gol çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz binanyň ýokarsyndaky syn ediş meýdançasyna galdy. Bu ýerden Olimpiýa şäherçesinde we paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy alnyp barylýan desgalar eliň aýasynda ýaly görünýär. Bir tarapda ýokary depginde we sazlaşykly alnyp barylýan gurluşyk işleri, gurulýan binalar, beýleki tarapda bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe okgunly ösüş ýoluna düşen paýtagtymyzyň ak mermere beslenen ajaýyp binalary görünýän görnüş ruhuňy göterýär. Milli Liderimiz paýtagtymyzda gurulýan ähli desgalarda, ilkinji nobatda bolsa sport toplumynyň binalarynda ýokary hil ölçegleriniň üpjün edilmelidigini, olaryň iň täze tehnikalar, öňdebaryjy enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmalydygyny aýratyn belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň paýtagtynyň ýokary derejesini nazara almak bilen, Aşgabady mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmegiň maksatnamasynda şu görkezijileriň esasy talap bolmalydygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz binanyň daşyna çykyp, Olimpiýa şäherçesinde, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bina edilýän desgalaryň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň we olaryň öz wagtynda tabşyrylmagynyň esasy talap bolup durýandygyny belledi. Hususan-da, milli Liderimiz wise-premýer M.Nurmyradowa ýüzlenip, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurlup ulanmaga berlen desgalaryň açylyşy mynasybetli guraljak dabaralaryň medeni maksatnamasyny binalaryň gurluşygyny alyp baran kompaniýanyň wekilleri bilen bilelikde guramak bilen baglanyşykly meseleleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.