Şu gün Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara ylmy maslahat boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda geçirilýän uly möçberli maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan guraldy. Oňa Orta Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleri, iri halkara guramalarynyň –Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň /AHHG/, BMG-niň ösüş maksatnamasynyň /BMGÖM/, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň /ÝUNEP/, BMG-niň Ýewropa Ykdysady toparynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň /FAO/, şeýle hem olaryň howandarlygynda amala aşyrylýan halkara maksatnamalarynyň we taslamalarynyň—Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Ýörite maksatnamanyň /SPEKA/, IKARDA sebitleýin maksatnamanyň, Merkezi Aziýa Sebitleýin ekologiýa merkeziniň /MASEM/ wekilleri gatnaşýarlar.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Belarusyň, Ukrainanyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Kanadanyň we beýleki ýurtlaryň pudaklaýyn ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, alymlar, halkara bilermenleri we maslahatçylar, ylmy-barlag merkezleriniň, şol sanda daşky gurşawy goramak, suw we ýer serişdelerini peýdalanmak babatda ýöriteleşýän merkezleriň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň mejlisler zalyna ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler, şonda döwlet Baştutanymyz sebitiň ýurtlarynyň we dünýä bileleşiginiň Aral ýakasyny dikeltmäge we deňzi halas etmäge gönükdirilen tagallalaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, maslahatyň işiniň netijeleriniň bu gaýragoýulmasyz wezipäniň netijeli çözgüdini kesgitlemäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteitiniň başlygy Sagit Ibatullin maslahatyň açylyşynda çykyş edip, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň 20 ýyllygy bellenilýän ýylda geçýän şu maslahatyň örän möhümdigini belledi.Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy goňşy ýurtlaryň arasynda emele gelen gatnaşyklaryň, sebitiň meselelerini bilelikde çözmäge olaryň özara çalyşmagynyň ýokary derejesiniň aýdyň beýany bolup durýandygyny nygtap, mähirli kabul edilendigi, türkmen topragynda myhmansöýerlik görkezilendigi we maslahatyň işiniň oňat guralandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi, maslahatyň barşynda Aral çökgünliligini ýeňip geçmegiň ýolunda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlary, Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini rejeli hem-de utgaşykly dolandyrmaga täze çemeleşmeler, beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Sagit Ibatullin Araly halas etmegiň Halkara gaznasy ýaly, şeýle uly guramanyň orny we uly mümkinçilikleri hakynda söz açyp, Türkmenistanyň Araly halas etmek boýunça hereketleriň bir bitewi strategiýasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli öňe sürýän halkara başlangyçlary we döwletleriň ykdysady ösüşini adamlaryň rowaçlanmagynyň hem-de abadançylygynyň durmuş we ekologiýa taraplary bilen utgaşdyrmaga gönükdirilen oňyn teklipleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Hususan-da, Araly halas etmek boýunça BMG-niň Ýörite Maksatnamasyny işläp taýýarlamak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça BMG-niň Sebitara merkezini döretmek barada gürrüň barýar. Türkmen Lideri tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji we 66-njy maslahatlarynda hem-de 2012-nji ýylyň iýunynda Rio-de Žaneýroda /Braziliýa Federatiw Respublikasy/ bolan Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, beýleki iri halkara maslahatlarynda aýdylan bu başlangyçlar dünýä bileleşiginiň örän giň goldawyna eýe bolýar diýip, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy aýtdy.
Maslahatda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleriniň, şeýle hem BMGÖM-niň ÝUNEP-iň, Ýewropa Bileleşiginiň, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň wekilleri Merkezi Aziýada durmuşa geçirilýän milli tebigaty goraýyş starategiýasyna, halkara ekologiýa maksatnamalaryna hem-de taslamalaryna gysgaça synlar bilen çykyş etdiler.
Bellenip geçilişi ýaly, Aral meselesi XX-XXI asyrlaryň sepgidinde dartgynly häsiýete eýe boldy we häzirki wagtda tutuş dünýä bileleşiginiň üns merkezinde durýar, onuň ilkinji sebäbi basseýniň derýalarynyň gidrologiki düzgüniniň üýtgemegidir. Suw serişdeleriniň netijesiz peýdalanylmagy bilen ýüze çykan ekologiýa heläkçiliginiň zyýanly netijeleri Aral deňziniň töwereginde ýaşaýan ençeme million adamyň durmuş şertlerine täsir etdi, onuň meýdany soňky on ýylda ortaça 70 göterim kemeldi. Aralyň işjeň ýalpaklanmagy netijesinde ýüze çykan, tebigy serişdeleriň bozulmagy, şol sanda kenarýaka sebitleriniň çölleşmegi, tebigy öri meýdanlarynyň hiliniň ýaramazlaşmagy, topragyň şorlamagy, şor ýerleriň emele gelmegi we şonuň netijesinde biologik köpdürlüligiň peselmegi diňe bir Orta Aziýa däl, eýsem, goňşy çäklere hem wehim salýar. Howanyň dünýäde bolup geçýän giň möçberli üýtgemegi bilen hem ýagdaý çylşyrymlaşýar.
Bu babatda ekologiýa heläkçiliginiň zyýanly netijelerini gönüden-göni başdan geçirýän döwletleriň ylalaşylan hereketlerine köp zat baglydyr. Şundan ugur almak bilen öz wagtynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny /AHHG/ döretmek hakynda çözgüt kabul edildi, Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan onuň döredijileri bolup durýarlar. BMG-niň ýerine ýetiriji agentlikleri we beýleki halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän Gaznanyň esasy wezipesi Aral ýakasyny ekologiýa taýdan sagdynlaşdyrmak boýunça bilelikdäki işi we geljegi uly maksatnamalary utgaşdyrmakdan hem-de maliýeleşdirmekden ybaratdyr.
Şu wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň düzüminde Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk topary /DUST/ we Durnukly ösüş boýunça döwletara topar /DÖTT/ döredildi. Olaryň çäklerinde Orta Aziýanyň ýurtlary üçin bir bitewi ekologiýa maksatnamasy hökmünde daşky gurşawy goramak boýunça hereket etmegiň Sebitleýin meýilnamasy kabul edildi. Aşgabatda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň binýadynda Özbegistanda, Gazagystanda we Gyrgyzystanda şahamçalary bilen Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň Ylmy-maglumat beriş merkezi döredildi. Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň Ylmy-maglumat beriş merkezi durmuş-ykdysady ösüş, sebitleýin ekologiýa hyzmatdaşlygy boýunça Aral sebitiniň meselelerini çözmekde maslahatlary işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar, “Çölleri özleşdirmegiň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly žurnaly neşir etmäge gatnaşýar, şonda “Aral we onuň meseleleri” atly hemişelik bölüm açyldy. 2008-nji ýylyň dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna gözegçiniň derejesini bermek hakyndaky rezolýusiýasy kabul edildi, bu gazna gatnaşyjy döwletlere Aralyň meseleleri hakynda dünýä jemgyýetçiligine habar bermek, ýüze çykan ekologiýa we durmuş meselelerini çözmek üçin gatançlyk serişdeleri çekmek boýunça zerur çäreleri geçirmäge mümkinçilik berdi.
Maslahata gatnaşyjylar ekologiýa taýdan howpsuz we durnukly ösüş babatda goňşy ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň düýpli halkara-hukuk esaslaryny döretmegiň möhümdigi hakynda söz açyp, 2006-njy ýylyň noýabrynda sebitiň birnäçe ýurtlary tarapyndan Aşgabatda gol çekilen Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak baradaky Çarçuwaly konwensiýanyň bu ýolda tapgyrlaýyn waka bolandygyny bellediler.
2009-njy ýylyň aprelinde Gazagystanda bolan, taraplaryň sebitiň möhüm meseleleriniň özara ýapamly çözgütlerini bilelikde agtarmaga gyzyklanma bildirýändigini we taýýardygyny tassyklan Araly halas etmegiň halkara gaznasyny dörediji döwletleriň baştutanlarynyň mejlisiniň ähmiýeti hem nygtalyp geçildi. Mälim bolşy ýaly, bu duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gatnaşmagynda Araly halas etmek boýunça toplumlaýyn halkara-hukuk resminamasyny taýýarlamak maksady bilen, ýörite bilermenler toparyny döretmek hakyndaky teklip bilen çykyş etdi, şol teklip maslahata gatnaşyjylaryň ählisiniň goldawyna eýe boldy.
Maslahatyň çözgütlerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2011-2015-nji ýyllar üçin döwürde Aral deňziniň sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça hereket etmegiň üçünji maksatnamasynyň üstünde işlemek başlandy. 2010-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda türkmen paýtagtynda gol çekilen Ähtnama BMG-niň düzüm birlikleri, şol sanda Aşgabatda öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine ýardam etdi.
Maslahatda hödürlenen çykyşlaryň şaýatlyk edişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ähli döwletlerinde Aral ýkasynyň ekologiýasyny gowulandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýygnananlar Türkmenistanyň garaýşyna ýokary baha berdiler, ol BMG-niň bioköpdürlülik hakyndaky we çölleşmä garşy göreş alyp barmak boýunça esasy tebigaty goraýyş maksatnamalaryny, Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly maksatnamany, ozon gatlagyny goramak baradaky Wena maksatnamasyny we başgalary tassyklap, häzirki döwrüň giň möçberli meselelerini çözmäge toplumlaýyn, hemmetaraplaýyn çemeleşmäni görkezýär.
Hususan-da, Türkmenistanda ekologiýa meselesine çynlakaý üns berilýändigi bellenildi, sebäbi daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak, “ýaşyl” innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we tutuşlygyna alnanda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Ykdysadyýet we durmuş ulgamynda ähli uly möçberli milli özgertmeler maksatnamalary köp babatda adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa bilen berk baglaşdyryldy.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnama", “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasy” munuň aýdyň mysalydyr, şolaryň çäklerinde iri möçberli maýa goýumlary welaýatlarda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleri döretmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.
Aral deňziniň basseýninde ekologiýa çökgünliliginiň zyýanly täsirine has beter sezewar bolan Daşoguz welaýatynda durmuş - ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak boýunça hem çäreleriň giň toplumy ýerine ýetrrilýär. Mysal üçin, geçen ýylda demirgazyk welaýatda arassa agyz suwuny öndürmek boýunça bada-bat iki täze kärhana, ýagny, Ruhubelent etrabynda we “Bitaraplyk” geňeşliginiň “Akýaýla” daýhan birleşiginde işe girizildi. Köneürgenç etrabynda göwrümi 20,5 million kubmetr bolan emeli suw howdanynyň gurluşygyna badalga berildi.
Häzirki wagtda Merkezi Garagumda özboluşly gidrotehniki toplum, ähli welaýatlaryň oba hojalyk ýerlerinden minerallaşan akaba suwlaryny toplamak üçin niýetlenen gidromelioratiw desgalaryň çylşyrymly ulgamy bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy dowam edýär. Bu öz möçberi boýunça deňsiz-taýsyz bolan taslamanyň Türkmenistan, tutuş Orta Aziýa üçin örän möhüm, ägirt uly ähmiýeti bardyr. Onuň durmuşa geçirilmegi biziň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri we çäkleri açmak bilen bir hatarda, tutuş sebitiň ekologiýasyna hem amatly täsir eder.
Bularyň hemmesi, şol sanda “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” , şeýle hem şu ýyl kabul edilen “Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasy” türkmen döwletiniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek wezipelerini çözmäge hem-de dünýä bileleşiginiň öňünde kabul eden borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän çynlakaý we jogapkärli çemeleşmesine aýdyň şaýatlyk edýär, şolaryň çäklerinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwrürmek boýunça giň möçberli işler dowam etdiriler.
Ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurda halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistan çözülmegi tutuş adamzadyň geljegine dahylly bolan meseleler boýunça gatnaşyklary göwnejaýlaşdyrmaga ýardam etmäge çalşyp, BMG bilen oňyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek, beýleki iri guramalar we düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Häzirki wagtda milli we sebitleýin derejede durmuşa geçirilýän hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, giň möçberli Ekologiýa gaznasy we başgalar ýaly abraýly halkara düzümleri tarapyndan goldanylýan dürli taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Jemleýji mejlisden soň bolan maslahatlarda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we dolandyrmak meseleleridir, olar duşuşyga gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryna berk laýyklykda we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak bilen çözülmelidir. Häzirki wagtda bu ugurda diňe bir jarnamalar däl, eýsem, çynlakaý bilermenlik baha bermeleri, ýagdaýa yzygiderli gözegçilik etmek zerurdyr, olar göwnejaý çözgütleri işläp taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat eder diýlip, maslahatda bellenip geçildi.
Çölleşmegiň öňüni almaga, Aral ýakasynda, şol sanda uly möçberli bagy-bossanlyga öwürmek işleriniň kömegi bilen biologiki köpdürlüligi we daşky gurşawy goramaga, gorag tokaý zolaklaryny döretmäge aýratyn üns berildi. Garalan meseleleriň hatarynda daşky gurşawy senagat desgalarynyň hapalamagyndan goramak, şu maksatlar bilen ekololgiýa meseleleriniň öňüni almagyň netijeli usuly hökmünde innowasion tehnologiýalary peýdalanmak boýunça möhüm wezipeler we çäreler bar. Duşuşygyň çäklerinde ykdysadyýetiň suw ulgamynyň we arid zolagynyň ekologiýa ulgamynyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagynyň häzirki zaman usullary, kenar ýakasyndaky çäkleri dolandyrmagy kämilleşdirmek, oba hojalyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň tejribesi hakynda düýpli pikir alşyldy.
Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlyk etmegi boýunça taslamany, Merkezi Aziýanyň we Günorta Kawkazyň döwletlerinde oba hojalygynyň durnukly ösüşi boýunça bilelikdäki IKARD maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň netijeleri, Merkezi Aziýa üçin Sebitleýin FAO Býurosynyň iş tejribesi hakynda habarlar diňlenildi. Aral ýakasynyň dikeldilmegi babatda hereketleri utgaşdyrmak üçin zerur bolan maglumatlaryň bir bitewi binýadyny kemala getirmegiň möhümdigi bellenip geçildi.
“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnalynyň birinji sanynyň tanyşdyrylyşy uly gyzyklanma bilen garşylandy, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, her çärýekde Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan daşky gurşawy goramak işinde gazanylan üstünlikleri giňden peýdalanmak, tebigy serişdeleri rejeli ulanmak we ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleri okyjylar köpçüligine ýetirmek maksady bilen, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir ediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler, onda täze taglymlary we teklipleri işläp taýýarlamaga hyzmat etjek maslahaty guramagyň ýokary derejesi üçin hoşallyk bildirdiler, şol taglymlar we teklipler Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işiniň netijeli ugurlaryny kesgitlemäge, sebitiň döwletleriniň we dünýä bileleşiginiň Aral çökgünliginiň zyýanly netijelerini ýeňip geçmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde tagallalaryny birleşdirmäge, ähli halklaryň eşreti üçin ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat eder.
Ertir maslahata gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynda tokaý zolagynyň düýbüni tutmaga gatnaşarlar. Bu giň möçberli bagy-bossanlyga öwürmek çäresi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm çärä beslener, daşky gurşawy goramak, türkmenistanlylaryň abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek onuň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Mundan başga hem myhmanlar we maslahata gatnaşyjylar üçin giňişleýin medeni maksatnama taýýarlanyldy, ol “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghana syýahat etmegi özünde jemleýär, onuň meşhur binagärlik ýadygärlikleri UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.