Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde täze tokaý zolagynyň düýbüniň tutulyşyna gatnaşdy.
Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Boingi” Aşgabadyň Halkara howa menzilinden ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna ugur aldy we biraz wagtdan Daşoguz şäheriniň howa menziline gondy.
Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň başlygy, ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, din wekilleri, hormatly ýaşulular mähirli garşylaýarlar.
Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Welaýatyň hormatly ýaşululary milli Liderimizi duz –çörek bilen garşylaýarlar.
Hormatly Prezidentimiz ýygnanalaryň ählisi bilen mähirli salamlaşyp, ýaşulular bilen söhbetdeş boldy we ýurdumyzda hem-de demirgazyk welaýatda amala aşyrylýan özgertmeler barada olaryň pikiri, ýerli ýaşajylaryň iş-aladalary bilen gyzyklandy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu gün geçirilýän çäre barada hem gürrüň edildi. Bu çäre biziň ýurdumyzda tokaýlary döretmek, tebigaty goramak syýasatyny, şol sanda sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan uly işleriň çäginde guraldy.
Aral deňziniň meselesi häzirki wagtda sebitleýin derejede ekologiýa howpsuzlygynyň möhüm meselesi bolup durýar. Düýn Daşoguzda geçirilen “Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara ylmy maslahaty hem şu meselä bagyşlandy.
Maslahatda Türkmenistanyň Araly halas etmek boýunça hereketleriň bitewi strategiýasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýandygyna mynasyp baha berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda beýan eden başlangyjyny muňa mysal getirmek bolar. Şonda döwlet Baştutanymyz bu çylşyrymly meseläni çözmezden, Orta Aziýada durnukly ösüş baradaky wezipleri çözmek hakynda gürrüň etmegiň kyndygyny nygtady hem-de degişli çäreleri işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.
Şol çäreleri BMG-niň işiniň belli bir ugry hökmünde – BMG-niň Aral üçin Ýörite Maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrmak maksadalaýyk bolardy. Onda ýagdaýy kadalaşdyrmak we gowulandyrmak boýunça anyk meýilnamalar öz beýanyny tapmalydyr.
Türkmenistan giň möçberli milli maksatnamalary, şol sanda golaýda kabul edilen Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirip, Aral deňzi sebitinde, hususan-da, Daşoguz welaýatynda durmuş-ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri yzygiderli amala aşyrýar.
Daşoguz welaýatynyň Aral deňzine ýanaşyk ýerleriniň ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak üçin biziň döwletimiz tarapyndan uly möçberdäki serişde goýberildi. Bu ýerde iri maýa goýum taslamalarynyň toplumy, şol sanda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, bagy-bossanlyga büremek hem-de ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmek boýunça örän ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirildi. Şu gün düýbi tutulýan täze tokaý toplumy şeýle giň möçberli işleriň aýdyň subutnamalarynyň biridir.
Hormatly ýaşulular döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirlen döwlet işinde täze üstünlikler arzuw etdiler.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Daşoguz şäheriniň howa menzilinden bag oturtmak işleriniň geçirilýän ýerine tarap ugraýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagy welaýatyň merkezinden uzak bolmadyk ýerdäki täze tokaý toplumy üçin niýetlenen ýere barýar. Bu ýerde geljekki ýaşyl zolak üçin 55 gektar ýer bölünüp berlipdir.
Hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan gelen hormatly ýaşulular mähirli garşylaýarlar. Olar ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga, döwletimiziň şäherlerinde we obalarynda döwrebap durmuş-ykdysady düzümi döretmäge gönükdirilen köp ugurly işi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Milli Liderimiz bu ýerde seýilgäh zolagyny döretmek maksady bilen seçilip alnan künjek barada aýdyp, onuň bir tarapynda ýakynda düýbi tutulan metjidiň, beýleki bir tarapynda bolsa sebitiň çagalary üçin mekdep internatyň bardygyny belledi. Bu künjek bir tarapynda Hudaýyň öýi, beýleki bir tarapynda bolsa bilim ojagy ýerleşýän jenneti mekana öwrüler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Hajy nygtady.
Şu gün geljekki ýaşyl zolagyň çäginde hakyky baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy duýulýar.Welaýatyň döredijilik toparlarynyň, sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren sahnalaşdyrylan aýdym-sazly çykyşy bu dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrýar. Bu ýerde dikilen ak öýler we türkmen ekeranaçylarynyň adaty durmuşyny beýan edýän görnüşler bolup geçýän waka özboluşly öwüşgin çaýýar.
Milli lybasdaky oglanjyk milli Liderimize ilkinji agaç nahalyny oturtmak haýyşy bilen ýüzlenýär. Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda sekwoýa agajynyň nahalyny oturdýar.
Täze tokaý toplumynda oturtmak üçin hut elmydama ýaşyl öwüsýän şu pürli agajyň seçilip alynmagynyň hem aýratyn mynasy bardyr. Bu agaç özüniň örän beýik boýy, bezeg gözelligi we uzak ýyllap ýaşaýandygy bilen tapawutlanýar. Serwi agaçlary maşgalasyndan bolan bu ägirt uly täsin agaçlaryň boýy ýüz metrden hem gowrak, diametri bolsa kähallatda ýedi metrden hem gowrak bolup bilýär. Olar örän çydamly bolup, dört müň ýyla çenli ýaşaýarlar.
Milli Liderimiz agaç nahalyny oturdyp, her bir welaýatyň wekilleri bilen nobatma-nobat söhbetdeş boldy we olaryň şu çärä gatnaşmagyna badalga berdi. Şeýlelikde, ilkinji agaç nahalyny oturdandan soň, döwlet Baştutanymyz bag ekmek üçin Aşgabat şäher häkimligine bölünip berlen ýere baryp, olaryň bu asylly işe başlamagyna badalga berdi. Soňra milli Liderimiz Ahal welaýatyndan bag ekmek çäresine gatnaşýan wekilleriniň işiniň başyny başlap berdi. Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynda bag ekmek işine gatnaşmak üçin gelen Balkan welaýatynyň ýaşulularynyň ýanyna baryp, olaryň çäginde sekwoýa nahalyny oturtdy. Balkanlylar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjyny uly ruhubelentlik bilen dowam etdiler. Şeýle hem milli Liderimiz Lebap welaýatynyň bu ýerde bag ekmek dabarasyna gatnaşýan ýaşulularynyň ýanyna baryp, il içinde sogap hasaplanylýan bu asylly işiň başyny başlady. Soňra döwlet Baştutanymyz sekwoýa nahalyny oturtmak bilen, Daşoguz topragynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylyynda guralýan bag ekmek çäresine gatnaşmak üçin Mary welaýatyndan gelen adamlaryň işine badalga berdi.
Milli Liderimiziň nusgalyk göreldesine eýeren ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň wekilleri adamlaryň geljekki seýilgähe uly goşandyny alamatlandyran asylly çäräni alyp göterdiler.
Bu ýerde sekwoýadan başga-da , mydama gök öwüsýän agaçlaryň beýleki görnüşleriniň, şol sanda tuýanyň nahallary oturdylar. Bagy-bossanlyga büremek meselesinde pürli agaçlar köp babatda uly artykmaçlyga eýedir. Mundan başga-da, olar bezegi babatda göze gelüwlidir, uzak ýyllap ýaşap bilýärler hem-de ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýärler. Pürli agaçlar daşky gurşawy we howany arassalamak üçin hem örän peýdalydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylaryň ählisi agaç nahallaryny oturtmaga başlaýarlar.
Ýaşyl zolaklary döretmek Araly halas etmek baradaky Halkara gaznasynyň işiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Orta Aziýa sebitiniň umumy ekologiýa we ykdysady meselelerini çözmek zerurlygy bu sebitiň ýurtlarynyň ählisiniň bilelikdäki we ylalaşykly tagallalaryny talap etdi. Bu babatda Türkmenistan özüniň anyk işleri bilen umumy tagallalara mynasyp goşant goşup, ylalaşykly suw hojalyk syýasatyny işläp taýýarlamaga, daşky gurşawy goramak hem-de ekologiýa ýagdaýyny kadalaşdyrmak ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýar, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň suwarymly ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we giň çäkleri bagy-bossanlyga büremek boýunça maksadalaýyk işleri geçirýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda täsin tebigaty aýawly saklamak, suw, ýer we biologiki serişdeleri rejeli ulanmak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, çölleşmäge hem-de tokaýlaryň ýok bolup gitmegine garşy göreşmek, ilata ekologiýa babatda düşünje bermek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Merkezi Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy dowam etdirilýär. Şol ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň, şeýle hem Amyderýanyň çep kenarynyň güýçli minerallaşan zeý suwlary jemlener. Şunuň bilen birlikde, ilatyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, agyz suwy zawodlaryny, suwy süýjediji desgalary, suw howdanlaryny hem-de beýleki gidrotehniki desgalary gurmak boýunça giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy.
Şu gün döredilýän tokaý zolagy bolsa amatsyz ekologiýa ýagdaýlary üçin özboluşly ýaşyl “böwet” bolmalydyr, ol howanyň gowulanmagyna ýardam etmelidir. Şunda geljekki ýaşyl zolagyň daşky gurşawa etjek täsiri diňe bir ýerli häsiýete däl, eýsem, sebitleýin häsiýete eýe bolup biler.
Bag oturtmak çäresine badalga bermek dabarasy tamamlanandan soň, milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Din işleri baradaky geňeşiň başlygy we Türkmenistanyň müftüsi bilen söhbetdeş bolup, ýaşlaryň ruhy-ahlak terbiýesi, tebigata, ene topraga aýawly garamak babatdaky gadymy däpleri ösdürmek barada gürrüň etdi.
Ýörite guralan meýdançada hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Daşoguz welaýatynyň çäginde täze tokaý zolagyny döretmegiň hormatyna sadaka berildi.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň öňünde şu günki çäräniň ähmiýeti we umuman ekologiýa meselesi bilen baglanyşykly wezipeler hakynda çykyş etdi. Illi Liderimiz sadaka gatnaşyjylar bilen ýene bir ýola mähirli görşüp, Berkarar Watanymyzyň bedew bady bilen, ösüşleriň ak ýolundan one barýandygyny aýtdy.
Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak meselesi tutuş dünýäde möhüm wezipeleriň birine öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biziň ýurdumyzda giň gerimli we tutumly möhüm işleriň biri hem tebigaty goramak, ekologiýa bilen baglydyr, bu meseleleri çözmek üçin döwletimiz tarapyndan köp mukdarda maliýe serişdeleri goýberilýär diýip, milli Liderimiz söze başlady. Dasky gurşawy gowulandyrmak maksady bilen, biz şu ýylyň yanwar aýynda ýorite Milli tokaý maksatnamasyny kabul etdik diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzda tokaý gorag zolaklarynyň, seýilgähleriň döredilýändigini, millionlarça agaç nahallarynyň oturdylýandygyny aýtdy.
Şeýlelikde, Maksatnama laýyklykda, welaýatyň Bötendag düzlüginde 20 müň gektarda gandym, sazak, ojar, çerkez ýaly çöl ösümliklerini, derek, igde ýaly, ýaprakly agaçlary oturtmagy göz öňünde tutýarys, bu bolsa 2020-nji ýyla çenli bu ýerde tokaý gorag zolagyny döretmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ata-babalarymyz ýol gurmagy, köpri gurmagy, bag ekmegi sogap is hasaplapdyrlar, häzirki döwürde hem biz pederlerimiziň bu asylly ýörelgelerini dowam edýäris diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz şu gün mukaddes ýerde - täze gurulýan metjidiň ýanynda bag ekdik, şonda bu ýerde biz ýedi sany üýtgeşik görnüşli agaç nahalyny (Sekwoýýany) oturtmagy göz öňünde tutduk, olar üç ýarym müň ýyl ýaşaýar. Umuman, şu gün Daşoguz şäherinde 55 gektar meýdanda jemi 22 müňe golaý agaç nahalyny oturtdyk, bu bolsa welaýaty bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alyp barýan işlerimize täze itergi berer diýip aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ekologiýa meselesi baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, amala aşyrylýan bu işleriň welaýatda daşky gurşawy gowulandyrmakda, şorlaşmagyň we çölleşmegiň öňüni almakda, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyny, in esasy zat bolsa, topragyň, suwuň we howanyň arassalygyny saklamaga, netijede, ilatyň saglygyny goramaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.
Biz welaýatda «Aralyň ekologiýasy: durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlygy» atly maslahaty hem geçirýäris, maslahata köp sanly halkara guramalarynyň wekilleri, onlarça ýurtlaryň alymlary gatnaşýarlar, bu maslahat ýurdumyzda ekologiýany gowulandyrmaga biziň uly üns berýändigimize aýdyň şaýatlyk edýär, biz geljekde hem bu ugurda alyp barýan işlerimizi gin gerimde dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny biz şu ýyl Daşoguzda geçireris, Ýaşulularyň maslahatynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarys diýip milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Öňümizde ýene-de birnäçe baýramlar bar, nesip bolsa, «Suw damjasy - altyn dänesi» baýramyny, Bütindünýä saglyk gününi, Turkmen bedewiniň baýramyny, Ýeňiş gününi, Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi we beýleki baýramlarymyzy hem ýokary derejede belläp geçeris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Türkmen halkynyň Daşoguz welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar, dünýänin medeni ösüşinde öçmejek yz galdyran gadymy Köneürgenç şäheri, Nejmeddin Kubranyň kümmeti, 360 piriň ýatan topragy keramatly ýerlerdir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Köneürgenç taryhy-medeni döwiet goraghanasynyň UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini aýtdy. Soňra milli Liderimiz bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň şu gün bu çärelerden son, 360 piriň ýatan mukaddes, keramatly topragyna zyýarata gitmegi göz öňünde tutýandyklaryny aýdyp, olaryň zyýaratlarynyň, berkarar Watanymyzyň abadançylygy, güiläp ösmegi üçin etjek doga-dilegleriňiziň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi Gurhanyň sürelerinden aýat okady. Şeýlelik bilen, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi.
Sadaka tamamlanandan soň, milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisini türkmen topragynyň gülläp ösýändigini alamatlandyrýan bu şanly waka mynasybetli ýene-de bir gezek gutlap, dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşdy hem-de özüne garaşýan awtoulaga münüp, Daşoguz şäheriniň howa menziline tarap ugrady.
Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz ýörite gurlan pawilýonyň golaýynda saklanyp geçýär.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, durmuş-medeni we senagat maksatly desgalaryň birnäçesi görkezilen planşetleriň ýanyna barýar.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde we göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatlarynda welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň adamlar, olaryň netijeli işi we doly derejeli dynç alşy üçin döredýän şertleri bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýär. Adamlar hakdaky hemmetaraplaýyn alada, olaryň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň üpjün edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar.
Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşlygyň barşynda, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlar bilen alnyp barylýan işler, ösüp barýan nesilleriň döwrebap terbiýesi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns bermek bilen, sebitlerde oba hojalyk pudagyny, welaýatlaryň senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek bilen bir hatarda adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna degişli wezipeleriň birjik-de unudylmaly däldigini nygtady.
Milli Liderimiz öňi bilen durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Olaryň hatarynda Daşoguz şäherinde gurluşygy dowam etdirilýän 350 orunlyk myhmanhana we 500 orunlyk Medeniýet öýi bar.
Döwlet Baştutanymyz 500 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň, 365 orunlyk sport mekdebiniň, şeýle hem 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygynyň taslamalaryna aýratyn üns berdi.
Birnäçe iki gatly binalary bolan mekdep jaýynda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilimli we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler dörediler. Taslama boýunça bu ýerde ýagty okuw otaglary bilen bir hatarda maslahatlar we sport zallary, zähmet okuwy otagy, barlaghana, kitaphana we beýleki okuw hem-de kömekçi desgalar bolar. Mekdebiň ýokary derejede abadanlaşdyrylan ýanaşyk ýerinde açyk sport meýdançasy hereket eder.
Häzirki döwürde sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolan hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak arkaly watandaşlarymyza, ilkinji nobatda bolsa ýaşlara nusgalyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda dürli derejedäki sport desgalarynyň, şol sanda stadionlaryň we sport mekdepleriniň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi türgenler, has takygy ýaş nesilleriň ussatlyk derejesine ýetmegi, geljekde sportda belent abraýlary hem-de ajaýyp ýeňişleri gazanmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Ýurtda gurluşygy alnyp barylýan täze umumybilim berýän mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň taslamalarynda ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen sport zallarynyň we meýdançalarynyň, ýüzüş howuzlarynyň, tennis kortlarynyň we beýleki ugurdaş desgalaryň bolmagy häzirki döwrüň baş talaby bolup durýar.
Şeýle hem bu ýerde görkezilen taslamalaryň hatarynda amatly öýleri bolan dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary hem bar. Olar ýaşaýyş jaý gurluşygynyň maksatnamasyna laýyklykda Daşoguz köçesiniň, Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda bina edilýär. Her toplumda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan we çagalar üçin meýdançalary bolan iki görnüşli ýaşaýyş jaýlary bolar.
Görkezilen taslamalar bilen tanşyp we olar boýunça birnäçe teklipleri hem-de bellikleri aýdyp, döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň daşky bezegine düýpli çemeleşmegiň derwaýysdygyny belledi we olarda milli binagärlik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyny hem-de binalaryň şäheriň keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini aýtdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz gurluşyk işelriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegi bilen bir hatarda olarda adamlar üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän amatlyklaryň döredilmegi babatda häzirden alada edilmelidigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Daşoguz şäheriniň howa menziliniň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän birnäçe ulag ulgamynyň, şol sanda raýat awiasiýasynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy. Olaryň hatarynda uzynlygy 3800 metr bolan uçuş-gonuş zolagy, Dolandyryş we meteorologiýa gullugy merkeziniň täze binasy, howa hereketleri boýunça dolandyryş Merkeziniň diňi, howa gämileri üçin duralgalar bar. Bu taslamalarda howa menziliniň zerur bolan ähli durmuş üpjünçilik hem-de inženerçilik we ulag aragatnaşyk ulgamlary göz öňünde tutulypdyr.
Mälim bolşy ýaly, islendik howa menzili şäheriň “howa derwezesi” bolup durýar. Hut şonuň üçin hem howa menzilinde ýolagçylar üçin hyzmatyň ýokary hiliniň üpjün edilmegi menziliň işgärleriniň möhüm wezipesi bolup durýar. Şunlukda bu ýerde ýerine ýetirilýän hyzmatlar häzirki döwrüň talaplaryna we milli myhmansöýerlik däplerine gabat gelmelidir, galyberse-de, halkara ülňülerine doly laýyk bolmalydyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy ýokary depginlerde ösdürilýär. Ol ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde öňdäki orunlary eýeleýän pudaga öwrülýär. “2011-2030-njy ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen, ýurdumyzyň howa ulaglary gullugynyň işgärleri ýolagçy we ýük gatnatmak bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli berjaý edýärler. Mundan başga-da, olar ýer eýelerine, maldarlara, nebitçilere we gazçylara ýakyndan ýardam berýärler. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberleri ýyl-ýyldan ýokarlanýar.
Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa etmegiň we döwletiň yzygiderli ösüşini ýola goýmagyň möhüm şertleriniň biri häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmek bolup durýar. Bu bolsa ýokarda agzalan maksatnamanyň derwaýys taraplarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ulag ulgamynyň ähli pudaklarynda, şol sanda raýat awiasiýasynda iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Gürrüň täze howa menzilleriniň, ýolagçy terminallarynyň, inženerçilik-tehniki maksatly desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda ozal hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmak we olaryň durkuny täzedemek, şeýle hem howa menzilleriniň tehniki parkynyň üstüni yzygiderli ýetirmek barada barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda “2012-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli Maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy.
Soňra milli Liderimiziň garamagyna Köneürgenç etrabynyň “Akgala” geňeşliginiň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän, ähli degişli düzümi özünde jemleýän şäher görnüşli häzirki zaman obasyny gurmak üçin bölünip berlen ýerleriň çyzgylary we gurluşyklaryň taslamalary görkezildi. Ýakyn geljekde bu ýerde geňeşligiň edara binasy, 420 orunlyk mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, Saglyk öýi, Medeniýet öýi, söwda merkezi, çörek bişiriji bölüm, alkagolsyz içgileri taýýarlaýan önümçilik desgasy, aragatnaşyk binasy, 400 sany ýaşaýyş jaýlary gurlar.
Etrabyň durmuş düzüminiň üstüni ýetirmäge niýetlenen täze gurluşyklaryň taslamalary bilen jikme-jik tanşyp, milli Liderimiz olara birnäçe bellikleri aýtdy we düzedişleri girizdi. Döwlet Baştutanymyz bu taslamalar ýerine ýetirilende olaryň guramaçylyk tarapyna, maýa goýum serişdeleriniň hem-de maddy-tehniki enjamlaryň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn ünsi çekdi. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň strategik ugry ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan, çäk mümkinçiliklerini, şol sanda tebigy serişdeleri has netijeli peýdalanmak esasynda welaýatlaryň ykdysadyýetiniň durnukly we sazlaşykly ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr diýip belledi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Boldumsaz etrabynda gurulmagy meýilleşdirilýän senagat maksatly desgalaryň - kuwwaty 40 müň kub metre barabar bolan agyzsuw arassalaýjy zawodyň, Akdepe etrabynyň pagta arassalaýan kärhanasynyň binýadynda täze önümçilik birleşiginiň, Köneürgenç etrabynda ýyllyk kuwwaty 40 müň tonna barabar bolan pagta çigidini gaýtadan işleýän ýöriteleşdirilen kärhananyň, şeýle hem Gurbansoltan eje adyndaky etrapda “Daşoguz” şypahanasynyň taslamalary bilen jikme-jik tanyşdy.
Bu häzirki zaman senagat kärhanalarynyň gurluşygy milli Liderimiziň başlangyjy bilen we Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, türkmen halkynyň durmuş derejesiniň belende galmagyna gönükdirilip, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaýbaňlanldyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýar.
Her bir maýa goýum hem-de gurluşyk taslamasyna sebitiň durmuş we ykdysady bähbidiniň jähetinden seredilmelidigini, onuň serişdeleri has oňaýly peýdalanmak esasynda durmuşa geçirilmelidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bar bolan hem-de welaýatyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykmagyny şertlendirjek maýa goýum gurallarynyň, tehnologiýalaryň we usullaryň ähli mümkinçiliklerini öwrenmek babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň häkimine ýüzlenip, sebitiň senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bellenen meýilnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýerlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Daşoguz şäheriniň howa menziline tarap ýoluny dowam etdirdi. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ugradýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabada tarap ugur alýar.
***
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün, Daşoguz welaýatyna bolan iş saparyndan paýtagtymyza gaýdyp geleninde Aşgabadyň täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň taslamasy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, bu möhüm taslamanyň gurluşygyny ýerine ýetirmek biziň ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasyna ynanyldy.
Bu ýerde paýtagtymyzyň täze howa menziliniň toplumy we onuň esasy aýratynlyklary barada maglumat berýän taslamalar hem-de çyzgylar goýlupdyr. Bu iri düzümleýin desganyň gurluşygyna badalga bermek dabarasynyň şý uylyň 30-njy ýanwarynda bolandygyny ýatladýarys.
Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu oňyn strategiýanyň baş maksady ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmekden, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, şeýle hem ählumumy bähbitlere laýyk gelýän özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny artdyrmakdan ybaratdyr. Biziň ýurdumyz geografiki taýdan amatly ýerleşmek sebitleýin we sebitara ýollarynyň möhüm çatrygynda bolmak bilen, ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklerine eýedir we ony ýokary derejede durmuşa geçirmäge meýillildir. Içerki ugurlarda bolşy ýaly, halkara ugurlarynda ýolagçy we ýük gatnatmak işlerinde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy we onuň tehniki taýdan ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Yklymüsti we yklymara howa gatnawlarynda iri üstaşyr mümkinçiligi boljak Aşgabadyň täze, iň häzirki zaman Halkara howa menziliniň gurluşygy bu ugurda möhüm ädim bolup durýar. Bu ýerde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew hormatly Prezidentimiziň garamagyna döwlet Baştutanymyzyň bu ulgam boýunça täze tehnologiýalar hem-de öňdebaryjy tejribeler esasynda ozal eden bellikleri hem-de aýdan teklipleri nazarda tutulyp taýýarlanylan paýtagtymyzyň täze howa menziliniň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işlenip taýýarlanylan taslamalar bilen jikme-jik tanyşdy we täze howa menziliniň binagärlik aýratynlyklarynyň hem-de onuň tehniki we ulanyş häsiýetleriniň sazlaşmalydygyna ünsi çekdi.
Aşgabadyň täze Halkara aeroportunyň geçirijilik ukyby bir sagatda 1 müň 600 ýolagça barabar bolar. Şunlukda, onuň ýük dolanyşygy ýylda 200 müň tonna bolar. Howa menzili bir wagtda dürli görnüşdäki we dürli ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul edip biler. Şunlukda olara halkara ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlar ýola goýlar. Gurluşygyň taslamasy üç ýolagçy terminallaryny, VIP zaly, şeýle hem ýük we uzynlygy 3800 metre barabar bolan täze uçuş-gonuş zolagyny, uçarlaryň öwrüm ýollaryny, duralgalaryny we howa gämileri üçin duralgalary, şeýle hem howa hereketini dolandyryş merkezi bolan beýik diňi, edara binasyny öz içine alýar. Şeýle hem bu ýerde ozal bar bolan uçuş-gonuş zolagynyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Täze Halkara howa menziliniň umumy meýdany 1 müň 200 gektara barabar bolar.
Bäş gatly ýolagçy terminalynda ýerli we halkara ugurlarynyň ýolagçylary üçin ähli amatlyklar dörediler. Bu ýerde garaşylýan we garşy alynýan zallar, hasaba alyş, eneler we çagalar üçin otaglar, ýörite çagalar meýdançalary, el goşlary we ýük alynýan bölüm, petek satylýan ýerler, sorag-jogap bölümi, şeýle he degişli gulluklaryň otaglary bolar. Maglumat tablosy, sensor elektron sorag-jogap ulgamy, telefon-awtomatlar, bankomatlar, walýuta alyş-çalyş bölümi, ýük saklanýan bölümler, tapyndylar otagy, şeýle hem Internet-kafe, ykjam restoranlar, çaýhanalar duty-free dükanlary ýolagçylaryň hyzmatynda bolar. Mundan başga-da, howa menzilinde uçarmanlar hem-de üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin myhmanhana, ilkinji lukmançylyk kömegini berýän otaglar, awtoulaglary kärendä berýän hem-de myhmanhanada orunlary bellemek üçin hyzmat edýän bölümler, maslahatlar zaly, metbugat neşirler we söwda dükanlary hereket eder.
Şunlukda, Aşgabadyň täze Halkara howa menziliniň ähli bölümleriniň we gulluklarynyň iň täze tehnikalar, ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün ediljekdigini bellemeli. Onuň çäginde howa gämileri üçin merkezleşdirilen ýangyç guýujy bekedi, uçarlara we dikuçarlara tehniki taýdan hyzmat etmäge niýetlenen jaýlar, hususan-da, “Türkmenistan” awiakärhanasy, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçuş toplumy, uçar-meteorologiýa merkezi, ammar jaýlary we beýlekiler ýerleşer.
Mundan başga-da, taslamada gurluşygyň taslamasynda 600 okuwçy orunlyk uçarmanlary taýýarlaýan mekdebiň, uçarmanlaryň tälimi üçin trenažýorlar toplumynyň, lukmançylyk we sport-sagaldyş merkezleriniň gurluşygy göz öňünde tutulýar, şeýle hem ýolagçylar hem-de gullukçylar üçin abadanlaşdyrylan ýerasty hem-de açyk awtoduralgalar, howa menziliniň ýanaşyk ýerleri dolulygyna abadanlaşdyrylar, gök zolak dörediler.
Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar bilen jikmejik tanşyp, olara birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy hem-de paýtagtymyzyň täze howa menziliniň ähli ölçegler boýunça häzirki zaman talaplaryna we halkara ülňülerine, ilkinji nobatda bolsa uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we ýokary derejeli hyzmaty ýola goýmak hem-de ýolagçylar üçin ähli amatlyklary döretmek babatda ýokary derejede bolmalydygyny nygtady. Şu jähetden döwlet Baştutanymyz täze howa menziliniň häzirki zaman enjamlar we dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilmeginiň, onuň ähli gulluklarynyň we hünärmenleriniň netijeli işi üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze howa menziliniň daşky we içki bezeglerinde amala aşyrylmaly meseleleriň üstünde durup geçip, bu ýerde öňdebaryjy bezeg işleri we inženerçilik-tehniki täzelikler milli binagärligiň ajaýyp ýörelgeleri bilen sazlaşmalydygyny belledi. Çünki Aşgabadyň täze howa menzili özüniň asyl maksadyndan başga-da, Türkmenistanyň özboluşly nyşanyna öwrülip, türkmen halkynyň şöhratly myhmansöýerlik ýörelgelerini özünde jemlemelidir diýip belledi.
Milli Liderimiz gürrüňini dowam edip, paýtagtymyzyň howa menziline sebitleýin we halkara ähmiýetli möhüm ulag geçelgesi bolmalydyr we ol taslamanyň her bir bölümini jikme-jik we oýlanyşykly çözülmeginiň zerurdygyny şertlendirýär diýip belledi. Paýtagtymyzyň täze howa menziliniň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berip, döwlet Baştutanymyz ähli işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmegini we olaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, hususan-da, paýtagtymyzda ulaglaryň sanynyň yzygiderli artýandygyny, şeýlelikde, Aşgabadyň Halkara howa menziline daşary ýurtlardan belent mertebeli myhmanlaryň gelen pursatlarynda oňa barýan ýoluň hereketiniň çäklendirilýändigini bu bolsa howa menziline barýan sürüjiler we ýolagçylar üçin käbir kynçylyklary döredýändigini nazarda tutup, geljekde şu meseläniň oňyn çözülmelidigini belledi. Şu nukdaý nazardan milli Liderimiz paýtagtymyzyň täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň taslamasynda oňa ýolagçylaryň we sürüjileriň islendik wagtda bökdençsiz baryp bilmeklerini şertlendirýän goşmaça ýoly gurmak boýunça degişli ýolbaşçylara berk tabşyryk berdi we bu işleriň ýokary hilli hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede gurulmagyny talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, Aşgabadyň täze Halkara howa menziliniň ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny mundan beýläk-de ösdürmekde, onuň düzümlerini döwrelaplaşdyrmakda we ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedigini ýene bir ýola nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara işlerinde we öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikler arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.