Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 681
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlaryna, welaýatlarda ýaýbaňlandyrylan milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem döwlet durmuşynyň ileri tutulýan möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewi, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazowy hem-de ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasowy çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, tutuş türkmen halkyny Bütindünýä saglyk güni mynasybetli berkarar Watanymyzda Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda “Türkmenistan—ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlarynyň, Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ak ýoly bilen öňe barýandygyny görkezýär diýip belledi.

Milli Liderimiz bedenterbiýäniň we sportuň biziň jemgyýetimiziň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup durýandygyny aýtdy hem-de şu ýörelgelerden ugur alyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň her bir raýatynyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti halkymyzyň saglygyny berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek, zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip nygtady.

Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň başlanmagy bilen hemmeleri ýene bir ýola gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyza berk jan saglyk, uzak we bagtly durmuş, şeýle hem maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Soňra wise-premýer S.Toýlyýew ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň hem-de Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler hakynda Hormatly Prezidentimize hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, bäsleşikler we beýleki çäreler guralar.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi mynasybetli guraljak çäreleriň meýilnamasy hakynda jikme-jik hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, raýatlaryň saglygyny berkitmek, berk bedenli, zähmetsöýer ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini ösdürmek türkmen türgenleriniň sportda belent derejelere ýetmegi hem-de olaryň halkara ýaryşlarynda özleriniň ajaýyp ýeňişleri bilen mähriban Watanymyzyň şöhratyny has-da belende götermegi üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz wise-premýere we Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyna ýüzlenip, ýurdumyzda Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligini ýokary derejede hem-de guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz enäniň we çaganyň saglygynyň goralmagynyň döwletimiz tarapyndan ýöredilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ylmy-kliniki merkeziň täze gurluşygy bilen baglanyşykly möhüm jähetleriň birnäçesine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ilki bilen, klinikanyň paýtagtymyzyň merkezinde gurulmagynyň we körpe çagalaryň saglygyny goramak boýunça dünýäde iň öňdebaryjy, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu binanyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, ylmy-kliniki merkeziň gurluşygy boýunça bäsleşigiň yglan edilmegi bilen bagly işleri tizleşdirip, onuň gurluşygyna gysga wagtyň içinde başlamagy tabşyrdy.

Milli liderimiz şu mesele baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabat şäheriniň ösmegi we onuň ilatynyň artmagy bilen baglylykda, täze ylmy-kliniki merkeziň näçe orunlyk edilip gurulsa maksada laýyk boljakdygynyň kesgitlenmegine degişli meseläni jikme-jik öwrenmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ylmy-kliniki merkeziň öňki binasyny okuw binýady hökmünde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň garamagyna bermegiň maksada laýyklygy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda enäniň saglygynyň durnukly üpjün edilmeginiň sagdyn nesillerimiziň kemala gelmeginiň we olaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeginiň baş şertidigini alamatlandyrýan aýdyň hakykatdyr diýip belledi. Milli Liderimiz “Enäniň saglygy bolmasa Sagdyn nesil bolmaz ” diýen ýörelgäni öňe sürmek bilen, ýurtda bu ugur boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýän möhüm wezipeleriň birnäçesini öňe sürdi we onuň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ekişiniň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän döwrebap şäherçäniň ýerleşjek ýeriniň çyzgylaryny görkezdi.

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň belent derejelerini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi we ähli ugurlarda sazlaşykly işi ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz sebitde zaýalanan we şorlaşan ýerleri dikeltmek, gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamalydygyny tabşyryp, welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, aýratyn-da Altyn asyr etrabynda (häkimi G.Orazmämmedow), Tejen etrabynda (häkimi O.Amandurdyýew) gowaça ekişiniň depgininiň pesdigini, galla oragy möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesiniň häzirki talaby ödemeýändigini belledi we bu ýagdaýlardan netije çykarmagy häkimden talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýat häkimliginiň býurmasy esasynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalarda işleri talabalaýyk guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň senagat düzümini ösdürmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem önümçilik pudaklarynda, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ol welaýatyň çäklerinde öňde boljak şanly seneleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada habar berdi. Häkim hasabatynyň çäklerinde hormatly Prezidentimize welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän häzirki zaman şäherçesiniň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary barada gürrüň berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň senagat düzüminiň ösdürilmeginde gurluşyk ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, welaýat hjäkimliginiň buýurmasy esasynda Awazada gurulýan desgalaryň ýagdaýy, hususan-da, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň we dynç alyş merkezleriniň tomus möwsümine taýýar edilişi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz galla oragy möwsümine oba hojalyk tehnikalarynyň göwnejaý taýýarlanmagy, olary abatlamak we dikeltmek işleriniň depginini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda giňden bellenilýän “Suw damjasy—altyn dänesi” baýramy hem-de Bütindünýä saglyk güni mynasybeti geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdýay, şeýle hem sebitde desgalaryň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen baglanyşykly wajyp meseleleri yzygiderli hem-de netijeli çözmek babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da, ol döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygy boýunça welaýatda döwrebap şäherçäni döretmek bilen baglanyşykly işlenip taýýarlanylan çyzgylar we onuň ýerleşjek ýeri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz sebitiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, ilkinji nobatda bolsa döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny aýdyp, bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady.

Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň çäklerindäki şorlaşan ýerleri dikeltmek, ýollary abatlamak, ulanylman ýatan metal böleklerini metallurgiýa zawodyna tabşyrmak bilen baglanyşykly işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsümine oba hojalyk tehnikalarynyň göwnejaý taýýarlanmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda şu gyzgalaňly günlerde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, sebitiň senagat düzüminiň has-da ösdürilmegini şertlendirýän möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygy we galla oragy möwsümine, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, welaýatyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän täze döwrebap şäherçäniň ýerleşjek ýerini görkezýän çyzgylary we görnüşleri barada aýdyldy.

Ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň çäklerinde welaýatda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli we netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz sebiti hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy we tutuş ýurdumyz üçin ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ýollary abatlamak we onuň çäklerini arassalamak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz gowaça ekişi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere ünsi çekip, welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, aýratyn-da Birata etrabynda (häkimi A.Baýramgulyýew), Seýdi şäherinde (häkimiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ş.Kamalow), Serdarabat etrabynda (häkimi Ç.Öwezow) gowaça ekişiniň depginleriniň pesdigini aýtdy we bu işleriň depginini ýokarlandyrmak, galla oragy möwsümine oba hojalyk tehnikalaryny häzirden ykjam taýýarlamak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowyň hasabaty diňlenildi. Ol häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, sebitiň oba hojalyk toplumyny ösdürmek, gowaça ekişiniň depginlerini güýçlendirmek,däneli ekinlere ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Häkim hasabatynyň çäklerinde hormatly Prezidentimize sebitde gurulmagy meýilleşdirilýän we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk gelýän döwrebap şäherçäniň ýerleşjek ýeriniň çyzgylaryny görkezdi.

Şeýle hem häkim döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Owganystan Yslam Respubikasynyň Hyrat şäherinde gulluk iş saparynda bolandygyny we saparyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleri alnyp barlanda agrotehnikanyň ähli kadalarynyň we talaplarynyň berk berjaý edilmelidigini belläp, bu işleri takyk we ýokary depginde alyp barmak üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmek bilen baglanyşykly işlere ünsi çekip, welaýatyň aýry-aýry etraplarynda, esasan-da, Wekilbazar etarynda (häkimi Ý.Altyýew), Mary etrabynda (häkimi I.Kullaýew), Altyn sähra etrabynda (häkimi D.Saparmyradow) gowaça ekişiniň depgininiň pesdigini belledi we bu işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem galla oragy möwsüminde işlediljek tehnikalaryň degişli taýýarlyk derejesini üpjün etmek, aprel aýynda bellenilýän şanly senelere ykjam taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sebitiň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmeginde netijeli halkara hyzmatdaşlygyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, saparyň jemlerinden gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekiili iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň sebitlerinde hem-de paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz gurluşyk ulgamynda degişli düzümi kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap şäherçeleriň guruljak ýerleri kesgitlenen mahalynda, şäherçäniň binagärlik keşbine aýratyn ähmiýet bermelidigini, bu ugurda binagärligiň häzirki zaman tejribeleriniň göwnejaý ulanmalydygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu şäherçelerde ýollaryň, elektrik we suw geçiriji ulgamlaryň, aragatnaşyk serişdeleriniň we beýlekileriň gurluşygy boýunça meýilleşdirilýän işlere oýlanyşykly çemeleşmegi tabşyrdy. Etrap merkezleriniň we etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş ulgamyny özgertmek we oba ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýerden öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilen ýörite maksatnamalaryň kabul edilendigini we olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň başlygy Ý.Çaryýew çagyryldy. Ol öz gezeginde galla kabul edýän bölümleri we elewatorlary, şeýle hem meýdanlardan dänäni saklanjak ýerlere daşamakda ulanyljak awtomobil ulaglaryny galla oragyna taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän bugdaýyň dolulygyna aýawly saklanylmagyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada aýtmak bilen, assosiasiýanyň ýolbaşçysy şu ýylda dänäni aýawly saklamak we gaýtadan işlemek boýunça ulanmaga berlen täze kärhanalardaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem dürli welaýatlarda täze elewatorlary we un üweýän toplumlary gurmak boýunça işleriň barşy barada jikme-jik habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmegiň maksatnamasyny” amala aşyrmagyň çäklerinde ulanmaga berilýän desgalaryň göwnejaý peýdalanylmagyny guramagy talap etdi, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak şol maksatnamanyň wajyp ähmiýetli jähedi bolup durýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze elewatorlary, un we çörek önümlerini öndürmek boýunça döwrebap enjamlar bilen üpjün ediljek kärhanalary gurmagyň depginlerini güýçlendirmegi hem-de olaryň gurluşygynyň hiline we bellenilen möhletde ulanmaga berilmegine berk gözegçiligiň ýola goýulmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz düzümiň öňünde durýan birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekip, ýurdumyzda kanunçylygy berjaý etmek boýunça alnyp barylýan işlere örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini aýratyn nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Ş.Meredow gözegçilik edýän edarasynyň işi barada hasabat berdi. Şonda soňky döwürde haryt-çil mal biržasynda amala aşyrylan söwdalaryň netijeleriniň haryt dolanyşygynyň hem-de girdejiniň möçberleriniň ep-esli artandygyna şaýatlyk edýändigi bellenildi. Türkmenistanyň kärhanalarynda işlenip çykarylýan harytlar, ilkinji nobatda, dokma senagatynyň, oba hojalyk, şeýle hem azyk senagaty ulgamlarynyň önümlerine we beýleki harytlara uly isleg bildirilýär.

Hormatly Prezidentimiz eksport-import bilen bagly amallary döwlet tarapyndan düzgünleşdirýän esasy edaranyň wezipesiniň birža tabşyrylandygyny belläp, bu işiň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz biržanyň hereket etmeginiň sazlaşykly guralynyň oňa halkara ykdysady ulgama üstünlikli goşulyşmaga mümkinçilik berýändigini belledi hem-de birnäçe görkezmeleri berdi we şol sanda, dürli ýagdaýlaryň harytlaryň hem-de önümleriň importuna we eksportyna ýetirýän täsirini seljermegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ýazky oba hojalyk işleriniň umumy ýagdaýyny beýan edip, gowaça ekişiniň we güýzlük galla ideg etmegiň depginleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek üçin degişli düzümleriň utgaşykly işlemegini ýola goýmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz gymmatly ekin hasaplanýan “ak altynyň” bereketli hasylynyň düýbüni tutmak üçin gowaça ekişiniň bellenilen möhletlere we agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegi boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz galla oragynyň hem ýurdumyzyň ekerançylary üçin örän jogapkärli synag bolup durýandygyny belläp, babadaýhanyň alyn deri siňdirilip ösdürilip ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýyň bol hasylynyň gysga möhletde isripsiz ýygnalmagyna, şol sanda muňa gatnaşýan ähli düzümleriň maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün edilmegine, kombaýnlaryň we beýleki tehnikanyň taýýarlanylmagyna degişli meselelere, gallaçylaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine aýratyn gözegçilik edilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatynyň jemini jemläp, onda seredilen meseleleriň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan adam hakyndaky alada gönükdirilendigini belledi. Bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ata-Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşinde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, milli Liderimiz iş maslahatyna gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.