Ï Daşky bazarlara ädim
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşky bazarlara ädim

view-icon 669
Türkmen dokma önümleri, modalar toplumy, haly we nakgaşçylyk bezegleri 19-21-nji aprel aralygynda Rigada geçiriljek „Moda we dokma“ ýöriteleşdirilen sergide görkeziler.

Latwiýanyň paýtagtynda egçiriljek ýöriteleşdirilen sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, „Türkmenhaly“ Döwlet paýdarlar korporasiýasy, Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz sergilerini görkezerler. Türkmen wekilýetiniň wekilleri serginiň çäklerinde geçiriljek türkmen-latwiýa gatnaşyklarynyň dokma senagaty pudagyny ösdürmäge bagyşlanan pudaklaýyn maslahatlara, işewürler duşuşyklaryna gatnaşarlar.

Sergä gatnaşmaklyk daşarky bazarlarda ýurduň dokma, haly we nakgaşçylyk önümlerini wagyz etmage, Türkmenistan bilen Latwiýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürilmegine goşant goşmaga şertleri döreder, iki ýurduň arasyndaky işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge hyzmat eder.