Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda netijeli türkmen-rus gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň, özara bähbitli ikitaraplaýyn ykdysady we gumanitar-medeni gatnaşyklaryny giňeltmegiň, şol sanda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sebit we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary hem gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda taraplaryň häzirki döwrüň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda, sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüş üçin şertleri üpjün etmek bilen bagly meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da meňzeşdigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýakyn gatnaşyklaryň berkidilmegi, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleriň dowam etdirilmegi babatda öz pikirlerini beýan etdiler.
Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2013-nji ýyl üçin Hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.