Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 757
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda halkymyzyň durmuş derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli özgertmeler maksatnamasynyň amala aşyrylyşy, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy, ol welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda dowam edýän gowaça ekişiniň barşy barada, şeýle hem oba hojalyk ekinlerine zyýan berijilere garşy göreş alyp barmak maksady bilen görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Häkim şeýle hem täze häzirki zaman şäherçäniň ýerleşjek ýeriniň çyzgysyny Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi, ony ýakyn geljekde welaýatda gurmak meýilnamalaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatda gurulýan dürli maksatly desgalarda işleriň ýagdaýy hakyndaky habar aýdyldy.

Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerine ünsi çekip, gowaça ekişiniň ýokary hil derejesinde we göwnejaý möhletlerde geçirilmegi üçin ähli tagallalaryň edilmegini talap etdi, munuň özi “ak altynyň” ýokary hasylyny almagyň girewidir. Şunda döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba hojalyk ýerlerini zyýan beriji mör-möjeklerden goramak boýunça netijeli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulýan ähli desgalarda, şol sanda täze elewatorlaryň gurluşygynda işleriň hilini we möhletini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýeitip gelýän okuwçylaryň tomusky dynç alşyna degişli meseläni gozgap, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerini möwsüme öz wagtynda we zerur derejede taýýarlamagy tabşyrdy. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz dynç alyş döwründe oňaýly dynç almak we wagtyňy peýdaly geçirmek üçin ähli şertleri bolan häzirki zaman çagalar sagaldyş merkezleri ýurdumyzyň her welaýatynda gurulmalydyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesil, onuň saglygy we abadançylygy hakyndaky alada hemişe döwletimiziň üns merkezinde bolar diýip nygtady.

Soňra göni aragatnaşyga Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow çagyryldy. Ol welaýatda işleriň ýagdaýy we bu ýerde alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň depginleri barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem welaýatyň ýaşaýyş-durmuş we senagat düzümini okgunly ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy hakynda habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtmak bilen, häkim welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän täze häzirki zaman şäherçesiniň ýerleşjek ýeriniň çyzgysyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Mundan başga-da, welaýat häkimi Hazar şäherinde Hazar deňziniň kenarynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň gurluşykçylary tarapyndan bina edilýän 400 orunlyk çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň gurluşyk işleriniň tamamlanandygyny hem-de çagalaryň şu ýylky tomusky dynç alyş möwsümine gabatlanyp ulanylmaga tabşyrylmagyna ak pata bermegini hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz bu hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew batly Türkmenistan Watanymyzda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykarylandygyny aýtdy. Biz ähli zatlary röwşen geljegimiz bolan çagalarymyz üçin edýäris. Şonuň üçin hem çagalaryň belent watançylyk ruhunda, ruhubelent we sagdyn terbiýelnip ýetişdirilmeginde geljekde hem ähli zerur şertleriň dörediljekdigini hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtady.

Milli Liderimiz ekiş möwsüminiň ýokary depginlerini üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, agrotehnikanyň degişli kadalaryny we talaplaryny takyk berjaý etmek bilen, beýleki möwsümleýin meýdan işlerini öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz günbatar welaýatyň senagat düzümini has-da döwrebaplaşdyrmak, onuň ykdysady kuwwatyny amala aşyrmak, şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak bilen bagly meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Öz nobatynda maslahatyň gün tertibiniň meseleler boýunça welaýatda geçirilýän oba hojalyk hem-de gurluşyk işleri hakynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew hasabat berdi. Häkim welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini we hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda aýdyp, sebitde gurulmagy göz öňünde tutulýan häzirki zaman şäherçesiniň ýerleşjek ýeriniň çyzgysyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi, ol ähli ölçegleri boýunça täze taryhy eýýamyň ýokary talaplaryna laýyk geler.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda häzirki zaman, ösen ýaşaýyş-durmuş we ykdysady düzümleriň kemala gelmegine degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygy hakynda söz açyp, bellenilen ähli meýilnamalary yzygiderli durmuşa geçirmegiň we öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýazky oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň möhüm taraplarynyň üstünde durup geçmek bilen, ekiş möwsüminde bar bolan oba hojalyk tehnikasyny göwnejaý işletmek, şeýle hem ekerançylaryň-mehanizatorlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi we dynç alşy üçin göwnejaý şertleri döretmek hakynda aladalanmak zerurdyr diýip belledi. Milli Liderimiz oba hojalyk ekinllerine zyýan berijilere garşy göreş alyp barmak boýunça öz wagtynda netijeli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtap, häkime bu barada birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz mekdep okuwçylarynyň ýetip gelýän tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmäge degişli meseläni gozgap, ýurdumyzyň her bir welaýatynda ähli häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap çagalar sagaldyş-dynç alyş edaralaryny gurmak hakyndaky meselä garamagyň maksada laýykdygy hakyndaky pikiri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häkime Daşoguz welaýatynda şunuň ýaly desgalary gurmak barada degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowy çagyrdy. Ol sebitde işleriň barşy, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ilkinji nobatda bolsa gowaça ekişiniň gidişi, şeýle-de milli Liderimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Welaýatyň durmuş-ykdysady düzümleriniň mundan beýläkki ösüşini üpjün etmek maksady bilen, durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtmak bilen, häkim häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän şäherçäniň ýerleşjek ýeriniň çyzgysyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişiniň depginini ýokarlandyrmagyň we onuň ýokary hilini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekmek bilen, Türkmenistanyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan özgertmeler maksatnamasynyň we ýurdumyzyň her bir sebitinde pudagyň ähli mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen maksatnamanyň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň wajypdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ýerlerde durmuş-ykdysady düzümleri kämilleşdirip, welaýatda alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyk işleri bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine örän düýpli we jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine wagtynda taýýarlyk görmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ýaş türkmenistanlylaryň ýokary derejeli dynç almagy we wagtlaryny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertleri döretmek zerurdyr diýip nygtady. Şeýle hem häkime Lebap welaýatynda çagalaryň häzirki zaman sagaldyş-dynç alyş merkezini gurmaga degişli meseleleri öwrenmegi hem-de degişli teklipleri bermegi tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowyň hasabat bermegi bilen dowam etdi. Sebitde alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat bermek bilen, ol welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän gowaça ekişiniň gidişi, şeýle hem oba hojalyk ýerlerini zyýan berijilerden goramak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatda iri möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine degişli şeýle-de sebitde täze gurluşyklarda işleriň barşy baradaky meseleler beýan edildi. Şonuň ýaly-da, Mary welaýatynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze döwrebap şäherçäniň ýerleşjek ýeriniň çyzgysy Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlendi.

Hasabaty diňlemek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeler barada durup geçdi. Şunda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, gowaça ekişiniň depginini ýokarlandyrmak, onuň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny gazanmak, şeýle hem oba hojalyk toplumynyň beýleki ugurlarynda işleriň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça maksadalaýyk işleriň alnyp barylmagynyň möhümdigini nygtady.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidenti welaýatda alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyklaryň hiliniň ýokary bolmagyny we olaryň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik edilmeginiň möhümdigini belledi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz häkime mekdep okuwçylarynyň ýetip gelýän tomusky dynç alyş möwsümi bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklary berdi, şonuň ýaly-da, oňa sebitde häzirki zaman çagalar sagaldyş edarasynyň gurluşygy boýunça teklipleri taýýarlamagy we hödürlemegi tabşyrdy. Onda ýaş nesiller üçin dynç almagyň ähli amatly şertleri dörediler.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew çagyryldy. Ol döwlet Baştutanymyzyň welaýatlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary talaplaryna gabat gelýän täze döwrebap şäherçeleri gurmak, hususan-da, olaryň ýerleşýän ýerleriniň meýilnamalaryny taýýarlamak babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Şunda welaýatlaryň binagärleri bilen bilelikde degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy aýdyldy.

Wise-premýer şeýle hem paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda täze awtomobil ýollaryny gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, şol sanda ugurdaş inžener-tehniki düzümleri döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljekde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guruljak häzirki zaman şäherçelerini döretmek meselesine ünsi çekip, olar Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýdyň beýanyna öwrülmelidir diýip belledi. Halkymyz, her bir maşgala, her bir adam baradaky hemmetaraplaýyn alada şol syýasatyň esasy ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze şäherçeleriň binagärlik keşbine, bu ugurda öňdebaryjy tejribäniň işjeň ulanylmagyna, şeýle hem degişli düzümiň döredilmegine, ýollaryň, elektrik we suw geçiriji ulgamlaryň, aragatnaşyk desgalarynyň we beýlekileriň gurluşygy boýunça işlere oýlanyşykly çemeleşilmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz aýdylanlary umumylaşdyryp, wise-premýere adamlaryň amatly ýaşamagy üçin ähli şertleriň dörediljek ýeri bolan täze şäherçeleri gurmak hakynda degişli resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy.

Paýtagtymyzda, umuman, tutuş ýurdumyzda täze ýollary gurmak we hereket edýänleriniň durkuny täzelemek barada aýdylanda bolsa, bu ugurda geçirilýän ähli işler ýokary derejede ýerine ýetirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunda her bir zady – awtoulag ýollaryny yşyklandyrmak we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmakdan başlap, ýerasty geçelgeleri, ýolagçy awtoulag duralgalaryny, inžener-tehniki maksatly desgalary öz içine alýan ugurdaş düzümi döretmäge çenli her bir işi örän oýlanyşykly ýerine ýetirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra “Türkmenhowaýollary” milli döwlet gullugynyň başlygy M.Aýazow göni wideoşekilli aragatnaşyk arkaly gullugyň garamagyndaky düzümlerde işleriň ýagdaýy, şeýle hem onuň ýörite bölümleriniň ýurdumyzda ýaýbaňlanan ýazky oba hojalyk möwsümine gatnaşmagy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenhowaýollary” milli döwlet gullugynyň ýörite bölüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk pudagyny, şol sanda howa ulaglar ulgamyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip belledi. Milli Liderimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudagyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, geljekde hem toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekip, “Türkmenhowaýollary” milli döwlet gullugynyň ýolbaşçysyna degişli mesele babatda anyk tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ministr şeýle hem iki goňşy ýurdy birleşdirýän Demirgazyk-Günorta halkara demir ýolunda işleriň barşy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzir Türkmenistan sebitiň ulag ýollarynyň köp şahaly ulgamyny döretmäge işjeň gatnaşýar diýip belledi. Bu ulgam sebitdäki ýurtlaryň ägirt uly ykdysady kuwwatyny amala aşyrmaga hem-de howpsuzlygy, durnuklylygy hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşi berkitmäge ýardam etmelidir.

Şunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk-Günorta halkara demir ýoluny gurmagyň taslamasyny amala aşyrmagyň halkara ähmiýetiniň uludygyny belledi. Onuň işe girizilmegi bilen polat ýol diňe Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasynda üstaşyr ulag geçelgesi, ýükleri daşamak üçin örän amatly ugur bolmak bilen çäklenmän, eýsem, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň özboluşly köprüsine öwrüler diýip, milli Liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň demir ýol ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak meselelerine ünsi çekip, ministre bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň jemini jemläp, ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri çözmäge örän oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Maslahatyň ahyrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.