Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Tuula Ýurýola bilen geçirilen duşuşygyň barşynda netijeli türkmen-fin hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegiň meselelerine garaldy.
Meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde taraplar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasy ugry netijesinde soňky ýyllarda giňelen özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Dostlukly ýurduň ilçisi öz nobatynda, döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda abraýly halkara düzümleriň we guramalaryň çäklerinde ösdürmek babatda pikirini beýan etdi.
Köp ýyllyk hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlaryň käbiri, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-gumanitar ulgamlarda we beýleki ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklary giňeltmäge özara islegiň bardygyny bellediler.
Hanym Tuula Ýurýolanyň belleýşi ýaly, iri fin kompaniýalarynyň wekilleri türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge çalyşýarlar. Bazaryň özüne çekijiligi ozaly bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen ýurtda amala aşyrylýan özgertmeleriň ýokary depgini, özara bähbitli işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin döredilen amatly ýagdaýlar bilen şertlendirilendir.