Türkmenistanyň Daşyry işler ministrliginde daşary ýurtlaryň, şol sanda halkara guramalarynyň we Ýewropa Bileleşigine girýan ýurtlaryň wekiliýetleri bilen nobatdaky duşuşyklar geçirildi. Häzirki wagtda bu döwletler bilen gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar we hil taýdan täze derejä ýetirilýär.
Ýewropada hukuk ulgamy boýunça toplanan tejribä bagyşlanan duşuşyga Finlýandiýa Respublikasynyň Ýokary dolandyryş kazyýetiniň ozalky prezidenti jenap Pekka Halberg tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalary, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary kazyýetiniň, Adalat ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Tuulo Ýurýol çagyryldy.
“Kazyýet ulgamynyň netijeliligi we adalatyň elýeterliligi – hukugyň ileri tutulmagynyň esasy ugurlary” atly meselä bagyşlanyp “tegelek stoluň” başynda geçirilen duşuşykda oňa gatnaşyjylar hukuk ulgamynyň Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklarynyň wajyp ähmiýetli ugry bolmak bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda şu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn işiň netijeliligine, şol sanda dünýäde toplanan öňdebaryjy tejribäniň öwrenilmegine we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy – hukuknamalaryna halkara ülňüleriniň ornaşdyrylmagyna ýardam berýändigini bellediler.
Duşuşygyň barşynda türkmen hukukşynaslarynyň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan hukuk özgertmeleriniň ileri tutulýan wajyp ugurlaryna içgin üns berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda türkmen jemgyýetinde gadymy demokratik däp-dessurlary pugtalandyrmak, raýatlaryň syýasy, ykdysady, durmuş we we beýleki hukuklaryny giňden amala aşyrmak boýunça uly we köpugurly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi, ol her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň ygtybarly kepili hem-de ýurdumyzda demokratiýalaşdyrmaga degişli meseleleri üstünlikli amala aşyrmagyň binýady bolup durýar. Konstitusiýa laýyklykda, ýurdumyzda halkara hukugy boýunça ählumumy ykrar edilen kadalar ileri tutulýar. Öz gezeginde BMG-niň konwensiýalarynyň tassyklanylmagy milli kanunçylygy ösdürmegiň binýadynyň berkildilmegine ýardam berdi.
Duşuşygyň barşynda daşary ýurtly bilermenler kazyýet häkimiýetini amala aşyrmagyň, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň esasy bölegi bolup durýan kazyýet ulgamynyň ýörelgeleri we adyl kazyýetiň elýeterliligi barada çykyş etdiler. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar adam hukuklary boýunça halkara resminamalarynyň birnäçesinde we beýleki kadalaşdyryjy namalarda beýan edilen “hukugyň ileri tutulmagynyň” konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy. Bilermenler demokratiýa we adam hukuklary bilen bir hatarda, bu konsepsiýanyň Ýewropa Geňeşiniň üç sütünleriniň biri bolup durýandygyny hem-de Ýewropanyň adam hukuklary hakyndaky konwensiýasynyň girişinde berkidilendigini bellediler. Duşuşykda Ýewropa Geňeşiniň Wenesiýa toparynyň işine degişli mesele barada hem pikir alşyldy, bu topar hukuk ulgamy boýunça pikir alyşmagyň garaşsyz forumy hökmünde çykyş edýär.
Aşgabatda bolmagyň çäklerinde Finlýandiýa Respublikasynyň Ýokary dolandyryş kazyýetiniň ozalky prezidenti jenap Pekka Halberg tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, Ýokary kazyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyklary geçirdiler.
Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Slowakiýanyň Bratislawa şäherindäki Sebitleýin merkeziniň howa, daşky gurşaw we energetika boýunça maksatnamasynyň sebitleýin ýolbaşçysy jenap Martin Krauze bilen geçirilen duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi.
Abraýly halkara guramasynyň wekili türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça ileri tutýan strategiki ugry bilen tanşyp, Watanymyzyň durmuş-ykdysady abadançylygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen uly özgertmeleriň batly depgin bilen amala aşyrylýandygyna tüýs ýürekden haýran galýandygyny aýtdy.
Gyzykly pikir alyşmagyň barşynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekili ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam bermek boýunça alnyp barylýan anyk işler we yzygiderli ädimler bilen jikme-jik tanyşdyryldy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebitleýin merkeziniň howa, daşky gurşaw we energetika boýunça maksatnamasynyň sebitleýin ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly halkara maslahatlarynyň ençemesiniň, şol sanda BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň, BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio + 20” maslahatynyň münberinden öňe süren oňyn başlangyçlarynyň ähmiýetine ýokary baha berip, Türkmenistanyň daşky gurşawa degişli meselelere rejeli we aýawly garamak, ekologiýa boýunça ählumumy meseleleri çözmek hem-de energetika howpsuzlygy ugrundaky halkara derejesindäki tagallalary birikdirmekde eýeleýän ornunyň artýandygyny nygtady.
Duşuşygy jemläp, oňa gatnaşyjylar oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň maksat edinilýändigini aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geljekki işleri kesgitlediler.
Jenap Martin Krauzeniň türkmen paýtagtynda bolmagynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Energetika ministrliginde, Tebigaty goramak ministrliginde, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde duşuşyklary boldy.

* * *