Şu gün türkmen paýtagtynda 2010-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ösüşine ýardam etmek barada BMG-nyň Çarçuwaly maksatnamasyna (UNDAF) her ýyl syn bermek boýunça maslahat geçirildi.
Maslahat paýtagtymyzyň “Prezident” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryny we wekillerini, Birleşen Milletler Guramasynyň biziň ýurdumyzda işleýän iri agentlikleriniň – BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň, UNISEF-iň, BMG BÝKM-niň, BSG-niň, HMG-niň, UNFPA-nyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-nyň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň baştutanlaryny we işgärlerini ýygnady. Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişpelik wekili hanym Jasinta Barrins hem gatnaşdy.
Maslahatyň gün tertibine 2012-nji ýyl üçin UNDAF-yň maksatnamasyny amala aşyrmagyň hem-de 2013-nji ýyl üçin özara gatnaşyklaryň geljegini kesgitlemegiň çäklerinde gazanylan netijeleri ara alyp maslahatlaşmak girizildi.
Mälim bolşy ýaly, bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi Müňýyllygyň ösüş maksatlaryny gazanmak hem-de biziň ýurdumyzyň gatnaşýan halkara konwensiýalarynyň esasy ýöregelerini ýerine ýetirmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Milli bähbitleri we Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanan resminama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasy ugruň esasy maksatlaryna doly gabat gelýär.
Parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmek, ähli döwletler we esasy halkara guramalary, ozaly bilen BMG bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy gulluklary bilen netijeli hyzmatdaşlykda toplanan uly tejribe, soňky ýyllarda amala aşyrylan milli we halkara ähmietli bilelikdäki taslamalaryň onlarçasy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu ýere ýygnananlaryň belleýşi ýaly, häzir Türkmenistan sebitleýin we dünýä ähmiýetli möhüm meseleleri çözmäge hil taýdan täzeçe çemeleşmäni görkezýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde yzygiderli öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmen Lideriniň energetika howpsuzlygy, üstaşyr – ulag geçelgelerini ösdürmek, Hazar deňzi sebitinde ekologiýany goramak, Aralyň meseleleri, howanyň üýtgemegi we beýlekiler babatda başlangyçlary hem Müňýyllygyň ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan müňýyllygyň ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazarynyň takyk beýan edilendigi bellenildi.
Maslahatyň barşynda ministrlikleriň we edaralaryň ýldbaşçylary we wekilleri Çarçuwaly maksatnamanyň çäklerinde gazanylan ösüş, şol sanda milli kanunçylygy we onuň usullaryny adam hukuklaryny üpjün etmek babatda halkara resminamalarynyň esasy ýörelgelerine gabat getirmek boýunça tanyşdyrmalar bilen çykyş etdiler.
Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanda UNDAF-yň maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça işler geçirildi. Ol türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ugurlaryna, şol sanda ykdysady, durmuş, medeni-gumanitar we ekologiýa häsiýetli meselelerini nazara almak bilen ýardam etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde döredilen Strategik Maslahat Beriş Geňeşiň düzüminiň türkmen tarapyny tassyklamak hakynda şu ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karara gol çekmegi garalýan döwür üçin möhüm wakalaryň biri boldy. Sebitde we tutuş dünýäde ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň maksatlaryna gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde Geňeşiň ähmiýeti we orny barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar onuň işiniň Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklary berkitmäge ýardam etjekdigini bellediler.
Bellenilişi ýaly, Çarçuwaly maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy öňde goýlan ähli wezipeleri netijeli çözmek üçin goşmaça itergi bolup hyzmat eder. Şol wezipeler bolsa türkmen döwletini çalt depginler bilen ösdürmäge we türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.