Ï Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň bilermenleriniň nobatdaky maslahaty geçýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň bilermenleriniň nobatdaky maslahaty geçýär

view-icon 706
Şu gün türkmen paýtagtynda Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak we olary rejeli peýdalanmak hakyndaky ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy açyldy.

Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guralan duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň belli bir ugurly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň—balyk hojalygynyň, tebigatdan peýdalanmagyň we daşky gurşawy goramagyň, beýleki döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.

Munuň eýýäm bilermenleriň üçünji maslahatydygyny ýatlap geçmeli. Olaryň wezipesi Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak hem-de rejeli peýdalanmak hakyndaky ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr, ol bu möhüm pudakda Hazarýaka döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň netijeli usulyny kemala getirmäge ýardam eder. Öňki iki duşuşyk Aşgabatda 2012-nji ýylda boldy.

Mälim bolşy ýaly, bu barada anyk teklipler Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň 2010-njy ýylyň noýabrynda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda bolan üçünji sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan beýan edildi. Türkmen Lideriniň Hazarda işiň dürli görnüşlerini düzgünleşdirýän täze hökümetara ylalaşyklarynyň toplumyny taýýarlamak hakyndaky başlangyjy Hazar sebitiniň ekologiýa howpsuzlygynyň bir bitewi we mäkäm ulgamyny döretmek ýaly şeýle strategiki ugurda bilelikde iş alyp barmaga taýýardyklaryny beýan eden ýokary derejedäki duşuşyklara gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan goldanyldy.

Şu günki mejlisiň barşynda düýpli, gyzyklanylyp pikir alşyldy, şonuň çäklerinde taraplaryň her biri garalýan meseleleriň ählisi boýunça öz garaýyşlaryny mundan beýläk-de ylalaşmaga gönükdirilen tekliplerini beýan etdiler. Hususan-da, munuň özi biologik serişdeleri peýdalanmagyň kadalaryny, şol sanda bekre balygyny tutmak üçin bellenilen möçberleri kesgitlemegiň, daşky gurşawy goramak babatda milli maksatnamalary utgaşdyrmagyň tertibine degişlidir.

Şunda deňziň balyk serişdelerini dikeltmäge, onuň çäklerinde balyk tutmak işini düzgünleşdirmäge esasy üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Hazaryň tebigy baýlyklaryny gorap saklamagy hem-de baýlaşdyrmagy maksat edinýän toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamak barada pikir aýtdylar. Diňe deňizde geçirilýän işlere jogapkärli, ylmy taýdan berk çemeleşmek sebitiň haýwanat dünýäsine zelel ýetirmezden uzak möhletli geljek üçin balyk tutmagy üstünlikli ösdürmegi üpjün eder diýlip nygtalyp geçildi. Hazaryň biologik serişdeleriniň we deňiz gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek, bu babatda ylmy-barlaglaryň giň toplumyny geçirmek hem möhüm wezipeleriň hatarynda agzaldy.

Bellenip geçilişi ýaly, Hazar sebiti häzirki wagtda Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy, ykdysady, energetika hem-de ulag-aragatnaşyk merkezleriniň biridir. Bu babatda halkara takyk hukuk ölçeglerine hem-de Hazarýaka döwletleriniň bähbitlerini nazara almaga, şol sanda ekologiýa abadançylygy, biologik köpdürlüligi, dünýäniň özboluşly tebigy toplumynyň baý tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda nazara almaga esaslanan, ylalaşylan halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ähmiýetli wezipä öwrülýär.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda we Birleşen Milletler Guramasynyň 2012-nji ýylyň iýunynda Rio-de-Žaneýroda bolan durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, beýleki iri maslahatlarda beýan eden halkara başlangyçlarynyň möhümdigi nygtalyp geçildi. Şol başlangyçlar sebitleýin we giň derejede daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir, bu öz nobatynda ähli döwletleriň we halklaryň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin möhüm şert bolup durýar.

Hazar deňzini ekologiýa taýdan goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge Türkmenistanyň uly ähmiýet bermegi ilkinji nobatda iň uly içerki, dünýä ummanyndan aýrybaşgalanan suw howdany, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligi bilen tebigatyň hakyky dürdänesi bolan Hazaryň aýratyn derejesi bilen şertlenendir. Ösümlikleriň we haýwanlaryň köp görnüşleri, mysal üçin, hazar düwleni seýrek duş gelýän jandar bolup durýar hem-de sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genefonduny düzýär. Hazarda bekre balyklarynyň dünýäde iň uly gorlary bar. Bu ýerde balyklaryň hem-de suwda mesgen tutýan guşlaryň köp sanlysy üçin aýratyn ähmiýetli iýmit binýady hökmünde leňňeç görnüşlileriň, gurçuklaryň we molýusklaryň onlarça görnüşleri hem ýaşaýar.

Hazar deňziniň türkmen böleginiň kenarýaka zolagynda guşlaryň uçup geçýän yklymüsti ugurlarynyň birnäçesi kesişýär. Hazar döwlet goraghanasynyň çäklerinde ýerleşen deňiz aýlaglary we suwly-batgalyk ýerler halkara ähmiýetli ýerler derejesi bilen Ramsar konwensiýasynyň aýratyn sanawyna girizildi, olar guşlaryň ýüzlerçe görnüşleriniň – gyzylinjikleriň, guwlaryň, gazlaryň, ördekleriň, hokgarlaryň, gotanlaryň we beýleki guşlaryň mesgen tutýan, höwürtgeleýän hem-de gyşlaýan ýerleri bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2008-nji ýylda kabul edilen täze redaksiýasy biziň ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyna we durnukly ösüşe ygrarlydygyny aýdyň tassyklaýar, şonda tebigy baýlyklara döwlet gözegçiligi hem-de olary netijeli peýdalanmak hakyndaky garaýyş berkidildi. “Uglewodorod serişdeleri hakyndaky”, “Balyk tutmak we suw biologik serişdelerini gorap saklamak hakyndaky” halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän Kanunlaryň – bu we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryň ykdysady taýdan başga hem, aýdyň beýan edilen ekologik tarapy bardyr. Mundan başga hem “Biologik köpdürlüligi gorap saklamak boýunça 2013-2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasy” işlenip taýýarlanyldy, ol “Biologik köpdürlülik hakyndaky” halkara konwensiýasyny ýerine ýetirmegi maksat edinen netijeli tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumyny göz öňünde tutýar.

Bu ugurlaryň ählisi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Hazaryň meseleleri boýunça pudagara topar netijeli işleýär, Daşary işler ministrliginiň, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Tebigaty goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, Döwlet balyk hojalygy komitetiniň, Döwlet serhet gullugynyň, birnäçe pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň we beýlekileriň wekilleri onuň düzümine girýär.

Öň bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistan serhetüsti ekologiýa meselelerini çözmekde giň halkara hyzmatdaşlygy ugrunda çykyş edýär. Bu babatda Hazar ekologiýa maksatnamasy /HEM/ oňyn mysal bolup hyzmat edýär, ol Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň, şeýle hem hyzmatdaşlar bolan abraýly halkara guramalarynyň--Dünýä ekologiýa gaznasynyň /GEG/, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň /BMG ÖM/, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň /ÝUNEP/ we Bütindünýä bankynyň tagallalaryny birleşdirýär. Ähli Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň hökümetleri tarapyndan tassyklanylan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça çarçuwaly konwensiýa /Tähran konwensiýasy/ Hazar ekologiýa maksatnamasynyň möhüm üstünligi boldy.

Mejlise gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, häzirki duşuşyk ekologiýa meselesi ýaly örän möhüm ugurda Hazarýaka döwletleriniň gatnaşyklaryny ösdürmekde nobatdaky täsirli çäre bolar.

Aýratyn bellenip geçilişi ýaly, häzirki döwrüň giň möçberli wezipelerini çözmäge, şol sanda, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak, Hazaryň biologik köpdürlüligini gorap saklamak babatda diňe toplumlaýyn çemeleşmek hem-de dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek bu ýerde ýaşaýan halklaryň we tutuş adamzadyň bähbidine anyk oňyn netijeleri berer.

Ertir sebitleýin maslahat öz işini dowam eder.