Ï Ynsanperwerlik ulgamynda hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ynsanperwerlik ulgamynda hyzmatdaşlyk

view-icon 596
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Watançy” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň hem-de Halkara Gyzyl Haç hereketiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmäge bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty açyldy. Oňa merkezi we sebitleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň ýerli bölümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan we türkmen jemgyýetinde ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşyp, öz wezipesini döwrüň talabyna laýyk ýerine ýetirýär. Şunda Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýaarymaý jemgyýetiniň öz işinde türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, açyklyk, ynsanpewerlik ýaly gadymy ruhy gymmatlyklaryna esaslanyp, giň möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýandygy nygtaldy.

Okuw maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň maksatnamalaryny utgaşdyryjylary kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamanyň uly ähmiýete eýedigini bellediler. Milli kanunçylygy umumy ykrar edilen halkara hukugyny kadalarynа, şol sanda ynsanperwerlik hukugynyň esasy ýörelgelerine laýyk getirmek şu maksatnamanyň möhüm ugrudyr. Duşuşyga gatnaşyjylar biziň ýurdumyzda soňky ýyllarda ýerine ýetirilen işleriň netijeliligini belläp, bu möhüm ulgamda Jemgyýetiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň wajypdygyny aýtydar.