Mälim bolşy ýaly, Bütindünýä Saglyk gününe we „Suw dajasy – altyn dänesi“ baýramçylygyna bagyşlanyp Türkmenistan geçirilen dabaralara hazirki zaman dünýä belli figuralaýyn typmagyň ussady Irina Rodnina gatnaşdy.
Biziň myhmanymyzyň ömür ýoly barada gysgaça durup geçeliň. Irina Rodnina figuralaýyn typmak bilen 1954-nji ýylda meşgullanyp başlady. Ol jübütleşip typmagyň taryhynda iň üstünlikli çykyş eden türgen hökmünde tanalýar: üç gezek olimpiýa çempiony, dünýäniň on gezek çempiony, Ýewropanyp on bir gezek çempiony hem-de SSSR-ň alty gezek çempiony bolmagy başardy. Häzirki wagtda Irina Konstantinowna Rodnina Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň deputaty, Döwlet Dumasynyň GDA işleri we watandaşlar bilen aragatnaşyk boýunça Komitetiniň agzasy, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky bedenterbiýe we sport baradaky Geňeşiň Prezidiumynyň agzasy bolup durýar.
Irina Rodnina GDA ýurtlarynyň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň VII maslahatyna gatnaşmak üçin ilkinji sapar Türkmenistana 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda geldi. Bu meşhur türgen şol wagt „Neýtralnyý Türkmenistan“ gezetine beren interwýusynda özünde galan täsirleri paýlaşyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporta we milletiň saglygyna, esasan hem bu ýerde gelejekde ýurduň sportda gazanjak üstünliklerini üpjün etmeli ösüp gelýän ýaş nesle – çagalar spotunyň ösdürilmegine aýratyn gatnaşygynyň bardygyny nygtady.
Bu meşhur türgeniň Aşgabada bolan bu sapary ajaýyp wakalara beslendi. Irina Rodnina biziň ýurdumyzda bellenilip geçiýän baýramçylyklaryň ikisine gatnaşdy.
- Men „Suw damjasy – altyn dänesi“ ady bilen geçirilýän özboluşly baýramçylyga höwes bilen gatnaşdym. Türkmen halkynyň bu mukaddes baýlyga nähili garaýandygyna syn etmeklik meniň üçin örän täsirli boldy – diýip, Irina Rodnina gürrüň berýär. – Teatrlaşdyrylan bu ajaýyp baýramçylyga gatnaşmak bilen, men türkmen halkynyň ös milli däp-dessuryna uly hormat goýýandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdim. Umuman, haçan-da men bu ýerde bolanymda biziň ýurtlarymyzy arasyny bölýän araçäk aradan aýrylýar, bu ýerde adamlar şeýle bir mylakatly, sen özüňi edil öz öýüňde ýaly rahat we ynamly duýýarsyň. Maňa adamlaryň ýüzündäky hakyky ýylgyrşy görmek örän ýakymly. Haçan-da sen aýazly we garly Moskwadan güneşli Aşgabada geleniňde diňe bir bahar mylaýymlylygyny duýman, eýsem sen aşgabatlylaryň ýürek mähremliligini duýýarsyň.
Sportyň gyşky görnüşleri sport toplumynda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp geçirilen buzuň üstündäki dabara gatnaşmak Irina Rodninanyň Aşgabada gelmeginiň maksanamasynyň esasy bölegi boldy.
- Bu dabaraly, ýatdan çykmajak görnüş mälim bolşy ýaly, sportuň birbäçe görnüşi boýunça ussatlygyny görkezmegi başaran, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen siziň ýurduňyzda geçirilen Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeliginiň jemleýji tapgyry boldy diýip myhmanymyz gürrüň berýär. – Sagdynlyk hepdeliginiň adatdan daşary joşgunly, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen bäsleşikler baý bolandygyny maňa gürrüň berdiler. Siziň türgenleriňiziň sportuň gyşky görnüşleri boýunça, şol sanda meniň söýgüli sopt görnüşim bolan – figuralaýyn typmak boýunça gazanýan üstünlikleri meni has hem guwandyrýar.
Türkmenistanyň, Niderlandlaryň we Türkiýäniň türgenleriniň taýýarlan programmasynyň ählisine syn etmek bilen, men buzuň üstüne çykmagy makul bildim. Özi hem tomaşaçylryň el çarpyşmagy astynda türkmen türgenleriniň gurşamagynda birnäçe sapar aýlaw etmek örän ýakymly boldy.
Hakykatdan hem, bu meşhur figuraçy bilen buzuň üstünde bilelikde typmak ýaşajyk figuraçylarda uly şatlyk duýgusyny döretdi. Hut ýaşlyk ýyllarynda dörän şeýle duýgular we täsirler köp adama sportda, sungatda, durmuşda uly üstünlikleri gazanmaga kömek edýär.
- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň meni kabul edendigine hem-de bu duşuşykda köp sanly meseleler boýunça, şol sanda sporta degişli meseleler boýunça hem, söhbetdeş bolandygyna meniň buýsanjymyň çägi ýok. Men geçen gezek bu ýere gelenimde siziň paýtagtyňyzyň owadanlygyna, onuň üýtgeşikligine we ajaýyplygyna, köp sanly sport desgalarynyň bardygyna haýran galypdym. Bu sport baýramçylygyna gatnaşmak bilen, men siziň talantly türgenleriňizi, ýaş figuraçylaryň we beýleki türgenleriň yhlasyny we janypkeşligini görmek bilen, golaý wagtda olaryň Türkmenistana mynasyp sport ýeňişlerini getirjekdiklerine men tüýs ýüregimden ynanýaryn. Elbetde, munuň üçin nähili bolsa-da wagt, tejribe, yhlas, irginsiz zähmet we sport şowlulygy gerek.
Sporty ösdürmek üçin Prezidentiň ähli tallalary edýän ýurdunda ajaýyp üstünlikleri gazanmazlyk mümkin däl! Meýilnama esasynda häzirki zaman sport desgalarynyň, stadionlaryň, mekdepleriň gurluşygyny belläp geçmezlik mümkin däldir. Bu gurluşyklaryň ählisi aýdyň gelejegi şöhlelendirmek üçin alnyp barylýar. Bu bolsa örän möhüm ýagdaýdyr. Men ýene-de bir sapar güneşli Türkmenistana gelip görmäge döredilen mümkinçilik üçin örän şatdyryn. Bu günki gün Türkmenistanyň buzly meýdançalarynda çykyş edýän çagalaryň Olimpiýa oýunlarynda özlerini we öz ýurtlaryny görkezmegi başararlar diýip, uly ynam bildirýärin. Munuň üçin olaryň ajaýyp mümkinçilikleri we şertleri bar. Bu döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy başarmaly.