Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

view-icon 1046
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2013-nji ýylyň birinji çärýeginde milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň netijelerine we ýakyn geljekde ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň, gazet-žurnallaryň redaktorlarynyň we beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagyndaky mejlisi açmak bilen, döwlet Baştutanymyz onda aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, welaýat häkimlikleriniň işlerine seljerme hem-de baha beriljekdigini, birnäçe guramaçylyk meselelerine, möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Ol şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri hakynda hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan rowaçlyk syýasaty netijesinde bedew batly Türkmenistan okgunly ösýär, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda ösüşi, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň ýokary durmuş derejesini üpjün edýän iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýar.

2013-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň makroykdysady görkezijileri, hususan-da, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Oňyn ýagdaýlaryň hatarynda senagatdaky durnukly ösüşi görkezmek bolar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 112,1 göterim üpjün edilip, ykdysadyýetiň pudaklarynyň aglabasynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.

Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 119,7 göterime barabar boldy. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 5 milliard 421,3 million amerikan dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 102 göterim ýerine ýetirildi.

Birinji çärýegiň jemleri boýunça ýurdumyzyň Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirildi. Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary hem-de pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Garalýan döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna Türkmenistanda özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberleriniň artandygy hasaba alyndy.

Umuman alnanda, şu ýylyň üç aýynda milli ykdysadyýetimizde gazanylan netijeler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegi we raýatlarymyzyň durmuşynyň hil taýdan gowulanmagy üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň has-da berkemegine, ýurdumyzyň çig mal öndürýän döwletden döwrebaplaşdyrylan, ýokary tehnologiýaly senagatly döwlete öwrülmegine, ahyrky netijede bolsa halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam etmelidir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz başy başlanan taslamalar we maksatnamalar boýunça işleriň depginini peseltmän, olary dowam etmegiň hem-de geljekde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileri saklamak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz maliýe we bank edaralarynyň işine gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2013-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe ähli pudaklarda diýen ýaly önümleriň öndürilişiniň möçberiniň ösüş depgini üpjün edildi. Şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça pagta süýüminiň öndürilişiniň ösüş depgini 110 göterime, ýoduň öndürilişiniň ösüş depgini 104 göterime, benziniň öndürilişiniň ösüş depgini 101,8 göterime, dizel ýangyjynyň öndürilişiniň ösüş depgini 100,5 göterime, kerosiniň öndürilişiniň ösüş depgini 100,1 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgini 107,3 göterime, çalgy ýaglarynyň öndürilişiniň ösüş depgini 106 göterime, mazutyň öndürilişiniň ösüş depgini 103,6 göterime, polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgini 102,3 göterime, plastmassadan öndürilen we aýna süýümli turbalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 109,4 göterime, demir önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 122,3 göterime, magdan däl gurluşyk materiallarynyň öndürilişiniň ösüş depgini 111 göterime, sementiň öndürilişiniň öndürilişiniň ösüş depgini 169 göterime barabar boldy.

Hasabatda oba hojalyk pudagynyň hem durnukly ösüşiniň üpjün edilendigi bellenildi. Mysal üçin, 2012-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende oba hojalyk önümleriniň köp görnüşleriniň--etiň, süýdüň, ýumurtganyň we gök önümleriň öndürilişi artdy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy gurluşyk ulgamynda gazanylan üstünlikler barada aýdyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2013-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda gurluşyk-gurnama we beýleki düýpli gurluşyk işleriniň möçberiniň 22,3 göterim ýokary bolandygyny belledi.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 110,6 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe hereket edýän ähli aragatnaşyk kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilen hyzmatlardan alnan girdejiler 2012-nji ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende 23,2 göterim artdy.

Birinji çärýegiň dowamynda iri senagat desgalaryny, şeýle hem ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik – ulag ähmiýetli desgalary gurmak we olaryň durkuny täzelemek boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Mundan başga-da, ykdysadyýetiň döwlete degişli bölegi bilen bilelikde hususy bölegi ösdürmek ýaly işler dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň ösüşini häsiýetlendirýän görkezijilere kanagatlanma bildirip, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň ünsüni şu döwlet düzüminiň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş, ykdysady, demografiki we ekologiki ýagdaýlary barada resmi statistiki maglumatlary düzmekde oňa möhüm ornuň degişlidigini belläp, statistiki synlary geçirmek we statistiki maglumatlary düzmegiň usullaryny kämilleşdirmek, olaryň halkara ülňülerine laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra maliýe ministri D.Sadykowa söz berildi, ol Türkmenistanyň döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi we maliýe-býujet ulgamynda 2013-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda geçirilen işleriň jemleri barada jikme-jik hasabat berdi. Bellenip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýöredilýän maliýe-býujet syýasaty we türkmen döwletiniň okgunly ösüşine hem-de türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşine ýardam edýär.

Maliýe ministri Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada çykyş edip, onuň girdeji böleginiň 114, 7 göterime barabar bolandygyny habar berdi. Býujet serişdeleriniň belli bir maksada gönükdirilip peýdalanylmagy netijesinde, onuň çykdajy bölegi 95,5 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe býujet serişdeleriniň 74,3 göterimden gowragy durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi.

Ýerli býujetiň ýerine ýetirilişi barada aýdylanda bolsa, onuň girdeji böleginiň 114,1 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 94,7 göterim derejede ýerine ýetirilendigi bellenildi.

Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen geçirilen iş baradaky habar hem aýdyldy. Birinji çärýekde Merkezi, pudaklaýyn we sebitleriň balans toparlarynyň 23 mejlisi geçirildi, şolaryň barşynda kärhanalaryň we guramalaryň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi hem-de degişli çözgütler kabul edildi.

Maliýe ministri “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasyny”, “Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” we “Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, maliýe serişdelerini dolandyrmakda işleri guramagy kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtady, munuň özi ykdysady-durmuş ýagdaýlaryny dolandyrmagyň umumy ulgamynyň düzüm bölegidir. Hormatly Prezidentimiz makroykdysady sazlaşykda milli manadymyzyň durnuklylygynda, döwletimiziň we jemgyýetimiziň hem-de tutuşlygyna alnanda, jemgyýetimiziň ykdysady bähbitleriniň utgaşmagynda ýüze çykýan maliýe taýdan durnuklylygyň maliýe serişdelerini dolandyrmagyň esasy maksady bolup durýandygyny belläp, bu ugurda degişli işleri geçirmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz ministrikleriň, pudaklaýyn edaralaryň we guramalaryň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri mydama berk gözegçilikde saklamak barada hem görkezme berdi.

Soňra Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow hasabat döwründe bank ulgamynyň edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň hasaplaryna daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşmagy, şeýle hem milli manadymyzyň hümmetiniň durnuklylygyny saklamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli bank ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu ulgama häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, maliýe hasabatlylygyny halkara ülňülerine laýyk getirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, garaşylýan netijeleri gazanmagyň möhüm şerti hökmünde bu ugurda sazlaşykly işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Taganow 2013-nji ýylyň birinji çärýeginde özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişiniň meseleleri barada habar berdi.

Bellenip geçilişi ýaly, özgertmeler milli maksatnamasyny berjaý etmegiň çäklerinde 2013-nji ýylyň birinji çärýeginde ähli maliýeleşdiriş çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi ýyllyk meýilnamanyň 36,7 göterimine deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 84,5 göterim artdy. Häzirki wagtda durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň 513-sinde gurluşyk işleri alnyp barylýar. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijisinden 1,5 esse köpdür. Ministriň hasabat berşi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde 30 desganyň gurluşygy tamamlandy we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,7 esse artdy. Hasabat döwründe ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 55,2 göterim ýokarlandy. Şu döwürde 314,8 kilometr suw geçirijileriniň, 57,5 kilometr lagym geçirijileriniň, 181,2 kilometr awtomobil ýollarynyň, 460,9 kilometr gaz geçirijileriniň, 351,4 kilometr elektrik geçirijileriniň we 694 kilometr telefon ulgamynyň gurluşyklary tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi baradaky meselä ünsi çekmek bilen, ilkinji nobatda, onuň wezipeleriniň halkyň ýokary durmuş derejesini we hilini üpjün etmekden, sebitlerde häzirki zaman talaplaryna gabat gelýän durmuş-ykdysady ösen düzümlerini döretmekden ybaratdyr diýip nygtady. Şu babatda döwlet Baştutanymyz ministre birnäçe anyk görkezmeleri berip, bu ägirt uly maksatnamanyň durmuşa geçirilişine tapgyrlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi.

Ýurdumyzda milli ykdysadyýeti toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň önümçilik pudagynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça maksada okgunly durmuşa geçirilýän işleriň wajypdygy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ähli degişli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. 2013-nji ýylyň birinji ýarymynda öz gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň netijeleri barada aýdyp, wise-premýer edaranyň işiniň guramaçylyk-tehniki üpjünçiligi boýunça, şeýle hem söwda, dokma senagaty we haly pudagynyň esasy görkezijiler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça haryt dolanyşygynyň umumy ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiler bilen deňeşdirilende 123,5 göterime deň boldy. Şunda bölek söwdanyň ösüşiniň möçberi 10,3 göterim, lomaý söwdanyň ösüşi bolsa 32,6 göterim artdy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmek boýunça maksatnama 154,7 göterim berjaý edildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça 2013-nji ýylyň ilkinji üç aýynda önüm öndürmegiň möçberiniň ösüş depgini 104,8 göterim boldy.

“Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň ösüş depgini ýanwar-mart aýlarynda 114,2 göterime barabar boldy.

Birinji çärýekde Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaryň 36-sy geçirildi. Munuň özi umumy hasaba alnan geleşikleriň möçberiniň geçen ýylyň şu döwriniň görkezijisi bilen deňeşdirilende, ösüşiň 21,2 göterime deň bolandygyny aňladýar. Hususan-da, gurluşyk şertnamalarynyň umumy bahasy 69,8 göterim ýokarlandy. Girdejiler boýunça meýilnama 148,9 göterim berjaý edildi.

Şu döwürde Söwda-senagat edarasy tarapyndan halkara derejesindäki sergileriň üçüsi we maslahatlaryň ikisi geçirildi, hyzmat etmek boýunça işler yzygiderli alnyp baryldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe senagat önümleriniň öndürilişi geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende, 27,2 göterim köpeldi. Hut şu gatnaşykda oba hojalyk önümleri 24,5 göterim köp öndürildi. Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan ýerine ýetirilen gurluşyk işleriniň möçberiniň ösüş depgini 117 göterim boldy. Birleşme boýunça haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 16,8 göterim, ilata hyzmat etmegiň möçberi 25,8 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlara eksport etmek kuwwatyny giňeltmek we döwletara söwda gatnaşyklary arkaly dokma toplumynyň işiniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça çärelere ünsi çekdi. Daşary ýurtlara iberilýän dokma önümleriniň möçberlerini artdyrmaga degişli görkezmeler berip, döwlet Baştutanymyz bar bolan kuwwatlyklary, şol sanda halyçylyk pudagyndaky kuwwatlyklary döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň guramaçylyk hukuk görnüşiniň üýtgedilmegine degişli meseläniň üstünde durup geçip, bu barada döwlet ministri - “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň başlygy O.Işangulyýewa munuň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan milli özgertmeler syýasatynyň miwesidigini, guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilip guralmagynyň işleri has kämilleşdirmäge, halyçylaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertler döretmäge ýardam berjekdigini aýdyp, halyçylar barada edýän aladasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz “Türkmenhaly” döwlet birleşigini döretmek hakyndaky” Permana hem-de bu döwlet birleşiginiň meseleleri baradaky karara gol çekip, halyçylyk pudagynda we umumylykda alnanda, ýurdumyzyň dokma toplumynyň ösüşinde işiň guramaçylyk usullaryny ösdürmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew 2013-nji ýylyň birinji çärýeginde öz gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, esasy görkezijiler boýunça ösüş depginleri awtomobil, demir ýol we howa ulaglary edaralarynda gazanyldy. Hususan-da, demir ýol pudagynda ýük daşalyşynyň ösüş depgini 126,4 göterime, ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlaryň ýerine ýetirilişi 105,8 göterime barabar boldy. Hut şu ugurlarda berjaý edilen işler Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça degişlilikde 116,5 we 102,5 göterime, “Türkmenhowaýollary” milli döwlet gullugy boýunça bolsa 124,6 we 103,7 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe aragatnaşyk pudagy boýunça telefon nokatlaryny gurnamak işleri 178 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňlemek bilen, bu möhüm pudaklaryň işiniň sazlaşyklylygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalary etmegiň möhümdigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýrylmaz bölegidir.

Milli Liderimiz ulag ulgamynyň yzygiderli ýokarlanýan kuwwatynda demir ýol we howa ýollary boýunça ýük daşalyşynyň artýan ähmiýetini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýük daşamagyň möçberini artdyrmak boýunça öňde durýan meselelerde bolşy ýaly, olaryň üstaşyr geçirilişiniň çägini giňeltmek boýunça wezipeleri hem bu pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp ugurlary hökmünde görkezdi. Ähli ulag pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak üçin döwletiň köp möçberde maýa bölüp berýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz suw we awtomobil ulaglarynda hem hyzmat etmegiň ýokary hilini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ulag we telearagatnaşyk ýaly milli ykdysadyýetiň möhüm pudagyny mundan beýläk ösdürmek maksady bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegiň derwaýysdygyny belläp, iň öňdebaryjy tehnologiýalary, ygtybarly enjamlary we häzirki zaman tehnikalary giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şol sanda şu ýylyň birinji çärýeginde gurluşyk, energetika hem-de senagat toplumynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Gurluşyk ministrligi boýunça 2013-nji ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde işleriň we önüm öndürmegiň ösüş depgini 110 göterime deň boldy.

Senagat ministrligi boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde ösüş depgini 136,9 göterime, şol sanda senagat işleriniň ýerine ýetirilişi 136,8 göterime deň boldy. Hususan-da, sementiň öndürilişi boýunça bu görkeziji 169,3 göterime, sozulan metal boýunça 122,7 göterime, magdan däl gurluşyk serişdeleri boýunça 116,9 göterime barabar boldy.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we işleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirenide 101,7 göterime, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça 122,3 göterime deň boldy.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde işleriň möçberi 114,2 göterime barabar boldy.

Aşgabat şäheri boýunça 2013-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna serişdeleri özleşdirmegiň möçberi 125 göterim boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplum boýunça üç aýda gazanylan ösüş depginlerini kanagatlanmak bilen belläp, ýurdumyz boýunça, hususan-da, Aşgabat şäheri boýunça giň gerimli gurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň ýokary depginini saklamagyň möhümdigini belledi.

Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyna ýurdumyzyň kärhanalary has işjeň gatnaşyp, olar häzirki zaman ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen işleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmelidir. Ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ýokary hilli bolmagy we öz wagtynda ulanmaga berilmegi Türkmenistanda işleýän ähli gurluşyk kompaniýalary üçin esasy talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Elektroenergetikanyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika syýasaty Türkmenistanyň senagatynyň, oba hojalygynyň, durmuş ulgamynyň hajatlaryny doly kanagatlandyrmaga, şeýle hem elektrik energiýasynyň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendir diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz energiýa tygşytlaýjy daşary ýurt tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagynyň hasabyna welaýatlarda energiýany tygşytlamagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ünsi çekdi. Şol tehnologiýalar elektrik energiýasyny tygşytlamagyň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçilik berer.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň energetika ministri M.Artykow “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu konsepsiýanyň taslamasy Türkmenistanyň Prezidentiniň görkezmesine laýyklykda, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, şeýle hem Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanyldy.

Hususan-da, 2013-nji ýyla çenli döwür üçin elektroenergetika pudagynyň ösüşi we ýagdaýy barada jikme-jik hasabat berildi. Onda Türkmenistanda elektrik stansiýalarynyň 10-sy, 32 sany turbina bolup, olardan 14-siniň bug, 15-siniň gaz we 3-siniň suw turbinalardygy habar berildi. 2007-2012-nji ýyllarda ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberi 138 göterim artdy.

Ministr hasabatyny dowam edip, Konsepsiýany iki tapgyrda: 2013-2016-njy ýyllarda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar diýip belledi. Şol döwrüň dowamynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gazturbinaly elektrik stansiýalaryň 8-sini gurmak, Seýdi, Balkanabat we Abadan şäherlerinde elektrik stansiýalaryň durkuny täzelemek, şeýle hem ýokary woltly elektrik geçirijilerini gurmak göz öňünde tutulýar. Bu işleriň geçirilmegi 2016-njy ýylda elektrik energiýasynyň öndürilişini iki essä golaý artdyrmaga mümkinçilik berer.

Resminama laýyklykda, ikinji tapgyrda: 2017-2020-nji ýyllarda elektrik stansiýalarynyň ýene-de 6-syny gurmak, gazturbinaly elektrik stansiýalaryny kombinirlenen dolanyşyga geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi tebigy gazy goşmaça harçlamazdan energetika kuwwatlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Howa elektrik geçirijilerini gurmak işi dowam eder.

Ministrligiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, Konsepsiýany amala aşyrmak Türkmenistanyň obasenagat we oba hojalyk pudagynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, şeýle hem elektrik energiýasyny eksport etmek mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektrik energetikasy pudagy islendik ýurduň ykdysadyýetiniň örän möhüm bölegi bolup durýar diýip bellemek bilen, onuň ykdysadyýetimizi ösdürmekde eýeleýän ornuna aýratyn ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Prezident maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin biz bu möhüm pudaga goýulýan maýa goýumlarynyň möçberlerini hem yzygiderli artdyrarys diýip belledi. Elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, 2020-nji ýyla çenli döwür üçin bu pudaga 5 milliard amerikan dollaryndan hem köp möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, biz ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny, senagat kärhanalaryny, elektrik energiýasy bilen ýokary hilli, bökdençsiz üpjün etmekden başga-da, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini hem 5 esse artdyrmagy maksat edinýäris, bu bolsa döwletimiziň gaznasyna daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, ýurdumyzyň energetika syýasaty diňe ýakyn ýyllar üçin ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny takyk kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna goşulmak ýolunda anyk ädimleri göz öňünde tutmalydyr diýip belledi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow şu ýylyň birinji çärýeginde türkmen paýtagtyny toplumlaýyn ösdürmegiň meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şol meýilnamalarda bolsa, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän durmuş-medeni, ulag –aragatnaşyk maksatly desgalary, edara binalaryny we beýleki desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Häkim şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygynyň meseleleri hakyndaky” kararyň taslamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýaşaýyş jaý toplumlarynyň birnäçesini, hususan-da, 12-nji we 13-nji tapgyrlarda, Köşi hem-de Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesini gurmak meýilleşdirilýär. Paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda eýýäm binalaryň 12-si gurlup, ulanmaga berildi, jaýlaryň dördüsinde gurluşyk işleri alnyp barylýar, ýene-de şu ýylyň dowamynda 6 ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, raýatlarymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejesini has-da gowulandyrmak göz öňünde tutulan özgertmeleri amala aşyrmakda, şol sanda paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde gurluşyk we abadanlaşdyryş işlerini geçirmekde esasy görkeziji bolmalydyr diýip nygtady. Şunda milli Liderimiz täze desgalaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň esasy talap bolup durýandygyny belledi. Şol desgalar bolsa ak mermerli türkmen paýtagtynyň binagärlik-şähergurluşyk keşbi bilen aýratyn sazlaşyk döretmelidir.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy, geçen üç aýda gözegçilik edýän pudaklarynda—ýangyç-energetika toplumynda, himiýa we balyk senagatynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, 2012-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda ýangyç çig malyny gaýtadan işleýän pudakda ösüş gazanylandygy bellenildi, nebit önümleriniň, şol sanda benziniň, dizel ýangyjynyň, tehniki çalgy ýaglarynyň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürlişiniň möçberleri artdy.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gaplaýyş serişdesi hökmünde giňden ulanylýan polipropilen örtügini öndürmek boýunça häzirki zaman toplumynyň gurluşygyny tamamlamaga degişli Kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýän ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, düzümlerini hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda görülýän çäreler nebitiň we gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän dünýä bazarlarynda durnukly ýagdaýda ýokary isleg bildirilýän nebithimiýa önümleriniň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder. Bu babatda iň täze tehnologiýalaryň esasynda işleýän iri polipropilen önümçiligini döretmek geljegi örän uly ugurdyr.

Hormatly Prezidentimiz “Polipropilen örtügi öndürilýän zawodyň gurluşygyny tamamlamak hakyndaky” Karara gol çekip, ony ýerine ýetirmek barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köp görnüşli ulgamyny kemala getirmegiň Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtap, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny görkezdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewe bu barada degişli tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa şu ýylyň birinji üç aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynyň işi hakynda hasabat berdi. “Aşgabat şäherinde Metbugat öýi toplumyny gurmak hakyndaky” Kararyň taslamasy hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.

Wise-premýer öz hasabatynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň medeni kuwwatyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň habar beriş serişdelerini, neşirýat işini we kinematografiýany ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak hem-da wagyz etmek, türkmen medeniýetine daşary ýurtlarda mynasyp wekilçilik etmek, şeýle hem hünärli işgärleri taýýarlamak we başarnykly ýaşlary ýüze çykarmak boýunça görülýän çäreler hakynda habar berdi.

Wise-premýer hasabat döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň döwlet derejesinde geçirilýän dabaralara, şeýle hem ýurdumyzyň çäginde hem, daşary ýurtlarda hem milli medeniýetimizi giňden wagyz etmäge ýardam eden köp sanly halkara çärelerine gatnaşandyklary barada aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzda Halkara Nowruz baýramynyň hormatyna dabaralar we köp sanly çäreler ýokary derejede geçirildi. Ýapon medeniýetiniň hepdeligi, Ukrainanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri, Mary şäherinde hindi kinosynyň görkezilişi boldy. Miilli baýlygymyzy giňden wagyz etmek, taryhy-medeni mirasy gorap saklamak we öwrenmek maksady bilen internet ulgamynda “Nowruz baýramy” we “Behişdi ahalteke bedewleri” ady bilen täze saýtlar döredildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine önjeýli goşant goşan türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny mundan beýläk-de ylmy esasda düýpli öwrenmegiň hem-de dünýäde giňden wagyz etmegiň aýratyn möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we habar beriş serişdeleriniň işine ünsi çekip, olaryň işinde bu ugurlardaky täzelikleri nazara almak arkaly maglumatlar tehnologiýasynyň ösüşi göz öňünde tutulmalydyr, döredijilikli çemeleşme bilen tapawutlanmalydyr diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz neşirýat işini kämilleşdirmek barada söz açyp, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işine düýpli nägilelik bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz G.Nurgeldiýewany Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmak we bu wezipä A.Hudaýberdiýewi bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň jemgyýetçilik, ylmy-medeni durmuşynda we ilkinji nobatda, bilim ulgamyny özgertmekde milli neşirýat işini mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň aýratyn ornuny nygtap, “Aşgabat şäherinde Metbugat öýi toplumyny gurmak hakyndaky” Karara hem gol çekdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow şu ýylyň birinji çärýeginde welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri, şol sanda gowaça ekişiniň barşy hem-de sebitde täze durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi. Häkim welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak hakyndaky» kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginine ünsi çekip, gowaça ekişini bellenen möhletlerde hem-de ýokary hilli geçirmek üçin ähli tagallalary görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sebitde ähli desgalaryň öz möhletinde hem-de ýokary hilli gurulmagynyň üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Täze şäherçe özüniň görkezijileri boýunça Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli talaplaryna laýyk gelmelidir hem-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we hödürlenen Karara gol çekdi.

Öz gezeginde Balkan welaýatyň häkimi B.Hojamämmedow ýylyň birinji çärýeginde günbatar sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri barada hasabat bermek bilen, welaýatda senagat önümleriniň öndürilişiniň umumy möçberiniň ep-esli artandygyny habar berdi. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde özleşdirilen maýa goýum serişdeleriň möçberi 2,5 esse ýokarlandy.

Oba hojalyk pudagynda güýzlik bugdaýa ideg etmek bilen bir hatarda, tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak işi hem başlandy. 5 müň gektar meýdanda gowaça ekişi geçirildi. Mundan başga-da, daýhanlar gök-bakja, ot-iýmlik we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmäge girişdiler.

Hasabatyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlup tamamlanan täze binalaryň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlygyň barşy barada habarlar diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlendi.

“Gulmaç” geňeşliginiň çäklerinde täze, döwrebap şäherçäni gurmak bilen bagly taýýarlanan taslamany umuman oňlap we degişli Karara gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda alnyp barylýan beýleki durmuş-ykdysady maksatly gurluşyklarda işleriň barşyna, ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň derejesiniň we hiliniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine degişli gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň abadanlaşdyrmagynyň meselelerine aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýtmak bilen, milli Liderimiz hiliň, amatlylygyň we hyzmatyň ýokary derejesiniň halkara ülňüsi – Hazaryň kenar ýakalarynda dünýä derejeli täze dynç alyş künjegini döretmekde ugur alynmaly ýörelgelerdir diýip nygtady. Biziň maksadymyz türkmenistanlylar üçin bolşy ýaly, daşary ýurtly myhmanlar üçin hem dynç almak we saglygyňy berkitmek üçin hem ähli amatly şertleri döretmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewe söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyza şu ýylyň üç aýynda welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýanwar-mart aýlarynda welaýatyň býujeti girdeji we çykdajy bölegi boýunça üstünlikli ýerine ýetirildi. Welaýat boýunça senagat önümçiliginde ösüş depgini üpjün edildi.

Häkim hormatly Prezidentimize gowaça ekişiniň gidişi, şeýle hem bugdaýa ideg edilişi we oba hojalyk tehnikasyny hem-de galla kabul ediş bölümlerini oraga taýýarlamagyň barşy barada jikme-jik habar berdi. Ekinlere zyýan berijilere garşy göreşmek boýunça işlere aýratyn üns berildi.

Maldarçylyk hojalyklarynda işler gyzgalaňly dowam edýär. Welaýatda et we süýt öndürmegiň ösüş depgini guwandyrýar.

Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda gurluşygy alnyp barylýan durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň 84-sinden şu ýyl 50-den gowragyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygy iri ýaşaýyş-durmuş maksatly taslama bolup, häkim onuň resminamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk pudagynyň wezipelerine ünsi çekdi we welaýatda gowaça ekişini öz wagtynda tamamlamak hem-de galla oragyna guramaçylykly taýýarlyk görmek babatda tabşyryklary berdi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmagyň, ýaşaýyş-durmuş ulgamyny ösdürmegiň, möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz “Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak hakynda” Karara gol çekip, geljekki öý eýeleri üçin ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmegiň meselesini berk gözegçilikde saklamagyň, göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.

Soňra ýylyň birinjji çärýeginiň jemleri baradaky hasabat bilen Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow çykyş etdi, ol gündogar sebitde gowaça ekişiniň barşy, bugdaýa ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň guralyşy, medeni-durmuş maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şeýle hem “Lebap welaýatynyň Birata etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak hakyndaky” Kararyň taslamasy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň obasenagat toplumynda işleriň gowşak guralandygyny belledi we oba hojalyk önümlerini öndürmegiň depginleriniň pesdigine, şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmeýändigine düýpli nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasy boýunça amala aşyrylmaly işler hem talaba laýyk ýerine ýetirilmeýär, welaýatda desgalar, ýollar bellenen wagtda gurlup, ulanmaga berilmeýär diýip belledi. Welaýatda häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümleri döretmek, hususan-da, Garlykda desgalary gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bellenilen möhletlerden haýal alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz munuň dolandyryş işinde guramaçylyk säwlikleriniň we beýleki düýpli kemçilikleriň gös-göni netijesidigini nygtap, Ý.Ýaýylowy Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz bu wezipä M.Joraýewi belledi, ol bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen A.Hojageldiýewa başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä G.Baýramowa bellendi.

Soňra döwlet Baştutanymyz “Lebap welaýatynyň Birata etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow şu ýylyň ilkinji üç aýynda geçirilen işleriň netijelerini habar berdi. Döwlet Baştutanymyza “Mary welaýatynyň Mary etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak hakyndaky” Kararyň taslamasyny taýýarlamak boýunça hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň käbir etraplarynyň häkimleriniň özlerine ynanylan wezipeleri oňarman, öz işlerinde kemçiliklere ýol berendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy we işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin B.Kulowy Serhetabat etrabynyň häkimi, B.Ataýewi Baýramaly şäheriniň häkimi, A.Çaryýewi bolsa Murgap etrabynyň häkimi wezipesinden boşatd.

Soňra milli Liderimiz başga işe geçýändigi sebäpli, K.Gurbanowyň Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadylýandygyny, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysaydyýet we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesinde işlän B.Annagurbanowyň Mary welaýatynyň häkimi wezipesine bellenýändigini habar berdi. Täze bellenilen häkim uly ynam bildirilendigi üçin çäksiz hoşallyk bildirip, belent wezipä mynasyp hötde gelmek üçin güýjüni gaýgyrmajakdygyna milli Liderimizi ynandyrdy.

Serhetabat etrabynyň häkimi wezipesine Tagtabazar etrabynyň häkiminiň orunbasary bolup işlän B.Baýramow, Baýramaly şäheriniň häkimi wezipesine K.Amanmyradow, Murgap etrabynyň häkimi wezipesine Garagum etrabynyň häkiminiň orunbasary bolup işlän T.Myratlyýew bellenildi.

Soňra milli Liderimiz “Mary welaýatynyň Mary etrabynda täze, döwrebap şäherçäni gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Soňra şu ýylyň ýanwar – mart aýlarynda obasenagat toplumynda berjaý edilen işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabat bilen çykyş etdi. Onuň hasabatynda , hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende Oba hojalyk ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgininiň 114,5 göterim, şol sanda Suw hojalygy ministrligi boýunça 103 göterim, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 105,5 göterim, “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasy boýunça 142,8 göterim, Azyk senagaty assosiasiýasy boýunça 106 göterim, “Türkmenpagt” döwlet konserni boýunça 104,6 göterim, döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 123,8 göterim bolandygy bellenildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda gowaça ekişiniň gidişi barada habar aýdyldy. Şonda bellenen meýdanlaryň 55 göterimden gowragynda ekiş geçirilendigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, ak ekinlere ideg edilişiniň barşy barada aýdylyp, bugdaýyň ýokary hasylyny almak üçin zerur bolan çäreleriň ählisiniň utgaşykly alnyp barylýandygy bellenildi. Galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri wagtynda ýerine ýetirilýär. Hususan-da, ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň köp bölegi eýýäm taýýarlyk hataryna çykaryldy.

Wise-premýer ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna oba hojalyk toplumynyň düzüm birlikleriniň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini üpjün etmek maksady bilen işlenip düzülen resminamalaryň taslamalaryny hödürledi.

Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişine degişli meseläniň üstünde durup geçmek bilen, obasenagat toplumynyň ykdysady taýdan ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakda, onuň eksport kuwwatyny berkitmekde, ýurdumyzyň dokma senagatyny gymmatly çig mal bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu möwsümiň öz wagtynda tamamlanmagyna ünsi jemledi.

Galla oragy möwsüminiň babadaýhanlary üçin örän jogapkärli döwürdigini bellemek bilen, milli Liderimiz bu jogapkärli çärä maddy-tehniki taýdan üpjünçilik bilen birlikde örän düýpli taýýarlanmalydygyny nygtady.

Soňra mejlisde “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň başlygy Ç.Çarlyýew ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerine edilýän tehniki hyzmatlaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini has-da kämilleşdirmek, assosiasiýanyň işiniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasynyň başlygy W.Weliýew öz ýolbaşçylyk edýän düzüminde düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek bilen bagly çäreler barada aýtdy.

“Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň başlygy Ý.Çaryýew, öz gezeginde ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada habar berdi.

Bu habarlary jemläp, hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň dürli pudaklarynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň oba hojalygyny häzirki zaman talaplarynyň derejesine ýetirmek maksadyna gönükdirilip durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň toplumlaýyn oba özgertmeleriniň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigini döretmek hakyndaky”, “Galla önümleri baradaky “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasyny “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi” diýip atlandyrmak hakyndaky” hem-de “Azyk senagaty assosiasiýasyny Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi diýip atlandyrmak hakyndaky” Permanlara hem-de bu birleşikleriň meseleleri hakyndaky Kararlara gol çekip, olary ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlary toplumlaýyn ösdürmek baradaky gürrüňi dowam etdirip, berkarar Watanymyzda her aýda diýen ýaly köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň – ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, awtomobil ýollarynyň we köprüleriň gurlup, ulanmaga berilýändigini belledi. Täze-täze seýilgähler we seýilbaglar döredilýär, tutuş ýurdumyz bagy-bossanlyga öwrülýär!

Her ýyl diýen ýaly oba ýerlerinde 2–3 sany täze şäherçe gurlup, ulanmaga berilýär. Şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi gözümiziň alnynda özgerýär we barha gözel görke eýe bolýar. Raýatlarymyzyň hal-ýagdaýy hem yzygiderli gowulanýar, ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Iň esasy zat bolsa, mähriban halkymyz amala aşyrýan özgertmelerimizi doly goldaýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Ýurdumyzda ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýaş nesillerimize senagat taýdan ösen, kuwwatly, dünýä bileleşigine deňhukukly agza hökmünde gatnaşýan häzirki zaman döwletini miras goýmak üçin, merdana halkymyz yhlas bilen zähmet çekýär.

Şu belent maksatlardan ugur alyp, biz ýurdumyzyň ösüş depginini birjik-de gowşatman, geljekde häzirkiden hem gowy, ýokary netijeler bilen işlemelidiris, ýerlerde alnyp barylýan işleri has-da çaltlandyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň jemleri jemlenende durmuş-ykdysady taýdan ösüşi boýunça ýurdumyzda ýokary netijeleri gazanan etraba bir million amerikan dollary möçberde serişde bölüp bermek baradaky çözgüdini beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa hem-de wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, yglan ediljek bäsleşikde ýokary netijeleri gazanan etraby kesgitlemek üçin deputatlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýörite topary döretmegi, bu bäsleşigi geçirmegiň düzgünnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz iň oňat netijeleri gazanan etraby kesgitlemek üçin birnäçe görkezijilerden ugur almagyň wajypdygyny belledi. Bu görkezijileriň sanawyna biziň kabul eden ähli maksatnamalarymyzyň durmuşa geçirilişiniň netijeleri, şeýle hem galla we pagta hasylyny ýygnamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň berjaý edilişiniň görkezijileri goşulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bu sanawa birnäçe beýleki görkezijiler, şol sanda etrapda jenaýatçylygyň we neşekeşligiň ýagdaýy we onuň azalýandygy baradaky görkezijiler hem girizilse, maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarowa bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňiji bolan etraby sylaglamagyň maliýe çeşmesini, şeýle hem zerur bolan maliýe amallaryny geçirjek banky kesgitlemek tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz bölünip berlen pul serişdelerini tapawutlanan edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryny sylaglamak, şeýle hem zerur bolan enjamlary we tehnikalary satyn almak üçin ulanmaga ýeňiji bolan etraplaryň häkimlerine ygtyýar berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda sagdyn we ruhubelent nesilleri kemala getirmegiň döwletiň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtap, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny berkitmek, olaryň talaba laýyk dynç almagyny guramak maksady bilen, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerini gurmak üçin, Oba Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen serişdelere goşmaça her welaýata 2 million amerikan dollary möçberde maliýe serişdesini bölüp bermek baradaky karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda guruljak çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň taslamalaryny gysga wagtyň içinde taýýarlamagy tabşyryp, nesip bolsa, bu merkezleri gurmak baradaky resminamalara 1-nji iýunda gol çekiljekdigini habar berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ak mermerli paýtagtymyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň ýüztutmasy boýunça 100 million amerikan dollary möçberdäki manat serişdelerini erkin ýörgünli daşary ýurt puluna öwürmäge ygtyýar berýän resminama gol çekdi. Şäherde alnyp barylýan beýleki gurluşyklar bilen birlikde, onuň merkezinde, aýratyn-da, uly bazarlaryň töwereginde göz öňünde tutulýan binalaryň we desgalaryň gurluşygyny hem çaltlandyrmak möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz 2013-nji ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň netijelerini häsiýetlendirdi hem-de ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiz şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine baha bermek bilen, umuman, şu çärýekde oňat netijeleriň gazanylandygyny belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu döwürde hakyky jemi içerki önümiň ösüş depgini 9,2 göterime barabar boldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi 4,8 göterim artdy, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi hem ýokarlandy, zähmet haklarynyň möçberi 10,6 göterim köpeldi.

Jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň paýy öňküsi ýaly artmagyny dowam edýär we onuň ösüş depgini 6,9 göterime barabar boldy. Gurluşykda, söwdada, ulag we aragatnaşyk, pudaklarynda, şeýle hem hyzmatlar ulgamynda uly ösüş gazanyldy.

Birinji çärýekde tabşyrmak göz öňünde tutulan, umumy bahasy 1 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 79 sany iri desga gurlup, ulanmaga berildi. Şol desgalaryň hatarynda Amyderýanyň üstünden geçýän 2 sany uly awtomobil köprüsini, ýyllyk kuwwaty bir million tonna bolan sement zawodyny, 150 müň inedördül mertden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 10 sany mekdebi, şol sanda sport mekdeplerini, 11 sany çagalar bagyny we durmuş maksatly beýleki desgalaryň ençemesini görkezmek bolar!

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 40 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 2 müňe golaý iri desganyň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de Türkmenistanyň, öňküsi ýaly, göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň adam başyna düşýän möçberi boýunça has amatly maýa goýum şertleri bolan ýurtlaryň hataryna girýändigini nygtady.

Biziň kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamyny özgertmek, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler dowam edýär, bazar ykdysadyýeti emele gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Kontinentleri birleşdirjek «Demirgazyk–Günorta» demir ýolunyň gurluşygy alnyp barylýar, täze nebitgaz ýataklary özleşdirilýär, gaz geçirijileri gurulýar. Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazanylanlary ulanylyp, beýleki möhüm taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet syýasatynyň hususy telekeçiligi ösdürmek ýaly wajyp ugry barada aýdyp, ýurdumyzyň Hökümetiniň ýaňy-ýakynda oba hojalyk önümlerini öndürmekde kiçi we orta telekeçiligi maliýe taýdan goldamak, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak maksady bilen, ýörite karar kabul edendigini aýratyn nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu resminama ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge uly itergi berer, bazarlarymyzy zerur bolan senagat we azyk harytlary bilen mundan beýläk-de has doly üpjün etmäge mümkinçilik döreder.

Ýaňy-ýakynda geçirilen hususy önüm öndürijileriň we telekeçileriň gazananlarynyň sergisi bu pudagy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň dogrudygyny, hususy telekeçilerimiziň mümkinçiliklerini we olaryň döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösmegine goşýan saldamly goşandyny aýdyň görkezdi. Telekeçiligi goldamak boýunça Prezident maksatnamasyna laýyklykda, Hökümetimiz hususy pudagy we telekeçiligi ösdürmek, bu pudaga giňden goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam eder diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ünsüni möhüm wezipelere çekdi. Şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokary depginini saklap galmaga, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Mejlisiniň kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işlerini netijeli dowam etmeginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna oňat taýýarlyk görmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem deputatlaryň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmalydygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wiçe-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, ýurdumyzyň diplomatik edaralarynyň ähli işgärleri Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda, dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmalydyrlar, geljekde hem dünýäde döwletimiziň bähbitlerini yzygiderli goramak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmelidirler diýip belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz maliýe-ykdysady toplumyň ähli ýolbaşçylarynyň wezipesi ykdysadyýetimizi özgertmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmekden, maliýe-bank ulgamyny ösdürmekden, bazar şertlerine geçmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli guramakdan ybaratdyr diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz maliýe ulgamynda işlejek hünärmenleri, dolandyryş we bank işiniň esaslary boýunça hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Şu maksat bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary A.Goçyýewe we S.Toýlyýewe welaýatlaryň häkimleri bilen bilelikde welaýatlarda maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdeplerini döretmek meselesiniň üstünde işlemek tabşyryldy. Bu mekdepler 1-nji sentýabrdan welaýat merkezlerinde doly işläp we okuwçylary kabul edip başlamalydyrlar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, täze zawodlary gurmak, täze açylan ýataklary abadanlaşdyrmak we ulanmaga bermek, aýratyn hem nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyrynda durmuşa geçirmek boýunça göz öňünde tutulan işleri dowam etmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Wise-premýer B.Hojamuhammedowa şeýle hem şu ýylyň ortalarynda hytaýly dostlarymyz bilen bilelikde ýurdumyzyň örän iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käninde gurlan desgalaryň birinji nobatdakysyny dabaraly açyp, senagat taýdan ulanmaga bermek boýunça geçiriljek çärelere oňat taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe, maýa goýum-gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, olaryň esasy wezipesiniň beýleki ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, şeýle hem hususy telekeçileri çekmek arkaly, gurmak göz öňünde tutulan şäherçeleri we desgalary, aýratyn hem durmuş maksatly desgalary bellenen möhletlerde we ýokary hilli gurup, ulanmaga bermekden ybaratdygyny aýtdy.

Giň möçberli gurluşyk maksatnamalarynyň çäklerinde biz täze şäherleri we şäherçeleri gurýarys, olaryň gurluşygyny mundan beýläk-de dowam etdireris diýip, milli Liderimiz belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk toplumyny özümizde öndürilýän gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da çaltlandyrmagyň möhümdigini nygtap, häzirki döwürde özümizde öndürilýän sement bilen ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklaryň doly üpjün edilýändigini aýtdy. Bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek, magdan däl materiallaryň, ýygnalýan demir-beton önümleriň, keramzitiň we beýleki gurluşyk materiallarynyň önümçiligini ýola goýmak wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz bellediy.

Ýurdumyzyň energetika pudagynyň işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri hem şu gün kabul edilen «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 20132020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdirip, gazturbinaly täze elektrik stansiýalaryny gurmaga we bar bolan elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmaga, täze elektrik geçiriji ulgamlary gurmaga gönükdirilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmelidigini nygtady.

ulgamy barada aýdylanda bolsa, tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygyny we olaryň durkuny täzelemegi dowam etmek, «Aşgabat–Türkmenbaşy» awtomobil ýolunyň gurluşygyna bellenen möhletlerde başlamak, şonuň ýaly-da, beýleki awtomobil ýollaryny gurmak we olaryň durkuny täzelemek boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa, welaýatlaryň häkimlerine we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, häzirki döwürde olaryň öňünde örän möhüm iki sany wezipäniň durýandygyny aýtdy. Bu wezipeler gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmekden we ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr.

Gowaça ekişini bildirilýän talaplara laýyklykda we ýokary hilli geçirmek, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, agrotehniki çäreleri bellenen möhletlerde we ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur işleri amala aşyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň bu pudagyň ýolbaşçylary hökmünde olar üçin uly abraýdygyny hem-de olaryň öňüňde durýan örän möhüm wezipedigini nygtady.

Biz köp möçberde galla hasylyny öndürýän we dänäni daşary ýurtlara iberýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň gazanan täze derejesini geljekde hem saklamalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Mundan başga-da, ýolbaşçylaryň öňünde durýan ýene-de bir möhüm wezipe  Döwlet maldarçylyk birleşiginiň oňat, berk binýadyny döretmekden ybaratdyr. Maldarçylygy ösdürmek, ilatymyzy et we et önümleri bilen doly üpjün etmek siziň öňüňizde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda ajaýyp baýramlaryň biri  Türkmen bedewiniň baýramyny giňden we dabaraly bellenip geçiler. Bu baýram ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýetli wakalaryň biridir. Şoňa görä-de, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere düýpli taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baýram günlerinde geçiriljek «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly V halkara maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Mälim bolşy ýaly, döwletimizde ösen üpjünçilik ulgamlarynyň döredilmegi ykdysadyýetimiziň ösmegi üçin örän zerur şertleriň biridir. Şu jähtden, döwlet Baştutanymyz demir ýollary gurmak we olaryň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleri, täze howa menzillerini gurmak, kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, teleýaýlymlary ösdürmek, pudaklara kompýuter tehnologiýalaryny, Internet ulgamyny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işleri has-da çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer A.Ýegeleýewe hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklar berildi.

Soňra milli Liderimiz bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda iň oňat dünýä tejribesine laýyklykda, ruhy gymmatlyklarymyzyň we milli däplerimiziň, halkymyzyň örän baý taryhy we medeni mirasynyň esasynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleri netijeli dowam etmegiň möhümdigini nygtady. Ähli pudaklar we ulgamlar üçin ýokary derejeli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamak boýunça geçirilýän işleri mundan beýläk-de netijeli alyp barmalydyr. Şu ýylyň 1-nji sentýabryndan on iki ýyllyk orta bilime geçmäge düýpli taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunblasary S.Toýlyýewe, welaýatlaryň häkimlerine, bilim we ylym ulgamynyň ýolbaşçylaryna ýuzlenip, köpçülikleýin sporty ösdürmegiň, bedenterbiýe we Olimpiýa hereketini guramagyň, halkara sport ýaryşlarynda ýurdumyzyň abraýyny gorajak ýaş türgenleriň sanyny artdyrmagyň olaryň esasy wezipeleridigini nygtady.

Milli Liderimiz tomus möwsüminiň hem ýetip gelýändigini aýdyp, myhmanhanalary, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini möwsüme häzirden doly taýýar etmegiň wajypdygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň reformalary we düýpli özgertmeleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri giňişleýin beýan etmek, gazanan üstünliklerimizi, ýeten belent sepgitlerimizi giňden wagyz etmek arkaly bu özgertmelere goldaw bermelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz medeni ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ähmietini nygtap, bu babatda wise-premýer B.Nurmyradowa hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy H.Muhammedowa, söwda we dokma senagaty toplumynyň ýolbaşçylaryna ýuzlenip, kärhanalary, aýratyn hem, dokma pudagynyň kärhanalaryny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ýokarda aýdylanlary jemläp, görşüňiz ýaly, bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin biz agzybirlik bilen, guramaçylykly we has-da netijeli işlemelidiris, öz öňümizde goýan beýik maksatlarymyzyň ählisine ýetmelidiris diýip belledi hem-de bu wezipeleriň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlaryny çalyşmak meselesi barada hem aýratyn durup geçip, soňky döwürde käbir daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň pasportlaryny çalyşmak bilen bagly alnyp barylýan işleri birtaraplaýyn beýan edýän habarlaryň peýda bolandygyny aýtdy.

Her bir türkmenistanly haýsy millete degişlidigine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, diline, dine garaýşyna we syýasy ygtykadyna garamazdan, Türkmenistanyň raýatynyň täze nusgadaky pasportyny hökmany tertipde we bellenen möhletlerde alar! Sebäbi, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde Türkmenistanda hiç kim raýatlygyndan ýa-da raýatlygyny üýtgetmek hukugyndan mahrum edilip bilinmez! Ýurdumyzyň her bir raýatynyň bu hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.