Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümleriniň ýöriteleşdirilen sergi ýarmarkasy öz işini dowam edýär
Ozal habar berlişi ýaly, “Ýokut-2000” uly söwda merkezinde türkmen dizaýnerçileriniň iň soňky işläp düzen görnüşlerini goşmak bilen pagtadan we ýüpekden dokalan dürli görnüşli önümleriň uly möçberi görkezildi. Olaryň içinde 500 -den gowrak ýokary hilli trikotaž, jinsi we tüýjümek matadan taýýarlanan önümler, öý hojalygynda ulanylýan, ýüpek we panbarhat matalardan önümleriň toplumlary we bu günki gün dünýäniň köp ýurtlarynda meşhur bolan “Türkmenistanda önüdirilen” diýen belgili beýleki birnäçe öngümler bar.
Mahabat çärelerinden täsirlenen duşenbeliler we paýdagtyň myhmanlary türkmen öndürijileriň önümleri bilen tanyşmak üçin ýörite bu ýere geldiler. Olar haýran galmak bilen biziň ýurdumyzyň dokma senagatynda gazanylanlaryň mysalynda özbaşdak ösüşi ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady ýokary göterilişiniň netijelerine göz ýetirdiler.
Seriginiň her günki işi örän işjeň häsiýete eýe boldy. Täjigistanyň işewürleriniň wekilleri uly gyzyklanma bilen önümleriň görnüşlerini we hilini, taýýar önümleri çykarmagyň tehnologiýalarynyň aýratynlyklaryny, dostlukly ýurtdan bolan kärdeşleri bilen göni hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrendiler.
Mälim bolşy ýaly, matalary we taýýar egin-eşikleri taýynlamak, tikinçilik we örmek işleri gadymdan bäri täjik öndürijileriň däp bolan ugurlary bolup durýar. Şonuň üçin olar dessine hünärlerine ökde ussatlar hökmünde örän takyklyk we duýgullyk bilen türkmen dokma önümleriniň ýokary hiline önümleriň arassalagyna we gözellik taýdan özüne çekijiligine mynasyp baha berdiler. Olaryň bu bahasy-da tebigy matalardan taýýarlanan owadan we döwrebap dokma önümlerini satyn almak üçin türkmen sergi ýarmarkasyny synlamaga köplük bolup gelen müňlerçe täjigistanlylaryň yzy üzülmez akymyndanam tassyklandy.
Erkek kişileriň köýnekleri, çagalar we ulular üçin ýeňil ktrikotaž önümleri, dynç alyş we sport üçin niýetlenen egin-eşikler, tüýjümek matadan taýýaralan önümler we dürli reňk görnüşleri dizaýnarçylyk tapyndylary hem-de tikilşiniň hili bilen özüne çekýän durmuşda ulanylýan beýleki önümler giň meşhurlykdan peýdalandy.Arassa nah matalardan ýagny setinden, kreton we rokfoldan bolan döwrebap bezegli ýörite gaplara gaplanan ýorgan-düşek matalarynyň toplumy talapkär sarp edijileriň aýratyn isleg bildiren önümleri hökmünde uly gyzyklanma döretdi. Sergi ýarmarkasyna gatnaşyjylaryň her biri özi üçin döwrebap jinsi egin-eşiklerini, balaklary, ýyly egin-eşikleri we beýlekileri geýip görüp saýlamaga mümkinçilik aldylar. Önümler bolsa islendik ýaşdakylar üçin niýetlenendir.
Ýüpek bilen işlemekde örän görnükli ussatlyklary eýe bolan täjik zenanlarynyň ünsüni esasan dürli reňklerdäki pambarhatyň görnüşleri we elde taýýarlanan keteni matalary, şali we milli röwüşli uly gyňaç ýalyklary, ýadygärlik önümleri çekdi. Öz satyn alan zatlaryna guwanmak bilen olar şular ýaly indiki duşuşyklarda özlerine milli ýakalar bilen bezelip tikilen taýýar türkmen zenan köýneklerini getirmeklerini arzuw etdiler.
Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümleriniň sergisiniň söwda işi işewüriçlik maksatnamalaryna hem baý boldy. Onuň çäklerinde bu ýerde täjik öndürijileriň we söwda wekilleriniň gatnaşmagynda köpsanly duşuşyklar we gepleşikler geçirildi.
Dokma önümleriniň gözden geçirilişiniň möhüm wakasyTäjigistan Respublikasynyň söwda senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen tegelek stol boldy. Oňa Türkmen wekilýetiň agzallary we täjik tarapyndan – öňde baryjy dokma kompaniýalarynyň we söwda firmalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşydylar. Ýygnanalara iki ýurduň milli ykdysadyýetiniň dokma senagatyndaky ösüşler baradaky synlap hödürlendi.
Bellenilişi ýaly, nebit önümleri, tebigy gaz we elektrik energiýa bilen birlikde türkmen dokma senagaty biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň saldamly bölegini tutýar.Iň häzirki zaman döwrebap enjamlar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Türkmenistanyň dokma senagatynyň kärhanalary ýurtda öndürilýän pagta ýüplükleriň esasy bölegini gaýtadan işlemäge ukyplydyr we dünýä bazarynda giň gerimli berk halkara ülňülerine gabat gelýän ýokary hilli we bäsleşige ukyply bolan ygtyýarnamaly önümleri çykarmaga ugur alandyr.
Täjigistanda dokma senagatynyň öndürijileri bolup esasan ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine ýardam edýän hususyýetçiler çykyş edýärler. Ýüplük, mata we taýýar önümleri öndürmek boýunça iri öndürijileriň hatarynda “Ýokut-2000”, “Güliston”, “Hima tekistil”, “Nafisa”, “Spitament Tekstaýlyz”, “Suman”, “Tekstil Siti”, “Zinat”, “Farres” ýaly kompaniýalar we firmalar orta çykýar. Pudakda düzümleýin özgertmeler tapygrlaýyn geçirilýär, öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda täze kärhanalar gurulýar. Şunda daşary ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ilkinji nobatda ýakyn goňşular bilen, gadymy ýüpek ýolunyň rowaçlanan döwürlerinden başlap taryhdan ýola goýulan dostluk we ynanyşmak, ruhy - medeni däpleri we gymmatlyklary baglanyşdyrýan Türkmenistan bilen ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Duşuşygyň barşynda dokma önümçilik pudagynda pudagara kärhanalar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak barada, “Ýokut-2000” söwda merkeziniň bazasynda Türkmenistanyň söwda öýüni hem-de türkmen dokmaçylarynyň önümlerini ýerlmek boýunça dürli ýöriteleşdirilen dükanlary açmak barada anyk teklipler aýdyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Duşenbede Türkmenistanyň dokma harytlarynyň sergi ýarmarkasynyň diňe bir netijeli işewür gepleşikleri geçirmek üçin meýdança bolman eýsem-de dostlukly türkmen halkynyň medeni gazananlary we däpleri bilen tanyşmaga, habarlary alyşmaga täsirli çäre bolandygyny nygtadylar.
Sergi-ýarmarka öz işini dowam edýär.