Şu gün Täjigisitan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň dokma senagatynyň önümleriniň ýöriteleşdirilen sergi - ýarmarkasy öz işini tamamlady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça onuň guramaçylary bolup türkmen tarapyndan biziň ýurdumyzyň Söwda senagat edarasy we Dokma senagaty ministrligi çykyş etdiler. Onuň guramaçylygyna “Ýokut-2000” täjik kompaniýasy hem gatnaşdy.
Serginiň myhmanlarynyň we oňa köp sanly gatnaşyjylaryň pikiri boýunça iki dostlukly ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň bellenýän ýylynda guralan şu görnüşdäki ilkinji gözden geçiriş türkmen - täjik işewür hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmeginiň täze tapgyrynyň nyşany hökmünde uly üstünlik bilen geçdi.
“Ýokut-2000”-niň söwda merkezinde görkezilen türkmen dokma önümleriniň nusgalary biziň ýurdumyzyň onlarça iri toplumlary we kärhanalary, şol sanda “Türkmenbaşy dokma toplumy, “Aşgabat dokma toplumy” ýapyk paýdarlar jemgyýeti, Gökdepe, Gypjak we Ruhabat jinsi toplumlary, panbarhat matalary öndürmek boýunça Ruhabat etrabyndaky fabrik, Aşgabat ýüpek fabrigi Türkmenistanyň Dokma senagyty minstrliginiň Modeller öýi we beýlekiler tarapyndan görkezildi.
Sergi - ýarmarkasynyň işiniň alty gününde oňa duşenbelileriň, paýtagtyň myhmanlarynyň we täjik işewürleriniň müňlerçesi gatnaşyp, biziň ýurdumyzyň diňe bir dokma senagatynyň täsir galdyryjy gazananlary bilen tanyşmaga oňat mümkinçilik döretmän, eýsem, tebigy ýüpekden we pagtadan taýýarlanan owadan we döwrebap önümleri, şeýle hem matalary we ýüplükleri satyn aldylar. Türkmen harytlarynyň ýokary hillidigine we bäsleşige ukyplydygyna aýdyň şaýatlyk edýän ýagdaýlary belläp geçmek zerur. Muňa ýerli işewürleriň şu sergi -ýarmarkada öwrenen ähli tejribelerini öz telekeçilik işlerinde önümçilikleriniň kuwwatany artdyrmak üçin ulanmaga isleg bildirýändikleri barada aýdanlary hem şaýatlyk edýär.
Täjik hyzmatdaşlarynyň hut şunuň ýaly artan işewürlik gyzyklanmasy we göni işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegine degişli özara hereket, köp sanly duşuşyklar we türkmen hünärmenleri bilen täjik işewürliginiň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşikler sergi - ýarmarkasynyň maksatnamasynyň baýlygyny şertlendirdi. Türkmen öndürijileri tarapyndan çykarylýan nah ýüplükler, matalar, trikotaž, tüýjümek we jinsi matalar, taýýar önümler köp görnüşliligi, ajaýyp hili we daşky görnüşiniň owadanlygynyň özüniň çekijiligi bilen tapawutlanýandygy bellenildi.
Täjik habar beriş serişdeleriniň öz teswirlemelerinde belläp geçişleri ýaly, Duşenbe şäherindäki türkmen dokma harytlarynyň bu ilkinji sergi -ýarmarkasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gudratynyň bir bölegini açan täjigistanlylar üçin möhüm waka boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygy astynda ýurduň gülläp ösmegini we türkmen halkynyň abadançylygy üpjün etmek baş maksat hasaplanýan iri ykdysady we durmuş ugruna gönükdirilen maksatnamalary we taslamalary amala aşyrýan dostlukly goňşy döwletiň okgunly ösýän ykdysadyýetiniň aýdyň keşbi açyldy.
Duşenbede türkmen dokmaçylygynyň sergi - ýarmarkasy biziň dokmaçylarymyz üçinem tejribe alyşmakda nobatdaky möhüm ädim boldy. Munuň özi esasan özleri üçin daşary bazaryň talaplaryny öwrenmäge we olara syn bermäge, ählitarpalaýn eksport we baha syýasatyny düzmäge, bäsleşige ukyply önümleriň täze görnüşlerini giňeltmäge täze mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglydyr.
“Ýokut-2000” –iň söwda merkeziniň sergi meýdançasynda başlanan işewür gepleşikler Täjigistan Respublikasynyň Söwda -senagat edarasynyň maslahatlar zalynda dowam etdi. Ol ýerde Türkmenistanyň dokma pudagynyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň we goňşy ýurduň işewür düzümleriniň gatnaşmagynda “tegelek stol” görnüşinde duşuşyk geçirildi.
Türkmen hünärmenleri iki ýurduň bar bolan mümkinçiliklerini we gyzyklanmalaryny hasaba almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar. Bellenilişi ýaly, türkmen kärhanalarynyň tehnologiýa taýdan üpjünçiliginiň ýokary derejesi, içerki bazaryň sarp edijilerini tebigy çig maldan taýýarlanan oňat hilli we dürli görnüşli harytlar bilen ýokary derejede kanagatlandyrmaga gönükdirilen maksatlar we pudagyň ägirt uly eksport kuwwatyny durmuşa geçirmek daşary ýurtly buýrujylaryň isleglerine laýyklykda islendik taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär. Şol sanda täjik hyzmatdaşlaryny hem özüne çekýär. Bu bolsa dokma dizaýnerçilik ulgamynda soňky oýlap tapmalary we gazanylanlary hasaba almak bilen olaryň isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Öz gezeginde täjik öndürijileri we söwda menejirleri öz milli dokma senagatlaryny ösdürmek maksadynda türkmen kärdeşleri bilen göni işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmäge örän uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Munuň özi ýurtlaryň ikisiniňem paýtagtlarynda her ýyl geçirilýän halkara dokma önümleriniň sergisiniň çäklerinde hem şeýledir. Ýeri gelende aýtsak, bu çäreler Türkmenistanda-da, Täjigistanda-da dokma senagaty pudagynyň işgärleriniň gününiň baýram edilýän iýun aýynyň birinji ýekşenbesine gabat gelýär.
Şeýlelikde, Duşenbede geçirilen sergi - ýarmarka uly mümkinçilige eýe hyzmatdaşlar bilen ygtybarly işewür gatnaşyklary ýola goýmakda, ikitaraplaýyn söwda -ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlykly we hoşniýetli goňşuçylykly gatnaşyklary pugtalandyrmakda täze uly ädim boldy.
Sergi - ýarmarkasynyň ýapylyş dabarasynda türkmen wekilýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň dokma senagaty önümleriniň sergi - ýarmarkasyny üstünlikli geçirmekde eden ýardamy we beren goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär.