Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarlykly wekilleriniň duşuşygy öz işine başlady.
Onuň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň noýabrynda Baku şäherinde (Azarbaýjan Respublikasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň üçünji Sammitinde öňe sürenbaşlangyjyna laýyklykda türkmen tarapynyň işläp taýýarlan Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlary duýdurmak we onuň zyýanlaryny aradan aýyrmak hakyndaky Ylalaşygyň taslamasy ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi.
Ohal habar berlişi ýaly, bu möhüm ulgamda Hazarýaka ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň netijeli guralynyn döretmegi ugur elinýän resminamanyň taslamasy oňa gatnaşyjyl ýurtlaryň hemesiniň garamagyna iberilipdi. Geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, uglewodorod, balyk we beýleki serişdelere baý hem-de amatly howa ýagdaýy bolan Hazar sebiti häzirki döwürde senagat, ulag we şypahana babatda ssazlaşykly ösýän merkeze öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde Hazaryň bir bitewi we pugta ekologiýa howpsuzlygy ulgamyny döretmek maksady bilen ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak meselesi has derwaýys häsiýete eýe bolýar.
Mälim bolşy ýaly, durnukly ösüşiň möhüm ýagdaýy bolan daşky gurşawy goramak meselesi Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ähli gyzyklanma bildirýä taraplar, halkara ýöriteleşdirilenguramalar bilen ýygjam hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde işjeň orny eýeleýän biziň ýurdumyz bar bolan ekologiýa meseleleriniň öňüni almak boýunça işjeň başlangyçlary öňe sürýär.
Milli Liderimiziň ekologiýa hospuzlygynyň berkidilmegine, ählumumy ösüş üçin oňaýly şerleriň döredilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary hut şu ugra gulluk edýär. Ekologiýa ulgamynda esasy halkara resminamalaryna goşulmak bilen Türkmenistan daşky gurşawy goramak ugrunda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardygyny mälim edýär we bu ugurda anyk çäreleri durmuşa geçirýär.
Şu jähetden Hazar meseleleri boýunça Pudagara toparynyň işiniň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu düzümiň wezipeler toplumyna Hazar sebitinde durmuşa geçirilýän ähli hojalyk işleriniň, şol sanda bu ýerde alnyp barylýan durmuş-ykdysady taslamalara bilermenleriň berýän bahalarynyň, tebigy serişdeleri, gämi gurluşygy, daşky gurşawy goramak, gidrometerologiýa we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky halkara ylalaşyklarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleri utgaşdyrmak girýär.
Türkmenistanyň Hazar meseleleri boýunça Milli meýilnamasynyň işenip taýýarlanmagy we onda daşky gurşawyň senagat desgalary tarapyndan hapalanmagynyň öňüniň alynmagyna we onuň aradan aýrylmagyna, Hazaryň biologik dürlüliginiň goralmagyna, onuň biologik serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen esasy wezipeler we anyk çäreler kesgitlendi.
Piikr alyşmalaryň barşynda duşuşyga gatnaşyjyylar netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin hukuk binýadynyň döredilmegine hyzmat etjek bu Yylalaşygyň taslamasynyň uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarlykly wekilleriniň duşuşygy üç günläp dowam eder.